DIL MEDENIÝETI - MILLI TERBIÝÄNIŇ ÖZENI
08-01-26
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli medeniýetimiz, däp-dessurlarymyz, çeper edebiýatymyz, ene dilimiz ylmy esasda öwrenilýär. Milli medeniýetimizi ýaşlara öwretmek, olaryň milli ruhda terbiýelenmegine uly üns bermek bilim ulgamynda alnyp barylýan işleriň özenini düzýär. Şunda ene dilimiziň, nusgawy edebiýatymyzyň aýratyn orny bardyr. Her bir halkyň ene dili onuň milli medeniýetiniň, dünýägaraýşynyň esasy özeni bolup durýar. Şonuň üçin hem pähimdar pederlerimiziň miras goýan gadymy dilimiziň şirinligini, baýlygyny geljek nesillere mynasyp öwretmek biziň her birimiziň mukaddes borjumyzdyr.
Türkmen halkynyň milli terbiýesi örän gadymyýetden gözbaş alýar. Häzirki döwürde milli ýörelgelerimizi, şöhratly taryhymyzy öwrenmek we geljekki nesillere ýetirmek zerur bolup durýar. Pähimdar pederlerimiz edep kadalaryny, milli terbiýäniň ýörelgelerini nesillere miras goýupdyr. Milli terbiýäniň özeninde bolsa dil medeniýeti bardyr. Şonuň üçin hem ata-babalarymyz nakyllaryň üsti bilen ýaşlaryň söz baýlyklaryny artdyrypdyrlar. Mälim bolşy ýaly, ynsanyň sözleýän sözi onuň edebini, adamkärçiligini, sowatlylygyny beýan edýär, çünki sözleýiş medeniýetli bolmagyň nusgasydyr. Şonuň üçin hem ýaş nesle edep-terbiýe bermekde, olary kämil ynsan edip ýetişdirmekde ene diliniň örän ýokary orny bardyr. Şol sebäpli hem ene diline söýgi döretmek esasy ugurlaryň biri bolup durýar.
Dil aragatnaşyk serişdesi bolmak bilen, gepleşikde, adamlaryň arasyndaky pikir alyşmalarda zerur hyzmaty ýerine ýetirýär. Sözleýiş we sözleýiş medeniýeti adamyň lingwistik düşünjesiniň alamaty bolup durýar, sebäbi aýdanyňda, sözleýiş medeniýetiniň has kämil bolmagynda diliň leksik serişdelerini we stilistik aýratynlyklaryny has kämil bilmek gerek bolýar. Bu sözleşýän adamynyň lingwistik düşünjesi bilen pugta baglanyşykly bolýar. Sözleýän adam diliň söz baýlyklaryna, many-mazmunyna oňat düşünýän bolsa, ol pikirini beýan etmegiň kämil usulyny ulanyp bilýär. Pähimdar pederlerimiz dilimiziň baýlyklaryny edebiýatlara, halk döredijiligine siňdirip, has-da baýlaşmagyna goşant goşupdyrlar. Ruhy gymmatlyklarymyz bolan dilimizi ylmy esasda öwrenmek, ýaş nesillere mynasyp geçirmek asylly ýörelgedir.
Ýaş nesillerimiziň kitaba bolan gyzyklanmasy gadymy sözlerimize düşünmeklerine oňat ýardam eder. Asyrlardan asyrlara geçip gelen ene dilimiz iň bir gadymy dilleriň biri bolup durýar. Türkmen dilimiziň gymmatlyklaryny öwrenmek we geljek nesillere öwretmek, türkmen dili sapaklarynda bu barada okuwçylara düşündirmek her bir mugallymyň esasy maksady bolup durýar. Munuň üçin sapaklarda dürli kitaplardan peýdalanmak möhümdir.
