ÝURDUMYZYŇ YKDYSADYÝETINIŇ YNAMLY ÜSTÜNLIKLERI
08-10-25
Guwandyryjy üstünliklere beslenýän ýurdumyzda sanly ykdysadyýete geçilmegi bilen, diňe önümçilige däl, adamlaryň durmuşyna-da maglumat tehnologiýasynyň häzirki zaman görnüşleri ornaşdyrylýar. Ildeşlerimiz ýaşaýyş üçin zerurlyklaryny kompýuterleriň, internet ulgamynyň üsti bilen amala aşyryp bilýärler. Häzirki wagtda söwda işlerini, öý hojalygyna degişli dürli buýurmalary internet arkaly bitirmäge mümkinçilik döredi.
Milli ykdysadyýetimizi sanly ulgama geçirmek boýunça ähli pudaklaryň öňünde belent maksatlaryň goýulmagy biziň ýokarky aýdanlarymyzyň aýdyň subutnamasydyr. Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz tarapyndan tassyklanylan «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» üstünlikli ýerine ýetirilýär. Şol Konsepsiýa halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň bäsdeşlige ukyplylygyny pugtalandyrmaga, olara innowasion häsiýet bermäge gönükdirilendir.
Öňde goýlan belent maksada ýetmek, döwrebap wezipeleri amal etmek boýunça diwersifikasiýalaşdyrmak we düzüm taýdan üýtgedip gurmak, indus-trial-innowasion taýdan ösdürmek esasynda ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmak, tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmak, senagat we oba hojalyk önümçiligini intensiw ösdürmek, gaýragoýulmasyz durmuş meselelerini çözmek arkaly ýurduň sebitlerini durmuş-ykdysady taýdan birsydyrgyn ösdürmek, halk hojalygyny dolandyrmagyň tutuşlaýyn, çeýe hem-de netijeli ulgamyny döretmek, pul-karz, salgyt-býujet we nyrhlar syýasatyny kämilleşdirmek, milli puly pugtalandyrmak, ykdysadyýeti maliýe taýdan sagdynlaşdyrmak ýaly esasy ugurlar boýunça işler amala aşyrylýar.
Sanly tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy, häzirki zaman globallaşýan dünýäniň häsiýetli aýratynlyklarynyň biri bolmak bilen, maglumat we maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary ulgamlarynda gazanylýan ösüşlere esaslanýar. Hususan-da, welaýatlarda we etraplarda elektron resminama dolanyşygy ulgamynyň ornaşdyrylmagy pudaklaryň arasyndaky özara hereketleriň netijeliligini ýokarlandyrmaga ýardam berdi. Şeýle hem täze usul etraplaryň derejesinde çözgütleri dessine kabul etmäge, döwlet, pudaklaýyn we sebitleýin maksatnamalaryň berjaý edilişine gözegçiligi amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. Munuň özi kabul edilýän çözgütleriň we resminama dolanyşygynyň wagt ýitirmezden degişli düzümlere ýetirilmegini, wagtyň tygşytlanylmagyny, şol bir wagtyň özünde ýangyç harçlap, ýörite ulaglary ugratmak meselesini aradan aýyrýar. Bu usul ykdysady bähbitler bilen bir hatarda, işiň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyna-da gönüden-göni täsirini ýetirýär.
Elektron kommunikasiýasynda hyzmatlaryň dürli görnüşleri peýda bolar. Edaralar, kärhanalar tarapyndan maglumatlary we habarlary alyşmak üçin elektron poçtasyndan giňden peýdalanylar. Sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda göz öňünde tutulan wezipeleri, Oba milli maksatnamasyny üstünlikli ýerine ýetirmekde hem elektron resminama dolanyşygyna möhüm ornuň degişlidigini aýratyn bellemeli. Häzirki döwürde bu ugurdaky hünärmenler netijeli işlemek üçin döredilen mümkinçiliklerden işjeň peýdalanyp, bu ugurda täze tehnologiýalaryň artykmaçlyklaryny doly peýdalanýarlar.
Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň wajyp strategiki wezipeleri bolup, ýurduň önümçiligini ösdürmek, bäsleşige ukyply önümleri öndürmäge we çykarmaga gönükdirilen täze maglumat tehnologiýalaryny işläp taýýarlamak we ornaşdyrmak hem-de ýurduň senagat, ylmy-tehniki mümkinçiligini ösdürmegiň hem saklamagyň hasabyna milli ykdysadyýetiň howpsuzlygynyň bähbitlerini üpjün etmek durýar. Hut şonuň üçin hem ýurduň ykdysady mümkinçiliklerini artdyrmak, onuň gazananlaryny we öňdebaryjy tejribeleri halk hojalygynyň ähli pudaklaryna ornaşdyrmak maýa goýumlar bilen baglanyşyklydyr.
Täze tehnologiýalaryň girizilmeginiň we ýaýradylmagynyň çaltlandyrylmagy – ykdysadyýetiň sanlaşdyrylmagy netijesinde döreýän global wezipe bolup durýar. Şol wezipelerden ugur alyp hem ýakynda hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň häkimleriniň gatnaşmagynda Ahal welaýatynda sanlaşdyrmak ulgamynda tejribe alyşmak boýunça iş duşuşygy geçirildi. «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, welaýatda amala aşyrylan tutumly işler belentden wasp etmäge mynasypdyr.
Bedew bady bilen okgunly öňe barýan häzirki zaman dünýäsinde wagt esasy serişdedir. Sanly dolandyryş usullarynyň ornaşdyrylmagy bolsa diňe bir kagyz resminamalaryny taýýarlamaga däl-de, olary zerur bolan ýerine ýetirmäge sarp edilýän wagty hem tygşytlamagyň has netijeli guraly bolup durýar, munuň özi gönüden-göni ykdysady bähbitleri hem-de döwlet düzümleriniň işleriniň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyny üpjün edýär.
Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň bu ulgama yzygiderli birikdirilmeginiň uly ähmiýetini hem-de sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda bellenilen wezipeleri çözmekde möhümdigini bellemek gerek. Bu ulgam giň ugurlary öz gerimine alýar, olar şeýle hem milli ulgamlaýyn giňişligiň, internet hyzmatlary toplumynyň kadalaşdyrylmagyny we giňeldilmegini kanunçylyk taýdan goldamagy işläp taýýarlamagy hem öz içine alýar.
Halkymyzyň bagtyýar ýaşaýşyny, asuda durmuşyny, ýagty hem-de nurana ertirini üpjün etmäge gönükdirilen beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Baýramgözel BAKYÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Patologik fiziologiýa kafedrasynyň mugallymy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy bilen duşuşygy
19-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýa iş saparynyň çäklerinde Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy Endo Toşiaki bilen duşuşdy.
Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tanä we ýurduň ähli halkyna Katar Döwletiniň Milli güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Aşgabat Jarnamasy — parahatçylygyň, ynanyşmagyň we bitaraplygyň ählumumy arhitekturasy
12-nji dekabrda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilen halkara forumyň jemleri boýunça kabul edilen Aşgabat Jarnamasy XXI asyrda halkara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň ýollaryny kesgitleýän strategik resminamadyr.
BITARAPLYK — PARAHATÇYLYGYŇ HEM-DE DURNUKLY ÖSÜŞIŇ ÖZENI
Bitaraplyk ata Watanymyzyň parahatçylyk, agzybirlik, asudalyk hakyndaky soňlanmajak bagt aýdymydyr. Bitaraplyk türkmen ykbalynyň, durmuşynyň gül bolup açylmagydyr. Onuň ynsan ömrüne berýän bagty, bagtyýarlygy egsilmezdir. Aziýanyň merjen şäheri, ajaýyp paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň giň we owadan köçeleriniň biri hem “Bitarap Türkmenistan şaýoly” bolup durýar.
«HEMIŞELIK BITARAPLYK PARAHATÇYLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ ÝOLUDYR»
Bitarap Watynymyzyň erkinligi, asudalygy, berkararlygy we ata-babalarymyzyň arzuwlan eýýamy bu günki gün Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda rowana ýollarda uly üstünliklere beslenýär. Halkara parhatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyz dünýäniň birnäçe döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary alyp barýar.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.