Bitaraplyk — Türkmenistanyň BMG bilen strategik hyzmatdaşlygynyň binýady

04-12-25

2025-nji ýylda möhüm ähmiýetli iki şanly sene — Türkmenistanyň Bitaraplygynyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilmeginiň 30 ýyllygy hem-de bu guramanyň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllygy baýram edilýär. Geçen döwrüň dowamynda BMG ýurtlaryň arasyndaky dialog üçin ýeke-täk möhüm meýdança bolmagynda galýar.

Türkmen Bitaraplygy hem 30 ýylyň içinde sebitde parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmagyň wajyp şertine öwrüldi. Halkymyzyň belent ynsanperwer ýörelgelerine esaslanýan hemişelik Bitaraplygymyzyň taryhy parahatçylyk, howpsuzlyk, durnukly ösüş ýaly umumadamzat gymmatlyklaryny ilerletmek babatda Milletler Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli berkitmegiň şanly wakalaryna beslenen şöhratly ýoly alamatlandyrýar.

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyz soňky ýyllarda birnäçe halkara başlangyçlar bilen çykyş edip, parahatçylygy we durnukly ösüşi goldamagyň möhüm guraly hökmünde Bitaraplyk ýörelgelerini yzygiderli ilerledýär.

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň halkara derejede ykrar edilmeginiň ýolunda toplan tejribesi Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk boýunça maslahatyň 1992-nji ýylda geçirilen mejlisinde Bitaraplygy ýurduň daşary syýasatynyň üýtgewsiz ugry hökmünde yglan eden wagtyndan gözbaş alýar. Munuň özi diňe bir milli gymmatlyk däl, eýsem, dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy goldamagyň şerti hökmünde täze Bitaraplyk filosofiýasynyň döreýändiginiň beýany boldy. Ýurduň Bitaraplyk derejesiniň 1995-nji ýylda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň mejlisinde, Goşulyşmazlyk Hereketiniň sammitinde ýokary derejede ykrar edilmegi taryhy waka alyp barýan ýolda nobatdaky ädime öwrüldi. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy BMG-niň taryhynda ilkinji gezek 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Baş Assambleýanyň degişli Kararnama esasynda biragyzdan kabul eden çözgüdi, soňra bolsa 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda ikinji Kararnama bilen berkidildi.

2015-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 20 ýyllygy mynasybetli Aşgabatda “Bitaraplyk syýasaty: parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň ugrunda halkara hyzmatdaşlyk” atly ýokary derejeli halkara maslahat geçirilip, onuň netijeleri boýunça Aşgabat jemleýji resminamasy kabul edildi. Onda Birleşen Milletler Guramasynyň agza döwletleri tarapyndan yglan edilen hem-de durmuşa geçirilýän Bitaraplyk syýasatynyň dünýä ýurtlarynyň arasyndaky parahatçylykly, dostlukly hem-de özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmekde wajyp ähmiýete eýedigi, şeýle-de sebit we ählumumy derejede halkara parahatçylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmaga ýardam edýändigi bellenilýär. Foruma gatnaşyjylar 12-nji dekabry “Halkara Bitaraplyk güni” diýip yglan etmek hakyndaky teklibe seretmek başlangyjy bilen çykyş etdiler. Bu başlangyç BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda kabul eden Kararnamasynda öz beýanyny tapdy. Şeýle hem degişli resminama BMG-niň Tertipnamasynyň ikinji maddasynda beýan edilýän düzgün bilen berkidildi. Onda: “Birleşen Milletler Guramasynyň agzalary halkara parahatçylyga, howpsuzlyga we adalata howp salmazlyk maksady bilen, öz halkara jedellerini parahatçylykly ýollar arkaly çözýärler” diýlip nygtalýar.

Ýurdumyzyň başlangyjy bilen 2025-nji ýylyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegine dünýä derejesindäki möhüm waka hem-de halkara gatnaşyklary hil taýdan täze tapgyra çykarmak üçin hakyky mümkinçilik hökmünde garalýar. Türkmenistanyň bu başlangyjy ähli döwletleri dünýä ulgamynyň esasy ýörelgesi hökmünde parahatçylyk we ynanyşmak baradaky baş taglymaty durmuşa geçirmegiň syýasy, ideologik, amaly taraplaryny öz içine alýan bilelikdäki işe başlamaga çagyryşdyr. Türkmenistan Baş Assambleýanyň degişli Kararnamasynyň kabul edilmeginde başlangyçly orny eýelän döwlet hökmünde onuň iş ýüzünde durmuşa geçirilmeginde möhüm orun eýelemäge çalyşýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň Permany bilen 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk döwlet topary hem döredildi.