Mälim bolşy ýaly, dil öwretmegiň usulyýeti, esasan, bölekleýin amala aşyrylýan işleriň jemidir. Işiň birinji görnüşi mugallymyň okuwçylaryň dil ulgamyna, dili biliş derejesini anyklamaga degişli sowallary çözmeginiň döwründe ýerine ýetirilýär. Bu, esasan, orta mekdepde grammatika öwrenilip başlandan soňky döwür hasaplanýar. Bu döwrüň içinde okuwçy esasy gurluşlara dogry düşünip we ulanyp bilýän bolsa, esasy gurluşlar üçin zerur bolan grammatiki gönükmeler özleşdirilse, okamak we ýazmak babatda endikleri ele alan bolsa, onda başlangyç tapgyryň işi tamamlanýar. Işiň indiki görnüşi dil materiallaryna we okuw sapagynyň dürli döwürlerindäki iş usullaryna talapkär çemeleşmekdir. Bu döwürde grammatiki materiallaryň ulgamlaşdyrylmagyna has köp ýer berip, grammatiki gurluşlar, olaryň manylarynyň, ulanylyşynyň, okalmagynyň usullary täzelenýär. Bu döwürde okuwçylar işjeň bolmaly. Milli dilimizi öwretmekde alnyp barylýan işleriň indiki bölegi mugallymyň wezipeleri we öwretmegiň usulyýetinden edilýän talaplar has güýçlendirilýär. Şeýle wezipeler we talaplar sözleýiş dilini kämilleşdirmek üçin ulanylýan tekstleriň mazmunynyň hem-de grammatik ýumuşlaryň çylşyrymlylaşdyrylmagy bilen häsiýetlenýär.
Pähimdar pederlerimiziň medeniýetli sözlemek ýaly asylly ýörelgesi ene dilimize bolan söýgimizi has-da artdyrýar. Ene dilimizi ylmy esasda öwrenmek, geljek nesillere geçirmek asylly ýörelgedir. Ene dilimizi çuňňur bilýän watansöýüji ýaşlar biziň geljegimiz bolup durýar. Olar geljekki kämil hünärmenler, alymlar bolup, ýurdumyzyň ösüşlerine uly goşant goşarlar. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hem milli däp-dessurlarymyzy ýaş nesillere wagyz etmekde, ylmy esasda öwrenmekde giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, ömürleri uzak bolsun, beýik işleri rowaçlyklara beslensin!
Sona BAÝRAMOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri institutynyñ Rus dili we edebiýaty fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.
Ynsanperwerlik, haýyr-sahawatlylyk jemgyýetiň gymmatlyklardyr
Her bir ýurduň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýar. Şoňa görä-de, Garaşsyz Watanymyzda durmuş goraglylygyny üpjün etmek, maşgalany goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, bu ugurlaryň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak meselelerine uly ähmiýet berilýär.
GDA giňişliginde medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy
Mälim bolşy ýaly, ýakynda paýtagtymyzda möhüm halkara çäresi – Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi üstünlikli geçirildi. Türkmenistanyň Arkalaşykda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny amala aşyrmagyň çäginde guralan bu mejlis arkalaşyk we doganlyk ruhy bilen ynsanperwer gatnaşyklary ilerletmegiň, ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ugrunda täze mümkinçilikleri döretdi.
Halkara gatnaşyklaryň ynsanperwer ugurlary
Garaşsyz, Hemişelik bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty Türkmenistanyň Konstitusiýasy, Türkmenistanyň konstitusion kanunlary, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgeleri we kadalary, şeýle hem Türkmenistanyň gatnaşýan halkara şertnamalary we konwensiýalary esasynda amala aşyrylýar.
Berkarar döwletimizde ynsanperwer ýörelgeleriniň dabaralanmasy
Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda adam hakda alada ýurdumyzda alnyp barylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň baş ugrudyr. Munuň özi ähli ulgamlarda, ilkinji nobatda, halkyň bähbidine gönükdirilip amala aşyrylýan beýik işlerde, döwletli tutumlarda, Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk göreldesi bilen berk eýerilýän we jemgyýetimiziň agzybirligini has-da pugtalandyrýan ynsanperwer ýörelgelerde aýdyň ýüze çykýar.
ARASSAÇYLYK – SAGDYNLYGYŇ SAKASY
Biziň jan-saglygymyz iýýän zatlarymyza we olaryň hiline baglydyr. Eziz Diýarymyzyň ajaýyp tebigaty, baý ösümlik dünýäsi bar. Tebigatyň goralmagy, arassalygy we gözelligi barada biziň ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda alada edip gelipdirler. Muňa pederlerimiziň ýer-toprak hakynda aýdan atalar sözleri-de, tebigaty baýlaşdyrmak, gözelleşdirmek barada geçiren çäreleri-de aýdyň mysal bolup biler.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.