Änew medeniýeti
04-12-25
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň neşirýat ulgamynyň kämilleşmegi, döwrüň talaplaryna laýyk gelýän ençeme täze kitaplaryň neşir edilmegi, kitaphanalaryň açylmagy, bar bolan kitaphanalaryň kitap gorlarynyň hem çap edilen kitaplar we elektron kitaplar arkaly üstüniň ýetirilmegi bu ugurda alnyp barylýan işleriň giň gerime eýediginden habar berýär.
Kitap hiç wagt bahasy egsilmeýän, gymmaty gaçmaýan gymmatlykdyr. Kitaplar geçmişde ýaşan ata-babalarymyzyň taryhy paýhaslaryny, tejribelerini, häzirki döwürde gazanylan üstünlikleri we olara eltýän ýollary öz gursaklarynda saklap, okyjylara dogry ýola gönükdiriji sapak berýärler. Kitaplar geçmiş bilen geljegiň hem-de halklaryň we ýürekleriň arasyndaky baglanyşygy üzmän saklap duran bahasyz miras hasaplanylýar.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çuň many-mazmunly, şöhratly taryhymyzda mynasyp orny eýeläp, müňlerçe ýylyň dowamynda dünýäniň görnükli alymlary tarapyndan öwrenilen, netijede, gadymy siwilizasiýalaryň biri hökmünde dünýäde ykrar edilen Änew medeniýetine bagyşlanan «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitaby halkymyzyň şatlyk-buýsanjyny has-da artdyrdy.
Mertebesi belent hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitabynda türkmen halkynyň şöhratly geçmişi düýpli we giňişleýin beýan edilip, dürli taryhy maglumatlar berilýär. Şeýle hem bu ajaýyp eserde halkymyzyň taryhy, asyrlaryň dowamynda kemala gelen gadymy medeni, ruhy däp-dessurlary barada söhbet edilýär.
Geçen ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýen belent abraýa eýe bolan Türkmenistan döwletimiziň iň gadymy siwilizasiýa şäheri Änewiň mukaddes topragynda ýurdumyz özüniň gadymy taryhyna, baý milli medeniýetine ylmy we döredijilik intelligensiýanyň ünsüni çekmäge, häzirki zaman gazananlary bilen tanyşdyrmaga mümkinçilik aldy.
Kitapda bellenilişi ýaly, dünýä belli Wadim Masson, Rafael Pampelli, Wiktor Sarianidi ýaly alymlardyr arheologlar halkymyzyň şöhratly geçmişi bilen bagly birnäçe açyşlary edipdirler. Gahryman Arkadagymyz olar bilen, şeýle-de olaryň nesilleri bilen işleşmekde, ýurdumyzyň dürli künjeklerine arheologlaryň saparlaryny guramakda, umuman, gazuw-agtaryş işleri bilen bagly guramaçylyk işlerini alyp barmakda hem asylly işleri amal etdi.
Änew medeniýeti ekerançylygyň irki ojagy. Gadymy siwilizasiýanyň sallançagy. Ol ak bugdaýyň asyl mekany hökmünde belli. Dünýäde ilkinji bolup ak bugdaýy ösdürip ýetişdiren Änew topragy hormatly Prezidentimiziň täze kitaby bilen dünýä ýaň saldy.
Kitabyň jemlemesinde döwlet Baştutanymyz gadymy Änew medeniýetine, Gündogaryň beýik söz ussady we akyldary Magtymguly Pyragynyň döredijiligine bagyşlanan çäreleriň hem-de dabaralaryň geçen ýylyň ýyl ýazgysynda mynasyp orny eýeländiginiň, halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrandygynyň şaýady bolduk. Bu başlangyçlar pähim-paýhasyň ebediligini taryhyň mysalynda ýene bir gezek dabaralandyryp, ony dünýä ýaýdy.
Şeýle taryhy köki bolan mukaddes topragyň ýaşaýjysy bolmak her türkmen raýatynyň köňlünde buýsanç duýgularynyň möwç urmagyna sebäp bolýar diýsem ýalňyşmaryn. Taryhymyzy aýap saklamak,ony geljeki nesillere ýetirmek bolsa,her bir ynsanyň öňünde duran mukaddes borçdur.
Bize taryhymyzy has çuňňur öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Ogulgerek BEGALIÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Kliniki farmakologiýa okuwly Gospital terapiýa kafedrasynyň assistenti.
Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tanä we ýurduň ähli halkyna Katar Döwletiniň Milli güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Aşgabat Jarnamasy — parahatçylygyň, ynanyşmagyň we bitaraplygyň ählumumy arhitekturasy
12-nji dekabrda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilen halkara forumyň jemleri boýunça kabul edilen Aşgabat Jarnamasy XXI asyrda halkara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň ýollaryny kesgitleýän strategik resminamadyr.
BITARAPLYK — PARAHATÇYLYGYŇ HEM-DE DURNUKLY ÖSÜŞIŇ ÖZENI
Bitaraplyk ata Watanymyzyň parahatçylyk, agzybirlik, asudalyk hakyndaky soňlanmajak bagt aýdymydyr. Bitaraplyk türkmen ykbalynyň, durmuşynyň gül bolup açylmagydyr. Onuň ynsan ömrüne berýän bagty, bagtyýarlygy egsilmezdir. Aziýanyň merjen şäheri, ajaýyp paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň giň we owadan köçeleriniň biri hem “Bitarap Türkmenistan şaýoly” bolup durýar.
«HEMIŞELIK BITARAPLYK PARAHATÇYLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ ÝOLUDYR»
Bitarap Watynymyzyň erkinligi, asudalygy, berkararlygy we ata-babalarymyzyň arzuwlan eýýamy bu günki gün Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda rowana ýollarda uly üstünliklere beslenýär. Halkara parhatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyz dünýäniň birnäçe döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary alyp barýar.
«BAR ZADYŇ SAKASY SAGLYK»
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her bir güni şanly senelere, toý-baýramlara beslenýän Türkmenistan döwletimizde her bir günimiz uly üstünliklere beslenýär. Türkmenistanda däl, eýsem, bütin dünýäde uly goldawa eýe bolýandygyny äşgär etdi. «Saglyk» Döwlet maksatnamasy ýurdumyzda saglygy goraýşy kämilleşdirmek babatda özgertmeleriň aýgytly tapgyryna geçmäge badalga berdi.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.