BAGTYÝAR NESIL – ÝURDUŇ RÖWŞEN GELJEGI

06-05-25

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda bilim ulgamyny toplumlaýyn ösdürmek boýunça uly işler durmuşa geçirilýär. Şonuň netijesinde ähli bilim edaralarynda, şol sanda mekdebe çenli çagalar edaralarynda hem ýaş nesle berilýän bilimiň mazmuny we hili yzygiderli kämilleşýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň döredip berýän şertleriniň netijesinde, bilim edaralarynda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän täze tehnologiýalardan peýdalanylmagy, ylmyň soňky gazananlarynyň hem-de okatmagyň innowasion usullarynyň bilim ulgamyna ornaşdyrylmagy bilimiň hil taýdan ýokary derejesini üpjün edýär.

Hemmämize mälim bolşy ýaly, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz syýasy, ykdysady hem-de medeni ugurlarda üstünlikler gazanyp, halkara giňişliginde uly abraýdan peýdalanýar. Elbetde, jemgyýetimiziň umumadamzat gymmatlyklary esasynda ösmegi, ýaşlaryň kämil bilim almagy üçin döwrebap şertleriň döredilmegi täze mümkinçilikleri we çemeleşmeleri ýüze çykarýar. Täze tehnologiýalardan peýdalanylmagy netijesinde, özbaşdak işleri guramakda, sapaklaryň dürli görnüşleri ulanylýar. Bu tehnologiýalaryň öwrediji oýunlary ulanmakda hem peýdasy uludyr. Çaganyň döredijilik mümkinçiliklerini ösdürmek üçin sanly bilim serişdelerine uly orun degişlidir.

Häzirki wagtda körpeler goşgularyň, aýdymlaryň, ertekileriň, matallaryň üsti bilen däp-dessurlarymyzy öwrenýärler, döwrebap bilim we milli terbiýe alýarlar. Ola­ra ça­ga­lar bag­la­ryn­da il­kin­ji dü­şünjeler berilýär, dil baýlyklary artdyrylýar. Her bir alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik işi ýurdumyzyň şu günki gazananlary, ýagny çaganyň günde-günaşa görüp-eşidip ýören zatlary bilen deňeşdirilse, özbaşdak pikirlenmek ukybynyň, ýatkeşliginiň, göz öňüne getirme başarnygynyň ösdürilmegine ugrukdyrylsa, onuň özüni şahsyýet hökmünde aňyp, jemgyýete degişlidigini duýup başlamagyna ýardam edýär.

Mekdebe çenli çagalar edaralarynda okuw-terbiýeçilik işini kämilleşdirmek we körpeleriň işjeňligini ýokarlandyrmakda sapaklar we sapakdan daşary guralýan terbiýeçilik pursatlar, ýagny gezelençler, guralýan dürli oýunlar ähmiýetli bolup durýar. Çagalar baglarynda guralýan her bir sapagy dürli usullarda gyzykly, kämil guramak, netijeliligini ýokarlandyrmak, çagalaryň öwrenmäge bolan höwesini artdyrmak işi gönüden göni terbiýeçilere bagly bolup durýar. Çagalaryň sapaga gyzyklanmasyny artdyrmagyň täsirli serişdeleriniň biri hem sapak wagtynda we sapakdan daşary geçirilýän öwrediji oýunlardyr. Bu usul çagalarda sapaga bolan oňyn gatnaşygy emele getirýär, okuw işleriniň netijeliligini ýokarlandyrýar.

Mekdebe çenli çagalar edaralarynda terbiýeçi geçirilýän her bir sapakdaky temany çaganyň aňyna doly ýetirmek maksady bilen dürli öwrediji oýunlary çaganyň ýaş aýratynlygyna, maksatnama mazmunyny özleşdirişlerine görä peýdalanmagy başarmalydyr. Ýönekeý matematiki düşünjeler öwredilende günüň dowamlylygyny, yzygider gelýän günleriň atlandyrylyşyny, düýnüň, şu günüň, ertiriň hepdäniň näçenji günüdigini, hepdäniň günleriniň yzygiderligini, aý, ýyl, pasyl bilen baglanyşykly maglumatlary dürli oýunlaryň üsti bilen berkitmek maksadalaýykdyr.

Çagalar baglarynda terbiýelenýän körpelere daş-töwerekde bolup geçýän ähli hadysalara gyzyklanma, olar barada köp zatlary bilmek islegi döredilýär. Munuň üçin, elbetde, terbiýeçiniň körpelere meýilnama boýunça öwredilýän maglumatlary gowy diňlemeklerini, onuň gürrüňine düşünmeklerini we düşünen maglumatlary barada gürrüň bermeklerini öwretmegi zerurdyr. Mälim bolşy ýaly, sapaklar esasan gürrüň we söhbetdeşlik hem-de körpeleriň özleriniň işjeň gatnaşmaklary arkaly alnyp barylýar. Şonuň bilen birlikde öwretmegiň dürli oýun görnüşleri-de bar. Sapak guralanda tema boýunça körpeleriň ýaşyna, öňki alan bilimine görä mazmunyny giňeltmek mümkindir.

