«Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynda gül goýmak çäresi geçirildi
10-05-25
9-njy maýda Türkmenistanda 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygy bellenilýär. Bu sene mynasybetli Aşgabatdaky «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynda gül goýmak çäresi geçirildi. Oňa türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.
Mälim bolşy ýaly, Ýeňiş baýramy ata-babalaryna buýsanýan, olaryň sargytlaryny bitirmegi özleri üçin parz iş hasaplaýan merdana türkmen halkynyň durmuşynda möhüm orun eýeleýär.
Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Ýeňiş baýramy mynasybetli Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna iberen Gutlagynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdy ösdürmäge, ýaş nesilleri watançylygyň, mertligiň belent ruhunda terbiýelemäge, halkyň agzybirligini, jebisligini berkitmäge uruş we zähmet weteranlarynyň örän uly goşandynyň bardygyny bellemelidir.
2020-nji ýylda Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygynyň baýram edilen gününde Russiýa Federasiýasynyň goranmak ministriniň orunbasary Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygynyň dabaralaryna gatnaşmak hem-de türkmen halkynyň Milli Lideriniň atasy Berdimuhamet Annaýewiň söweşen 206-njy atyjylyk diwiziýasynyň 748-nji atyjylyk polkunyň söweşjeň nyşanyny gowşurmak üçin Aşgabada gelipdi. Bu şanly waka Beýik Watançylyk urşunyň ýyllarynda beýleki halklaryň wekilleri bilen egin-egne berip, duşman bilen gaýduwsyz göreşen hem-de umumy Ýeňşe mynasyp goşandyny goşan türkmenistanly esgerlere çuňňur hormatyň hem-de Türkmenistan bilen Russiýanyň arasynda ynanyşmagyň we dostluk gatnaşyklarynyň mizemez nyşany boldy.
Beýik Ýeňşiň 80 ýyllygynyň Türkmenistan üçin ýene-de bir şanly sene bolan hemişelik Bitaraplygyň 30 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda baýram edilýändigi aýratyn buýsandyryjydyr.
Selbi AMANOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmen Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Medisina ekalogiýasy we gigiýena kafedrasynyň müdiri.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
GARAŞSYZLYK - KALBYMYZYŇ AÝDYMY
Eziz Watanymyz Türkmenistan baky Bitaraplygyň, bagtyýarlygyň we beýik ösüşleriň mekany hökmünde şanly seneleriň, taryhy wakalaryň röwşen nuruna beslenip, täze belentliklere tarap ynamly öňe barýar. Halkymyzyň milli buýsanjy, asudalygynyň hem-de berkararlygynyň synmaz binasy bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýuny garşylamaga ýurdumyzyň ähli künjeginde uludan taýýarlyk görülýär.
GARAŞSYZLYK – KÖŇÜLLERIŇ BUÝSANJY
Häzirki ajaýyp döwrümizde bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda dowam edýär, beýik işler halkymyzy buýsandyrýar. Ylym-bilimde döredilýän giň mümkinçilikler, täze bilim ojaklary bilim işgärlerini has-da döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar.
BAGTYÝAR GELJEGE YNAMLY GADAM
Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistan dünýä kartasynda özüniň parahatçylyk söýüji daşary syýasaty, güýçli ykdysadyýeti we berk jemgyýetçilik agzybirligi bilen tanalýan kuwwatly döwlete öwrüldi. Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk dabaraly baýramyna barýan ýolumyz - bu beýik gurluşyklaryň, ylym-bilimiň ösüşiniň, jemgyýetçilik-syýasy özgerişleriň taryhydyr.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.