RUHY DÜNÝÄMIZI BAÝLAŞDYRÝAN ÇEŞME
28-10-25
Şöhratly taryhyň çuňňur pelsepewi garaýyşlar bilen beýan edilmegi halky ruhlandyrýar. Munuň özi ýaş nesilleri terbiýelemekde hem görelde mekdebi bolup durýar. Şu nukdaýnazardan, Gahryman Arkadagymyzyň “Hakyda göwheri” atly ajaýyp eseri bilim işgärleri üçin gymmatly gollanma bolup hyzmat edýär. Beýan edilýän çuňňur pikir, pelsepewi garaýyşlar kitabyň terbiýeçilik ähmiýetini ýokary derejelere ýetirýär. Kitabyň çuňňur many-mazmunynda halkymyzyň ruhy dünýäsi, gadymdan gelýän milli medeniýeti öz beýanyny tapýar. Şonuň üçin hem Milli Liderimiziň täze kitaby ruhy dünýämizi baýlaşdyrýan çeşme bolup durýar.
Gahryman Arkadagymyzyň “Hakyda göwheri” atly kitabynda ýerleşdirilen halkymyzyň döreden milli gymmatlyklary, baý taryhy barada durmuşa geçirilen ylmy, filosofik, çeper mazmunly işleri baradaky beýanatlar geljekki nesiller üçin gymmatly edebi hazynadyr. Milli Liderimiziň ajaýyp kitabynda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň adamzat medeniýetine goşan uly goşandy barada ençeme gymmatly maglumatlar beýan edilýär. Geçmiş taryhymyzda öçmejek yz goýan Margiana, Beýik Seljukly Türkmen döwleti, Parfiýa, Gadymy Änew medeniýetlerine degişli maglumatlar düýpli seljerilip ýazylan kitabyň jemgyýetçilik üçin gymmaty juda uludyr. Galyberse-de, bu ajaýyp kitap “Oguznama” eseriniň halkymyzyň taryhyny öwrenmekdäki orny, türkmen edebiýatynyň taryhynda öçmejek yz galdyran şahsyýetleriň, şahyrlaryň işleri barada hem häzire çenli mälim bolmadyk maglumatlary özünde jemleýär.
Kitabyň türkmen we iňlis dillerinde çapdan çykmagy dünýä halklarynyň türkmeniň baý taryhy bilen içgin tanyşmagyna-da mümkinçilik berýär. Kitapda heýkeltaraşlygyň hem öz gözbaşyny has irki döwürlerden alyp gaýdandygy beýan edilýär. Ösen tehnologiýalaryň ýok mahalynda Gutlug Temiriň minarasy ýaly ajaýyp binalaryň gurulmagy ata-babalarymyzyň şol döwürlerde hem binagärlik babatda ýokary ussatlygy kemala getirendiklerini görkezýär. Gahryman Arkadagymyz bu ajaýyp eseriniň üsti bilen türkmen halkynyň buýsançly taryhyny açyp görkezýär. Şeýle-de taryhy, medeni mirasymyzyň maddy we maddy däl gymmatlyklary, binagärlik nusgalary barada beýan edilen kämil garaýyşlar ylym üçin hem, tejribe üçin hem örän ähmiýetli gollanma bolup durýar.
Döwrüň ösüş akymlaryny seljerip, türkmen halkynyň milli häsiýetine, ruhuna, heňňam ýollarynda maksatlaryna we tagallalaryna düşünip bolýar. Olar dünýä ösüşine uly goşant goşupdyrlar. Ýöne biziň halkymyzyň milli häsiýetini içgin öwrenen bilermenler üçin bir hakykat aýan bolupdyr. Çünki tutuş halkyň jemgyýetçilik aňy örän işjeň häsiýetlidir we birnäçe asyr özbaşdak döwlet bolmagy arzuwlap ýaşan türkmen halky raýat jemgyýetiniň alamatlaryny berk saklap, milli jemgyýet hökmünde öz durmuşyny dolandyrmagy başarypdyr. Türkmen halkynyň milli häsiýetleri, durmuş ýörelgeleri hakynda Gahryman Arkadagymyz ajaýyp eserinde giňişleýin we düýpli pikirleri beýan edip, halkyň milli häsiýetlerindäki ruhy, aňyýet gymmatlyklarynyň umumadamzat gymmatlyklary bilen baglanyşygyna üns berýär.
Kitabyň sahypalarynda Gahryman Arkadagymyzyň edebi milli miras hakyndaky beýan edýän garaýyşlary pähim-paýhasyň bahasyna ýetip bolmajak gymmatly çeşmesidir. Gahryman Arkadagymyzyň kitabynda adam, jemgyýet, döwlet sazlaşygynyň asyrlarboýy gelýän ýörelgeleri hakynda kämil we aýdyň pelsepeler beýan edilipdir. Munuň özi jemgyýetiň taryhy ösüş ýolunyň, ýörelgeleriniň iňňän köp taraplydygyny şöhlelendirýär. Bu ylmy, taryhy garaýyşlar özboluşly ulgamy emele getirýär we dünýägaraýşyň çuň ynsanperwerligine, milli mazmunyna ýugrulandygyny ýüze çykarýar. Bu hakykaty biz Gahryman Arkadagymyzyň egsilmeýän paýhas çeşmesi bolan gymmatly kitaplarynda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan döwlet syýasatynda aýdyň görýäris. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli başlangyçlary üstünliklere beslensin!
Aýsenem AMANMÄMMEDOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Fakultet terapiýa kafedrasynyñ assistenti.
Türkmenistan Serbiýada geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Serbiýa Respublikasynyň Belgrad şäherinde geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine Türkmenistanyň ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.
BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ilçileri bilen duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 9-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Türkmenistandaky Ilçileri bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
MILLI ÝÖRELGELER DOWAMAT-DOWAM
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda halkymyzyň şöhratly taryhyny we baý medeni mirasyny aýawly saklamak hem-de bütin dünýäde giňden wagyz etmek wezipesi üns merkezinde durýar.
BEDEW BATLY ROWAÇ ÝYL
Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz bedew bady bilen öňe barýar. 2026-njy «Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at myradyň mekany» ýylyna uly ynam, belent ruh bilen gadam basdyk. Türkmen halkymyzyň uçar ganaty bolan behişdi bedewlerimiziň şöhratly taryhymyzdan şu günimize çenli gelip ýeten şan-şöhraty egsilmezdir.
TÜRKMEN TOPRAGY DERMANLYK ÖSÜMLIKLERE BAÝ TOPRAK
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasy, egsilmez yhlasy bilen ýurdumyzda halkymyzyň eşretli ýaşaýşyna gönükdirilen giň gerimli özgertmeler, asylly başlangyçlar, tutumly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini wagyz etmek bilen bagly wezipäniň täze çemeleşmeleri talap edýändigi mälimdir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.