Çagalar baglarynda körpeleriň diňlemek, gepleşmek, gürrüň bermek başarnyklary hem ösdürilýär. Hemme çagalarda başarnygy gyradeň döretmek mümkin bolmaýar. Şonuň üçin terbiýeçi toparlaýyn däl-de, ikiçäk gürrüňdeşlikleri, oýunlary hem guramaly bolýar. Bu işleri amala aşyrmakda goşgulardyr aýdymlaryň, oýunlardyr ertekileriň, hekaýajyklardyr sahnajyklaryň ähmiýeti örän uludyr. Mysal üçin, käbir ertekileri sahnalaşdyryp, oňa çekinjeň körpelerden hem gatnaşdyryp, olaryň özüne bolan ynamyny ýokarlandyrmak mümkindir. Goşgular, aýdymlar, ertekiler, sanawaçlar, nakyllar halk terbiýesiniň çeşmesidir, çeper di­liň aý­dyň nus­ga­sy­dyr. Ola­ry sa­pak guralanda geçilýän tema gönükdirip, körpelere öwretmek, olaryň temany höwesli, düşünjeli ýat tutmagyna ýardam berýär.

Körpe neslimizi ylymly-bilimli, ata Watanymyza, halkymyza, Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza wepaly, giň gözýetimli, ruhubelent, maksada okgunly, zähmetsöýer ýaşlar edip ýetişdirmegiň her bir bilim işgäri üçin mukaddes borç bolup durýandygyny her birimiziň bilmegimiz zerurdyr. Şeýle guramaçylykly sapaklary gurap, işjeň we döwrebap tehnologiýalar arkaly nesillerimiziň bilim-terbiýesini ösdürmäge, döredijilikli we netijeli zähmet çekmäge uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyz çäksizdir.

Öwüş ŌWEZOWA,
Daşoguz welayatynyň Boldumsaz etrabynyň 10-njy çagalar bakja bagynyň terbiýeçisi. 

16a135604b3f75.jpeg
Ynsanperwerlik, haýyr-sahawatlylyk jemgyýetiň gymmatlyklardyr

Her bir ýurduň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýar. Şoňa görä-de, Garaşsyz Watanymyzda durmuş goraglylygyny üpjün etmek, maşgalany goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, bu ugurlaryň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak meselelerine uly ähmiýet berilýär.


16a134ec8b4f4d.jpeg
GDA giňişliginde medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy

Mälim bolşy ýaly, ýakynda paýtagtymyzda möhüm halkara çäresi – Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi üstünlikli geçirildi. Türkmenistanyň Arkalaşykda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny amala aşyrmagyň çäginde guralan bu mejlis arkalaşyk we doganlyk ruhy bilen ynsanperwer gatnaşyklary ilerletmegiň, ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ugrunda täze mümkinçilikleri döretdi.


16a134f4aead86.jpeg
Halkara gatnaşyklaryň ynsanperwer ugurlary

Garaşsyz, Hemişelik bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty Türkmenistanyň Konstitusiýasy, Türkmenistanyň konstitusion kanunlary, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgeleri we kadalary, şeýle hem Türkmenistanyň gatnaşýan halkara şertnamalary we konwensiýalary esasynda amala aşyrylýar.


16a134316a8180.jpeg
Berkarar döwletimizde ynsanperwer ýörelgeleriniň dabaralanmasy

Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda adam hakda alada ýurdumyzda alnyp barylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň baş ugrudyr. Munuň özi ähli ulgamlarda, ilkinji nobatda, halkyň bähbidine gönükdirilip amala aşyrylýan beýik işlerde, döwletli tutumlarda, Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk göreldesi bilen berk eýerilýän we jemgyýetimiziň agzybirligini has-da pugtalandyrýan ynsanperwer ýörelgelerde aýdyň ýüze çykýar.


16a1357490feea.jpeg
ARASSAÇYLYK – SAGDYNLYGYŇ SAKASY

Biziň jan-saglygymyz iýýän zatlarymyza we olaryň hiline baglydyr. Eziz Diýarymyzyň ajaýyp tebigaty, baý ösümlik dünýäsi bar. Tebigatyň goralmagy, arassalygy we gözelligi barada biziň ata-babalarymyz  müňýyllyklaryň dowamynda alada edip gelipdirler. Muňa pederlerimiziň ýer-toprak  hakynda  aýdan atalar sözleri-de, tebigaty baýlaşdyrmak, gözelleşdirmek barada geçiren çäreleri-de aýdyň mysal bolup biler.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.