Türkmenistan Bitarap döwlet hökmünde goňşy Owganystanda parahatçylygy, raýat ylalaşygyny gazanmak, onuň ykdysady üpjünçilik ulgamlaryny dikeltmek, durmuş meselelerini çözmek boýunça tagallalary goldaýar. Goňşy ýurduň häkimiýeti bilen dialog Birleşen Milletler Guramasynyň bu babatdaky garaýyşlary, halkara derejede ykrar edilen çemeleşmeler esasynda alnyp barylýar. Şunuň bilen bir hatarda, ýurdumyz owgan tarapynyň gatnaşmagynda iri ykdysady we gurluşyk taslamalaryny durmuşa geçirmek bilen, sebitde parahatçylygyň, howpsuzlygyň berkidilmegine ýardam berýär. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň, Owganystanyň çäginden Pakistana uzaýan elektrik geçiriji ulgamyň çekilmegi, ýurdumyzdan owgan ugry boýunça uzaýan demir ýoluň gurluşygy şolaryň hataryndadyr. Mundan başga-da, Türkmenistan köp ýyllardan bäri goňşy döwletiň ilatyna ynsanperwerlik kömegini berýär, öz serişdeleriniň hasabyna durmuş maksatly desgalary gurýar.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyz BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary bilen özara gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmek üçin işjeň hyzmatdaşlygy amala aşyrmaga çalyşýar. Bu ugra medeniýetara aragatnaşygyň, özara düşünişmegiň köprülerini gurmagyň, hormat goýmagyň, halklaryň arasyndaky hoşniýetli gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegi hökmünde garamak bilen, ýurdumyz şunda parlament hem-de halk diplomatiýasyna, medeni alyşmalara, zenanlaryň, ýaşlaryň, sport guramalarynyň gatnaşyklaryna möhüm ähmiýet berýär. 

Goý, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň halkara abraýyny barha belende galdyrýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!

Gunça AKYÝEWA
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Epidemiologiýa kafedrasynyň mugallymy.

16a85431de0068.jpeg
Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasynda elektron maglumat alyşmak ulgamy ýola goýuldy

2026-njy ýylyň awgust aýyndan başlap, Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasynda serhet arkaly geçirilýän harytlar hem-de ulag serişdeleri barada elektron görnüşde deslapky maglumatlary alyşmak ulgamy doly güýjünde işläp başlady. Sanly ulgam arkaly maglumat alyşmaklyk Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Gazagystanyň Maliýe ministrliginiň döwlet girdejiler Komitetiniň arasynda gazanylan ylalaşyga we onuň Tehniki şertlerine laýyklykda amala aşyrylýar.


16a853c5d3bad1.jpeg
“Türkmenistan” awiakompaniýasy oktýabrda Stambul, Kazan ugurlary boýunça gatnawlaryň sanyny artdyrar

“Türkmenistan” awiakompaniýasy 25-nji oktýabrdan başlap Aşgabatdan Stambul, Kazan, Ho Şi Min, Milan we Seul şäherlerine gatnawlarynyň sanyny artdyrmak bilen, birnäçe uçuşyň wagtyna hem üýtgeşmeler girizer. Bu barada awiakompaniýanyň web sahypasynda ýerleşdirilen uçuş tertibinde görkezilýär.


16a853467d81f3.png
“CAREC 2026”-iň çäginde “Akylly ulag we logistika” ugurdaş forum geçiriler

“CAREC 2026” işewürlik forumyna gatnaşmak isleýän hususy kompaniýalar üçin hasaba alyş möhleti 31-nji awgusta çenli uzaldyldy. Bu barada forumyň guramaçysy AÖB habar berýär.


16a85334b753b5.png
“Arkadag” futbol toparynyň AFK-2 Çempionlar ligasyndaky garşydaşlary belli boldy

Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde sişenbe güni geçirilen AFK-nyň ikinji Çempionlar ligasynyň 2026/2027 möwsüminiň toparlaýyn tapgyrynyň bije çekilişiniň netijesinde Türkmenistanyň häzirki çempiony “Arkadag” futbol toparynyň garşydaşlary belli boldy. Bu barada Aziýanyň Futbol Konfederasiýasy (AFK) habar berýär.


16a8531f1c1a51.jpeg
Türkmenistan bedew batly ösüşler bilen şanly baýrama we ählihalk forumyna barýar

Türkmenistan belent sepgitler we zähmet ýeňişleri bilen mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramyna hem-de onuň öňüsyrasynda 23-nji sentýabrda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine barýar.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.