Magtymguly — dünýäniň akyldary

28-10-25

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly täze kitabynda türkmen halkynyň durmuşynda, dünýä edebiýatynyň altyn hazynasynda Magtymguly Pyragynyň eýeleýän orny giňişleýin açylyp görkezilýär. Şeýle-de akyldaryň döredijiliginiň we durmuş ýolunyň ylmy esasda öwrenilişi, şygyrlaryndaky pähim-paýhaslaryň dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmakdaky ähmiýeti, dana şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilen halkara çäreler hakynda söhbet edilýär.

Täze eser Magtymguly Pyragynyň «Türkmeniň» atly goşgusy, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy  Gahryman Arkadagymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly çuňňur many-mazmunly şygry bilen açylýar. Gahryman Arkadagymyzyň bu ajaýyp şygry beýik akyldar şahyrymyza goýulýan belent sarpanyň aýdyň beýanydyr.

Ata Watanymyzda durmuşa geçirilýän  döwlet syýasaty, ilkinji nobatda, beýik Magtymgulynyň şygyrlaryndan we öwüt-ündewlerinden gözbaş alýar. Akyldar şahyr goşgularynda hemişe agzybirligi, parahatçylygy, ynsanperwerligi ündäpdir. Onuň pelsepewi garaýyşlary häzirki döwürde halkymyzyň durmuş ýörelgesine öwrülip, Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlary we hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde hakykata öwrüldi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz bu dürdäne kitabynda: «Magtymguly Pyragy türkmen nusgawy edebiýatynyň düýbüni tutujy we Gündogaryň meşhur akyldarydyr. Onuň eserleri köp dillere terjime edilip, dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna girdi» diýip belläp geçişi ýaly, Magtymguly Pyragynyň şygryýet mirasy diňe bir türkmen halkynyň milli buýsanjy bolmak bilen çäklenmän, eýsem, dünýäniň ähli halklarynyň ruhy-ahlak gymmatlygyny emele getirýär.

Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň tä­ze ki­ta­by­nyň ma­ny-maz­mu­ny­nyň Gün­do­ga­ryň be­ýik akyl­dar şa­hy­ry Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dö­re­den eser­le­ri­niň adam­zat gym­mat­lyk­la­ry­na ýe­ti­ren tä­si­ri, şöh­rat­ly ta­ry­hy­my­zyň be­ýa­ny, me­de­ni­ýe­ti­mi­ziň dün­ýä si­wi­li­za­si­ýa­sy­na go­şan go­şan­dy ba­ra­da­ky mag­lu­mat­la­ry özün­de jem­le­me­gi türk­men hal­ky­nyň baý me­de­ni mi­ra­sy­nyň öz­bo­luş­ly wasp­na­ma­sy­dyr. Hut şol se­bäp­den hem, şa­hy­ryň dö­re­di­ji­lik mi­ra­sy çäk­siz gym­ma­ta eýe bo­lup, hä­zir­ki gü­ne çen­li düýp­li öw­re­nil­ýär. Şa­hy­ryň her bir sö­zi oky­jy­la­ryň kal­byn­da be­lent duý­gu­la­ry oýa­ryp, ola­ry ýag­şy iş­le­re, ýag­ty gel­je­ge sa­ry alyp bar­ýar.

Ta­lyp ýaş­la­ra Mag­tym­gu­ly ata­my­zyň dö­re­di­ji­lik ýo­lu­ny iç­gin öw­ren­mek üçin äh­li müm­kin­çi­lik­ler dö­re­dil­ýär. Şa­hy­ryň hal­ka­ra äh­mi­ýet­li gym­mat­ly dö­re­di­ji­li­gi dün­ýä de­re­je­sin­de meş­hur­lyk ga­za­nyp, çäk­siz gym­ma­ta eýe bo­lan çe­per ýa­dy­gär­lik­dir. Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň şyg­ry­ýet äle­mi hä­zir­ki gü­ne çen­li tu­tuş Ýer ýü­zün­de uly meş­hur­ly­ga eýe­dir. Dün­ýä­niň dür­li kün­je­gin­de be­ýik şa­hy­ryň goş­gu­la­ry söý­lüp okal­ýar. Eziz Di­ýa­ry­myz­da köp­san­ly bi­na­lar: teatr­lar, mek­dep­ler, ýo­ka­ry okuw jaý­lary, mu­zeý­ler, ki­tap­ha­na­lar, şeýle-de, kö­çe­ler, döw­let de­re­je­sin­dä­ki baý­rak­lar Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň ady­ny gö­ter­ýär. Wa­ta­ny­my­zyň çäk­le­rin­de, ga­ly­ber­se-de, dün­ýä­niň en­çe­me ýurt­la­ryn­da şa­hy­ryň hor­ma­ty­na ýa­dy­gär­lik­ler di­kel­dil­di.

Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­lyn­da Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dö­re­di­ji­li­gi äh­li ta­rap­la­ýyn dün­ýä de­re­je­sin­de öw­re­nil­ýär. Da­na akyl­da­ryň şyg­ry­ýet äle­mi tu­tuş hal­ky­my­zyň şöh­rat­ly ta­ry­hy­ny, me­de­ni­ýe­ti­ni, ede­bi­ýa­ty­ny, däp-des­sur­la­ry­ny, urp-adat­la­ry­ny, sun­ga­ty­ny şöh­le­len­dir­ýär we ola­ry dün­ýä ta­nat­mak­da mö­hüm mag­lu­mat çeş­me­si bo­lup dur­ýar. Ýaş­la­ry mu­kad­des­lik­le­re hor­mat goý­mak hem-de wa­tan­sö­ýü­ji­lik ru­hun­da ter­bi­ýe­le­mä­ge äh­li müm­kin­çi­lik­le­ri dö­re­dip ber­ýän Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň, Ar­ka­dagly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň jan­la­ry sag, ömür­le­ri uzak, il-ýurt bäh­bit­li iş­le­ri he­mi­şe ro­waç bol­sun!

Güljemal TAGANOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyñ Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniñ Medisina biologiýasy we genetika kafedrasynyñ mugallymy.

169b7957ac0225.jpeg
Türkmenistan Serbiýada geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Serbiýa Respublikasynyň Belgrad şäherinde geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine Türkmenistanyň ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.


1698ac322c0d63.jpeg
BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ilçileri bilen duşuşyk geçirildi

2026-njy ýylyň 9-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Türkmenistandaky Ilçileri bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.  


MILLI ÝÖRELGELER DOWAMAT-DOWAM

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda halkymyzyň şöhratly taryhyny we baý medeni mirasyny aýawly saklamak hem-de bütin dünýäde giňden wagyz etmek wezipesi üns merkezinde durýar.


BEDEW BATLY ROWAÇ ÝYL

Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz bedew bady bilen öňe barýar. 2026-njy «Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at myradyň mekany» ýylyna uly ynam, belent ruh bilen gadam basdyk. Türkmen halkymyzyň uçar ganaty bolan behişdi bedewlerimiziň şöhratly taryhymyzdan şu günimize çenli gelip ýeten şan-şöhraty egsilmezdir.


TÜRKMEN TOPRAGY DERMANLYK ÖSÜMLIKLERE BAÝ TOPRAK

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasy, egsilmez yhlasy bilen ýurdumyzda halkymyzyň eşretli ýaşaýşyna gönükdirilen giň gerimli özgertmeler, asylly başlangyçlar, tutumly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini wagyz etmek bilen bagly wezipäniň täze çemeleşmeleri talap edýändigi mälimdir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.