«Magtymguly — dünýäniň akyldary» - parahatçylyga gönükdirilen gollanma

27-10-25

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de hal­ky­my­zyň ag­zy­bir­lik­de ga­dam go­ýan Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­lynyň il­kin­ji gün­le­rin­den baş­lap, Wa­ta­ny­myz­da we da­şa­ry ýurt­lar­da be­ýik söz us­sa­dy­nyň adam­za­dyň ru­hy me­de­ni­ýe­ti­niň ha­zy­na­sy­na gi­ren hem-de ýaş­lar­da ýo­ka­ry ah­lak­ly­lyk, yn­san­per­wer­lik, wa­tan­çy­lyk duý­gu­la­ry­ny ter­bi­ýe­le­me­giň mil­li mek­de­bi­niň bin­ýa­dy­ny eme­le ge­tir­ýän baý ede­bi mi­ra­sy­ny öw­ren­mek, bü­tin dün­ýä­de wa­gyz et­mek bo­ýun­ça giň ge­rim­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar.

Ki­tap her bir yn­san üçin ba­ha­sy­na ýe­tip bol­ma­jak ha­zy­na, bi­lim­le­riň aça­ry bo­lup ha­sap­la­nyl­ýar. Mä­lim bol­şy ýa­ly, ýa­kyn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň «Mag­tym­gu­ly — dün­ýä­niň akyl­da­ry» at­ly tä­ze ki­ta­by çap­dan çyk­dy. Bu yl­my ki­tap­da türk­men da­na­sy, dün­ýä­niň meş­hur şa­hy­ry Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy ba­ra­da he­niz yl­my jem­gy­ýet­çi­li­ge we halk köp­çü­li­gine mä­lim bol­ma­dyk gy­zyk­ly mag­lu­mat­la­ryň en­çe­me­si ge­ti­ril­ýär. Ki­ta­byň maz­mu­nyn­da şa­hy­ryň tu­tuş dö­re­di­ji­lik dün­ýä­si mu­kad­des Wa­ta­ny­my­za ba­gyş­la­nan­dy­gy, tu­tuş adam­zat nes­li­ni ýo­ka­ry adam­kär­çi­lik, wa­tan­sö­ýü­ji­lik, ba­tyr­gaý­lyk, päk ah­lak­ly­lyk ruhunda ter­bi­ýe­le­mä­ge gö­nük­di­ri­len­digi aýdyň görünýär. Bu hem tö­tän­le­ýin däl, se­bä­bi türk­men nus­ga­wy ede­bi­ýa­ty­nyň hem-de türk­men ede­bi di­li­niň düý­bü­ni tu­tu­jy da­na Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy tu­tuş türk­men hal­ky­nyň ru­hy şam­çy­ra­gy­dyr. Bu ýag­daý hem da­na, akyl­dar şa­hyr Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­ny öw­ren­mek­­de ba­ha­sy­na ýe­tip bol­ma­jak yl­my çeş­me bo­lup dur­ýar.

Hormatly Prezidentimiziň «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly eseri şahyryň agzybirlik, parahatçylyk ýörelgelerini aýdyňlaşdyrmaga gönükdirilen ajaýyp gollanmadyr. Geçmişiň sapaklaryna üns berilmelidigi baradaky pikir kitapda: «Hut şoňa görä-de biziň daşary syýasatdaky «Ösüş arkaly parahatçylyk», «Dialog — parahatçylygyň kepili» ýörelgelerimiz hem geçmişden sapak alyp, şu günüň rahatlygyny, geljegiň aýdyňlygyny gazanmaga gönükdirilendir. Biziň çuňňur ynsanperwerlige, dostluga, agzybirlige, ynanyşmaga esaslanýan içeri we daşary syýasatymyzyň özeninden bolsa milli akyldarymyz Magtymguly Pyragynyň öwüt-ündewleriniň eriş-argaç bolup geçýändigini turuwbaşdan bellemek gerek» diýlip giňişleýin düşündirilýär. Şonuň üçin hem täze kitabynyň bir bölüminiň ady hem «Parahatçylygyň şahyry» diýlip atlandyrylypdyr.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz täze kitabyň «Magtymgula düşünmegiň açary» atly birinji bölüminde beýik akyldara düşünmegiň ilkinji ädiminiň şahyryň eserlerini yzygiderli okamakdan, onuň öwüt-ündewlerine amal etmekden, diýenlerini ýerine ýetirmäge, berjaý etmäge çalyşmakdan ybaratdygyny aýdyp: «Magtymgula düşünmegiň ilkinji ädimi onuň okan kitaplaryny okamakdyr. Akyldar şahyryň ýaşan döwründe mekdep-medreselerde nähili sapaklar berlen bolsa, şol kitaplary okamak arkaly Magtymguly Pyraga belli bir derejede düşünmegi başararys. Sebäbi dana şahyryň şygyrlary maňzy dok dürdäne sözlerden doly» diýip ýazýar.

