Halkymyzyň saglygy – döwletimiziň baş baýlygy
12-10-25

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň paýhasly baştutanlygynda başy başlanan Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan ynamly dowam etdirilýän ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy dünýä derejesinde döwrebap ösdürilýär. Berkarar döwletimizde yzygider gurlup ulanylmaga berilýän saglygy goraýyş merkezleri dünýäniň iň kämil innowasion enjamlary bilen üpjün edilip, olarda yhlasly zähmet çekýän lukmanlaryň ýokary hünär derejelerine eýe bolmagy milli saglygy goraýyş ulgamynyň uly üstünliklere ýetendiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Paýtagtymyzdaky Halkara Kardiologiýa merkeziniň agzybir işgärleri dünýäde iň ösen derejeli saglyk merkezleriniň birinde zähmet çekip, hormatly Prezidentimiziň «Saglyk» Döwlet maksatnamasynda ýürek-damar keselleriniň bejergisiniň hilini we netijeliligini ýokarlandyrmak babatynda öňde goýan wezipelerini üstünlikli ýerine ýetirmäge öz goşandyny goşýýarlar. Bu merkezde hormatly Prezidentimiziň yzygiderli aladalaryna laýyklykda ýürek-damar keselleriniň bejergisiniň we öňüni almagyň hiliniň netijeliligini ýokarlandyrmakda uly üstünlikler gazanylýar.
Ýürek-damar ulgamynyň keselleri birdenkä ýüze çykmaýar. Olar biziň bedenimizde uzak wagtlap dowam eden ýagdaýlaryň netijesidir. Ýaglaryň, aýratyn-da holesterin bilen trigliseridiň ýygnanmagy arteriýa damarlarynyň diwarlaryny galňadyp, artesklerozyň ýüze çykmagyna sebäp bolýar. Stenokardiýa, kardiuoskleroz, miokarditler, miokardioskleroz, ýürek demgysmasy we beýleki ýürek-damar keselleri hem şol sebäpli ýüze çykyp bilýär.
Ýürek-damar keselleri birnäçe ýyllaryň dowamynda emele gelip, atesklerozyň damar ulgamyna zyýan ýetirip, ýüregiň gan bilen üpjün edilişini haýalladýar, ony ýokumly iýmitlenmeden we kisloroddan mahrum edýär. Adamyň ýüregi agyryp başlanda, bu eýýäm düýpli ýürek keseliniň bardygynyň alamatydyr. Şonuň üçin-de, adam «ýürek tutgaýynyň» tutaryna garaşman, wagtynda ýüreginiň aladasyny edip başlamalydyr.
Maddalaryň çalyşmasynyň bozulmalary, aýratyn-da holesteriniň derejesiniň sagdyn deňagramlylygyň ýitirilmegi — ýüregiň we damarlaryň kesellemeginiň esasy sebäbi. Holesterin maddasy ýagly zatlaryň bagyr tarapyndan gaýtadan işlenilmeginiň netijesinde emele gelýär. Bu keselde damarlaryň diwarjyklary gatap, çeýeligini ýitirýär, olar daralyp, gan akymlarynyň peselmegine eltýär. Eger bu maddalaryň çökündileri tromblary döretse, onda bu damarlardan gan aýlanyşygy kesilýär. Tromblar damarlardaky gan akyma böwet bolup, insulta we infarkta eltýär.
Şular ýaly ýagdaýlaryň öňüni almak üçin iýmitlenmä aýratyn üns bermelidir. Ýüregiň sagdyn bolmagy üçin ýagsyz eti we doýgun bolmadyk ýaglary iýmelidir. Olarda holesterin az bolýar. Ýygy-ýygydan etiň deregine balyk iýiň. Towuk etinde hem holesterin azdyr. Köp iýmejek bolmaly. Azyk rasionynyň köp bölegini gök önümler, ir-iýmişler tutmalydyr. Mümkin bolan ýagdaýynda, olary çigligine iýmäge çalşyň.
Pyrtykal, greýpfrut, limon, noýba, mekgejöwen, oblepiha, garaly, sogan, sarymsak, gül kelem, pomidor, ukrop, deňiz kelemi, kädi, hoz, gawun, greçka, böwürslen, süle, petruşka, zirk, narpyz dagylar damarlary arassalap, atesklerozyň öňüni alýar.
Ýürek üçin düzüminde magniý we kaliý bolan azyklar we ösümlik otlary hem örän wajypdyr. Magniý pomidorlaryň, seldereýiň, hozuň, süläniň, erigiň, üzümiň, şugundyryň, badamjanyň düzüminde bardyr. Kaliý erik kişdesiniň, kişmişiň, guradylan garalynyň, hurmanyň, injiriň, petruşkanyň, kelemiň, gara smorodinanyň, ananasyň, bananlaryň we şetdalynyň düzüminde bardyr.
Galyberse-de, sagdyn iýmit bedeniň hemme ulgamlarynyň, şol sanda ýürek-damar ulgamynyň hem gerekli witaminleri kabul etmegine ýardam berýär.
Diýarymyzy sagdynlygyň, ruhubelentligiň we bagtyýarlygyň mekanyna öwürýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaç bolsun!
Pugtagül HAJYLYÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Farmakologiýa kafedrasynyň öwreniji mugallymy.
“Dialog – parahatçylygyň kepili”
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz tarapyndan teklip edilen: “Dialog – parahatçylygyň kepili” atly filosofiýasy, Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň netijeli hemde köpugurly häsiýete eýe bolýandygyny subut edýär.
SABYRLYLYK, SAGLYK — ÖMRÜMIZIŇ BEZEGI
Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy öz halkynyň görer gözi, sözlär dili, ruhy çyragy, beýik maslahatçysy, synmaz söýgisi bolup gelýär. Dana Pyragynyň çeper tematikasy baý we köptaraplydyr. Olardan islendik mesele dogrusynda degerli pikir-parasat alyp bolýar. Akyldar Magtymguly Pyragy il-gününiň saglygy hakyndaky meseläni hem öz şygyr setirlerine siňdiripdir.
ÝAŞLARA GÖRELDE, ÝÖRELGE ESER
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başyny tutan ýaşlar baradaky döwlet syýasaty bu gün hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Türkmen jemgyýetinde hakyky watançy şahsyýetleriň neslini kemala getirmek ugrunda dünýä nusgalyk işler alnyp barylýar.
«ÄNEW-MÜŇÝYLLYKLARDAN GÖZBAŞ ALÝAN MEDENIÝET»
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe watanymyzyň her bir güni türkmen halkynyň Milli Lider Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda uly ösüşlere, taryhy özgerişlere beýik ýeňişlere beslenýär.
«Dostluk bagy boý alsyn, dünýä dolsun bossana!»
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz ösüşleriň belent sepgidini nazarlap ynamly gadamlar bilen öňe barýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz depginli we yzygiderli daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirýär hem-de halkara gatnaşyklar ulgamynda mynasyp orun eýeleýär.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.