MAŞGALA OJAGY – EDEP-TERBIÝÄNIŇ MILLI MEKDEBI
06-05-25

Halkymyzyň gözbaşyny gadymdan alyp gaýdýan baý medeni mirasy, milli däp-dessurlary bar. Bu gymmatlyklar nesilden-nesle geçip has-da kämilleşipdir. Şolaryň biri hem maşgala gymmatlygydyr. Halkymyzda maşgala terbiýesine aýratyn uly ähmiýet berilýär. Watana, il-güne bolan belent söýgi maşgala terbiýesinden başlanýar. Maşgala döwletimiziň, jemgyýetimiziň ilkinji düzümidir. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy öz goşgy setirlerinde: “Huda berse sagadatly bir perzent, garrygan çagyňda ýaş eder seni” diýýär. Dogrudan hem, perzendiň wepalylygy maşgala ojagyndan başlanýar.
Türkmen halky öz nesliniň akylly, sagdyn, ukyp-başarnykly, zähmetsöýer bolup ýetişmegine örän ünsli çemeleşipdir. Olar çagalaryna ýaşlykdan ulyny sylamak, kiçini söýmek ýaly asylly häsiýetleri öwredipdirler. Çagajyk heniz nämäniň nämedigini bilmeýän wagtlary ejesiniň ak arzuwlara eýlenen hüwdüsiniň owazy bilen ulaldylýar. Ol perzendiniň lebzi halal, tutanýerli, myhmansöýer bolup ýetişmegi üçin aladalanýar. Çaga esasan hem, ýaşlykdan gören göreldesine eýerýär. Onuň edep-terbiýesiniň düýp binýady hem terbiýäniň ilkinji basgançagy hasaplanýan hem-de kemala gelýän maşgaladan gözbaş alýar. Şunda ata-enäniň ýagşy gylyk-häsiýetleri perzentler üçin durmuş mekdebi bolup durýar.
Edep-terbiýe adamkärçiligiň gözbaşy hasaplanýar. Çaga ýaşlykdan näme terbiýe berilse, ulalandan soňra hem şol alan terbiýesine görä hereket edýär. Ene süýdi ýaly halal, päk terbiýe alan nesiller röwşen geljegimiziň şuglasydyr. Çagalara zerur bolan zähmet endiklerini ýaşlykdan başlap ýola goýmaly hem-de yzygiderli kämilleşdirmeli. Türkmen maşgalasynda dünýä inip kemala gelýän çaga maşgalada berilýän edep-terbiýä düşünýär. Maşgalada berilýän terbiýäniň many-mazmuny giň hem köp taraplaýyndyr.
Perzendini akylly-başly, edep-tebiýeli edip ýetişdirmek her bir ene-atanyň baş maksadydyr. Oňa özüňi alyp barmagyň ilkinji düzgünleri maşgalada öwredilýär. Çaga adamlaryň özlerini alyp barşyny synlaýar. Olara meňzemäge çalyşýar. Maşgalada amala aşyrylýan ahlak terbiýesiniň öz içine alýan meseleleri köp taraplydyr. Çagany watançylyk, ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemek, edepli, düzgün-nyzamly, dogruçyl, ak ýürekli edip ýetişdirmek maşgaladan başlanýar. Türkmen maşgalasyna agzybirlik, asudalyk, birek-birege hormat goýmak, ulyny sylamak, kiçini söýmek, sabyr-kanagatlylyk ýaly iň gowy gylyk-häsiýetler mahsusdyr.
Halkymyzyň ahlak babatda durmuşymyza giňden ornan ýazylmadyk kada-kanunlary bar. Şolaryň biri hem çaga terbiýesi bilen baglydyr. Halkymyzyň asylly däbi bar. Olar: maşgalada ata-enä hormat goýmak, her başlan işiňi olaryň maslahaty we ýol görkezmesi esasynda alyp gitmek. Bu bolsa şol işiň şowly bolmagyna getirýär. Haýsy işiň başyna bar, islendik käri saýla, tapawudy ýok, maslahatly işleriň netijesi elmydama her kim üçin peýdaly we üstünlikli bolýar. Ata-babalarymyz: “Pespäl boluň, mylaýymlaşarsyňyz, sahy boluň, alkyş-abraý alarsyňyz, işe yhlasly ýapyşyň, rysgala ýetersiňiz” diýipdir. Çagalygyndan bu häsiýetleri özünde jemlän ynsan tutanýerli, maksada okgunly we adamkärçilik tarapyndan belent häsiýetli bolýar. Durmuşda ejesinden mähir, atasyndan dogum alan her bir türkmen ony öz dowamatyna geçiripdir.
Umuman, durmuş tejribesiniň aýratynlyklaryny içgin yzarlap, halkymyzyň öz yzlarynyň mynasyp dowam etdirilmegine berýän ähmiýetiniň örän çuňňur many-mazmuna eýedigine aýdyň göz ýetirýäris. Döwrüň ösen derejesi biziň her birimizden ähli tarapdan kämilleşmegi talap edýär. Halkymyzyň göwher hazynasy bolan pähim-parasaty, ruhubelentligi, sabyrlylygy, belent ahlak häsiýetleri, kanagatlylygy kalplara nur çaýýar. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň eşretli günlerinde milli gymmatlyklarymyzy, döwletlilik ýol-ýörelgelerimizi dabaralandyrýan, olary ýaş nesillere ýetirmekde ähli mümkinçilikleri döredýän, ýaşlara nusgalyk görelde bolýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Muhabbat EŞMETOWA,
Daşoguz şäheriniň 33-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.

MÖHÜM ÇÄRELERIŇ MERKEZI
Hazaryň türkmen kenary «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy — bu diňe bir dynç alyş ýeri bolman, eýsem häzirki zaman halkara syýahatçylyk merkezidir. Türkmenistanyň Prezidentiniň taýsyz tagallalary netijesinde Awazada geçirilýän halkara forumlar we maslahatlar diňe bir syýahatçylygy däl, eýsem sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden wagyz etmekde hem uly ähmiýete eýedigini bellemelidiris.

AWAZA FORUMY HALKARA HYZMATDAŞLYGA ÝOL AÇÝAR
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her bir ugurda öňegidişlikler öz beýanyny tapýar. Türkmenistan döwletimiz adamzadyň parahatçylyk we ynsanperwer ýörelgeleriniň has-da baýlaşdyrylýan, sagdyn-durmuş ýörelgeleriniň giňden ornaşdyrylýan ýurdudyr. Häzirki ajaýyp döwürde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz beýik ösüşlere beslenýär. Halkymyz abadan, bagtyýar durmuşda ýaşaýar.

Türkmenistanyň we Russiýanyň DIM-leriniň ýolbaşçylary 2025-2026-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gol çekdiler
Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow we Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda 2025-2026-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gol çekdiler. Gol çekmek dabarasy Aşgabat şäherinde geçirildi.

Medeniýet hepdeligi — 2025: üçünji gün
Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabatlanyp geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň dürli çärelere beslenen üçünji güni ýurdumyzyň baý medeni mirasynyň we parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň arasyndaky çuňňur arabaglanyşygy nobatdaky gezek aýdyň görkezdi.

Deňze çykalga — dünýä çykalga
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça III maslahatyny we ugurdaş çäreleri guramaçylykly hem-de ýokary derejede geçirmek maksady bilen hormatly Prezidentimiziň 4-nji iýulda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Karara gol çekmegi we bu iri forumyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek barada tabşyryklary bermegi bu halkara forumyň ýokary derejede geçiriljekdigine şaýatlyk edýär.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.