Beýik akyldar Magtymguly Pyraga düşünmek üçin onuň belent joşguna, çuň ylhama ýugrulan şygyrlary, umumadamzat gymmatlygyna öwrülen pikir-garaýyşlary, ideýalary bilen diňe bir türkmen alymlary däl, eýsem, daşary ýurtly alymlar hem köpden bäri gyzyklanyp gelýärler. Çünki hormatly Prezidentimiziň täze kitabynda belleýşi ýaly, akyldar şahyrymyzyň sözleri, setirleri bizi içi täsinlikden doly üýtgeşik bir dünýä syýahata äkidýär. Okadygymyzça, täze-täze düşünjeleriň, täsin pikirleriň üstüni açýarys. Dana Pyragynyň tutuş adamzady agzybirlige, parahatçylyga, dost-doganlyga çagyrýan şygyrlary ynsan kalbynyň öçmejek nury bolup, älem-jahany ýagtylandyrýar.

Goý, beýik şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligine belent sarpa goýýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!

Alma ANNABAÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Lukmançylyk gullugynyň guralyşy we usulyýeti kafedrasynyň mugallymy.

16944f07098f54.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tanä we ýurduň ähli halkyna Katar Döwletiniň Milli güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16944ef745f328.jpeg
Aşgabat Jarnamasy — parahatçylygyň, ynanyşmagyň we bitaraplygyň ählumumy arhitekturasy

12-nji dekabrda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilen halkara forumyň jemleri boýunça kabul edilen Aşgabat Jarnamasy XXI asyrda halkara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň ýollaryny kesgitleýän strategik resminamadyr.


BITARAPLYK — PARAHATÇYLYGYŇ HEM-DE DURNUKLY ÖSÜŞIŇ ÖZENI

Bitaraplyk ata Watanymyzyň parahatçylyk, agzybirlik, asudalyk hakyndaky soňlanmajak bagt aýdymydyr. Bitaraplyk türkmen ykbalynyň, durmuşynyň gül bolup açylmagydyr. Onuň ynsan ömrüne berýän bagty, bagtyýarlygy egsilmezdir. Aziýanyň merjen şäheri, ajaýyp paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň giň we owadan köçeleriniň biri hem  “Bitarap Türkmenistan şaýoly” bolup durýar.


«HEMIŞELIK BITARAPLYK PARAHATÇYLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ ÝOLUDYR»

Bitarap Watynymyzyň erkinligi, asudalygy, berkararlygy we ata-babalarymyzyň arzuwlan eýýamy bu günki gün  Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda rowana ýollarda uly üstünliklere beslenýär. Halkara parhatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyz dünýäniň birnäçe döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary alyp barýar.


«BAR ZADYŇ SAKASY SAGLYK»

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her bir güni şanly senelere, toý-baýramlara beslenýän Türkmenistan döwletimizde her bir günimiz uly üstünliklere beslenýär. Türkmenistanda däl, eýsem, bütin dünýäde uly goldawa eýe bolýandygyny äşgär etdi. «Saglyk» Döwlet maksatnamasy ýurdumyzda saglygy goraýşy kämilleşdirmek babatda özgertmeleriň aýgytly tapgyryna geçmäge badalga berdi.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.