EKOLOGIÝA ABADANÇYLYGY HEM-DE DAŞKY GURŞAWYŇ GORAGLYLYGY UGRUNDA
15-06-26
Türkmenistan tebigaty goramak we ekologiýa abadançylygyny üpjün et-mek ugrunda giň gerimli işleri alyp barýan ýurtlaryň biridir. Häzirki wagtda daşky gurşawy goramak meselesi diňe bir ýurduň içinde däl, eýsem bütin dünýäde möhüm wezipeleriň biri bolup durýar. Türkmenistanda ekologiýa syýasaty döwlet derejesinde ýola goýlup, tebigy baýlyklaryň rejeli ulanylmagy, tebigatyň goralmagy we daşky gurşawyň arassa saklanmagy boýunça anyk maksatnamalar durmuşa geçirilýär. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hem adam bilen tebigatyň özara gatnaşygy barada ýaşlara düşündirmek esasy ugur bolup durýar. Munuň özi ekologik terbiýe bolup, ýaşlaryň gözel tebigata bolan düşünjelerini ösdürýär.
Täze taryhy döwürde Milli Liderimiziň beýik başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ähli ugurlar bilen bir hatarda ekologik abadançylygy üpjün etmek babatda hem dünýä nusgalyk işler durmuşa geçirilýär. Her ýylyň ýaz we güýz möwsümlerinde ählihalk bag ekmek çäreleriniň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi-de munuň aýdyň mysallarynyň biridir. Şeýle hem, ilatyň sagdyn ýaşaýyş şertlerini goramak we üpjün etmek, daşky gurşawy goramak hem-de onuň durnukly ýagdaýyny saklamak maksady bilen tebigy baýlyklaryň rejeli peýdalanylyşyna gözegçilik etmek möhüm wezipeleriň biri. Şunuň bilen birlikde, Watanymyzda gurulýan binalardyr desgalarda we taslamalarda daşky gurşawy goramak, ekologiýa howpsuzlygynyň üpjün edilmegi esasy talaplaryň hatarynda durýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ylym-bilim ösdürilýär, ýaşlar milli ruhda terbiýelenýär. Ýurdumyzda ýaş nesliň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri üçin ähli şertler döredilýär. Ekologiýa tebigy ylymlary we durmuş-ykdysady bilimleri birleşdirýän ylymlaryň biridir. Bu ylym arkaly ýaşlaryň ekologik medeniýeti ösdürilýär. Ony ösdürmek üçin, ilki bilen, ekologik bilimleriň we endikleriň bolmagy zerurdyr, ýagny tebigat bilen aragatnaşykda özüňi dogry alyp barmak endiklerine eýe bolmalydyr, adamyň tebigata ýetirýän täsirleriniň netijelerini öňünden görmegiň zerurlygyna düşünmelidir. Munuň üçin talyplaryň ekologik medeniýetini ösdürmek zerur şert bolup durýar.
Ekologik bilim barada başlangyç düşünjeler orta mekdepde öwredilip başlanýar. Ýaşlar tebigata aýawly çemeleşmegiň wajypdygyny öwrenýärler, şunda “geografik gurşaw”, “landşaft” ýaly düşünjeler ösdürilýär. Bulara düşünmek bilen ekologik meselelere düşünmek ýaly nazaryýetiň esaslary ýaşlaryň aňynda galýar we tebigy ulgamlaryň bitewiligini bozmazlygyň näderejede möhümdigine düşünýärler. “Altyn asyr” Türkmen kölüniň gurulmagy, Hazaryň baýlyklary ýaly ekologik ugurlar gürrüň berilýär. Şolaryň netijesinde bolsa, ýaşlarda tebigatymyza bolan söýgi artdyrylýar, olaryň ekologik medeniýeti kämilleşdirilýär. Ekologik bilimleri we medeniýeti has çuňňur ylmy esaslara eýe bolýan bu ulgamda esasy aýratynlyk - ähli döwletleriň bilelikdäki hereketini talap edýän global meseleler, tebigatyň we jemgyýetiň täsiri barada ozal öwrenilen bilimleriň umumylaşdyrylmagydyr.
Umuman aýdylanda, raýatlarymyza ekologik medeniýetini ösdürmegiň aňyrsynda olaryň tebigata juda aýawly çemeleşmeginiň möhümdigi durýar. Ata-babalarymyzdan dowam edip gelýän ýörelgelere laýyklykda, tebigatymyza aýawly çemeleşmek, daşky gurşawy goramak, ýurdumyzda amala aşyrylýan ekologiýa syýasatyny ösüp gelýän ýaş nesle dogry we dürs düşündirmek biz - mugallymlaryň öňünde duran esasy wezipeleriň biridir. Ýurdumyzyň geljeginiň ylymly-bilimli, terbiýeli, tebigata aýawly çemeleşýän, medeniýetli, kämil şahsyýetlere baglydygyny aýratyn bellemek gerek.
Olary şeýle kämil derejede ýetişdirmekde, ylym-bilimini ösdürmekde giň mümkinçilikleri döredýän türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, dünýä ähimýetli alyp barýan işleriniň elmydama rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris!
Gülbahar GARLYÝEWA,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýa we informatika institutynyň Menejment we innowasiýa tehnologiýalary kafedrasynyň mugallymy.
Ynsanperwerlik, haýyr-sahawatlylyk jemgyýetiň gymmatlyklardyr
Her bir ýurduň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýar. Şoňa görä-de, Garaşsyz Watanymyzda durmuş goraglylygyny üpjün etmek, maşgalany goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, bu ugurlaryň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak meselelerine uly ähmiýet berilýär.
GDA giňişliginde medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy
Mälim bolşy ýaly, ýakynda paýtagtymyzda möhüm halkara çäresi – Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi üstünlikli geçirildi. Türkmenistanyň Arkalaşykda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny amala aşyrmagyň çäginde guralan bu mejlis arkalaşyk we doganlyk ruhy bilen ynsanperwer gatnaşyklary ilerletmegiň, ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ugrunda täze mümkinçilikleri döretdi.
Halkara gatnaşyklaryň ynsanperwer ugurlary
Garaşsyz, Hemişelik bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty Türkmenistanyň Konstitusiýasy, Türkmenistanyň konstitusion kanunlary, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgeleri we kadalary, şeýle hem Türkmenistanyň gatnaşýan halkara şertnamalary we konwensiýalary esasynda amala aşyrylýar.
Berkarar döwletimizde ynsanperwer ýörelgeleriniň dabaralanmasy
Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda adam hakda alada ýurdumyzda alnyp barylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň baş ugrudyr. Munuň özi ähli ulgamlarda, ilkinji nobatda, halkyň bähbidine gönükdirilip amala aşyrylýan beýik işlerde, döwletli tutumlarda, Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk göreldesi bilen berk eýerilýän we jemgyýetimiziň agzybirligini has-da pugtalandyrýan ynsanperwer ýörelgelerde aýdyň ýüze çykýar.
ARASSAÇYLYK – SAGDYNLYGYŇ SAKASY
Biziň jan-saglygymyz iýýän zatlarymyza we olaryň hiline baglydyr. Eziz Diýarymyzyň ajaýyp tebigaty, baý ösümlik dünýäsi bar. Tebigatyň goralmagy, arassalygy we gözelligi barada biziň ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda alada edip gelipdirler. Muňa pederlerimiziň ýer-toprak hakynda aýdan atalar sözleri-de, tebigaty baýlaşdyrmak, gözelleşdirmek barada geçiren çäreleri-de aýdyň mysal bolup biler.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.