ÇAGA TERBIÝESINDE GIŇ MÜMKINÇILIKLER

30-09-25

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda ýaş nesilleri milli ruhda terbiýelemek biziň mukaddes ýörelgämizdir. Körpe nesillerde milli ýörelgeler esasynda daş-töwerege söýgüni kemala getirmek ir döwürden başlansa, oňat netije berýär. Esasan hem, çagalar bagynda ertekileri, gyzykly goşgulary aýdyp bermek bilen, olaryň gyzyklanmasyny artdyrmalydyr. Çaga terbiýesinde milli oýunlaryň, sanawaçlaryň, matallaryň peýdasy uludyr. Çaga özüne erteki aýdyp berilmegini, goşgy, sanawaç öwredilende, olary ýat tutup, ata-enesine aýdyp berip, olaryň diňlemegini, suratly kitaplara seredip, özleri bilen gürrüň edilmegini isleýär. Sözleýşiň kämil bolmagynyň binýady ilki maşgalada, soňra çagalar bagynda alnyp barylýan işleriň esasynda goýulýar. Çaga üçin möhüm bolan bu iki tarapyň özara hyzmatdaşlygy zerurdyr.

Çaga terbiýesinde ata-eneleriň hem, terbiýeçileriň hem uly orny bardyr. Her bir maşgala öz çagasynyň ösüşine, terbiýesine aýratyn üns bermelidir. Çagalar bagynda terbiýeçiler dürli goşgulary, sanawaçlary, tapmaçalary öwretmek bilen bir hatarda, olaryň öwrenmäge bolan höwesini ösdürýärler. Şeýlelikde, çaganyň kadaly ösmegi üpjün edilýär, olara uly ýardam berilýär. Şahyrana halk döredijiligimiziň çaga durmuşy, çaga oýunlary bilen baglanyşykly görnüşleriniň biri ertekiler we sanawaçlardyr. Gadymyýete ýüzlensek, çagalara ertekidir gyzykly gürrüňleri bermek bilen, olaryň sözleýiş ukybyny ösdüripdirler, pikirlerini beýan etmegiň kämil usullaryny ýola goýupdyrlar.

Iň täze enjamlar bilen üpjün edilen çagalar bagynda giň mümkinçilikler döredilendir. Häzirki wagtda multimedia tagtasynda dürli slaýdlaryň, owadan çekilen suratlaryň üsti bilen tapmaçalary öwretmek bolýar. Owadan surat şekilleri körpeleriň ünsüni çekýär, bilesigelijiligini artdyrýar. Şunda olara tapmaça aýdyp berýäris we jogabyny suratlaryň üsti bilen düşündirýäris. Bu usul körpeleriň gyzyklanmasyny, öwrenmäge bolan höwesini has-da artdyrýar, şeýle hem olar wagtlaryny peýdaly geçirýärler. Sözleýşi ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri halk döredijiliginiň dürli görnüşleriniň üsti bilen sahnalaşdyrmak bolýar.

Sanawaçlar çeper okaýyş, labyzly aýdyp bermek esasynda hem ýerine ýetirilýär. Sanawaçlary iki çaganyň labyzly ýerine ýetirmeginde aýtdyryp, gepleşigi işe girizmek bolýar. Şeýle sanawaçlaryň hatarynda sanlar bilen baglanyşykly aýdylýan halk döredijiliginden hem peýdalanylýar. Sanlar bilen baglanyşykly matallar, sanawaçlar, tapmaçalar, ýaňyltmaçlar sanamagy öwredýär, şeýle hem kiçi ýaşly çagalaryň sözlük goruny baýlaşdyrýar. Bularyň hemmesi çagalaryň türkmen dilinde dogry sözleýşini kämilleşdirmäge ýardam edýär.

Türkmen halkynyň asyrlarboýy kämilleşdirip gelen terbiýe mekdebi häzirki ajaýyp döwrümizde mynasyp dowam etdirilýär, ylmy esasda öwrenilýär, ösdürilýär. Şunda halk döredijilik eserleri bolan ertekileriň, sanawaçlaryň, tapmaçalaryň aýratyn ähmiýeti bardyr. Çagalar bagynda hem bu ugurlardan peýdalanmak özüniň oňyn netijesini berýär. Ýokarda agzalan sanawaçlary tehnologiýalaryň üsti bilen körpelere ýetirmek asylly ýörelgeleriň ösdürilýändigini alamatlandyrýar. Bu bolsa çaganyň öwrenýän sanawajyny çalt ýatda saklamagyna ýardam edýär. Çagalar bilen iş geçirilende, halk döredijiliginiň alkyş-dilegler, yrym-ynançlar görnüşinden hem peýdalanmak olaryň milli däp-dessurlarymyz, yrymlarymyz bilen tanyşmagyna ýardam eder. Şeýle hem çagalarda milli terbiýäniň kemala gelmegine mümkinçilik döreder.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň röwşen nuruny boldan eçilýän günlerinde milli ýörelgelerimizi öwrenmäge, ýaş nesillere döwrebap bilim hem-de terbiýe bermäge giň mümkinçilikleri döredýän türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, ömürleri uzak bolsun, beýik işleri rowaçlyklara beslensin!

Akjagül REJEPOWA,
Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň 3-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri.

169b7957ac0225.jpeg
Türkmenistan Serbiýada geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Serbiýa Respublikasynyň Belgrad şäherinde geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine Türkmenistanyň ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.


1698ac322c0d63.jpeg
BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ilçileri bilen duşuşyk geçirildi

2026-njy ýylyň 9-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Türkmenistandaky Ilçileri bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.  


MILLI ÝÖRELGELER DOWAMAT-DOWAM

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda halkymyzyň şöhratly taryhyny we baý medeni mirasyny aýawly saklamak hem-de bütin dünýäde giňden wagyz etmek wezipesi üns merkezinde durýar.


BEDEW BATLY ROWAÇ ÝYL

Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz bedew bady bilen öňe barýar. 2026-njy «Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at myradyň mekany» ýylyna uly ynam, belent ruh bilen gadam basdyk. Türkmen halkymyzyň uçar ganaty bolan behişdi bedewlerimiziň şöhratly taryhymyzdan şu günimize çenli gelip ýeten şan-şöhraty egsilmezdir.


TÜRKMEN TOPRAGY DERMANLYK ÖSÜMLIKLERE BAÝ TOPRAK

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasy, egsilmez yhlasy bilen ýurdumyzda halkymyzyň eşretli ýaşaýşyna gönükdirilen giň gerimli özgertmeler, asylly başlangyçlar, tutumly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini wagyz etmek bilen bagly wezipäniň täze çemeleşmeleri talap edýändigi mälimdir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.