BILIM ULGAMYNYŇ TÄZE UGURLARY

20-06-25

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ylym-bilim ulgamynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler ýurdumyzyň durnukly ösüşinde oňyn netijelerini berýär. Häzirki wagtda bu ulgamy hemmetaraplaýyn ösdürmek we onuň gazananlaryny netijeli ulanmak, jemgyýetiň intellektual kuwwatyny artdyrmak ýaly meseleler döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Bu barada gürrüň edilende, hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanan “Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy” hakynda kabul edilen bu resminama bilim işgärleriniň kalbyna guwanç hem buýsanç duýgusy bolup doldy.

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen bilim ulgamy döwrebap ösüşlere eýe boldy. Esasan hem, döwrüň iň täze gazananlaryndan ugur alnyp, sanly bilim ulgamy ösdürildi. Eziz Diýarymyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmekde uly işler alnyp barylýar, iň täze, döwrebap mekdepler gurlup ulanmaga berilýär. Häzirki ajaýyp döwrümizde sanly ulgam durmuşymyza pugta ornaşdyrylýar. Şonuň üçin ýaşlarymyz sanly ulgamyň ähli aýratynlyklaryna oňat düşünýän hünärmenler bolup ýetişýärler. Bu ugurdan halypa mugallymlar döwrebap bilimleri öwredýärler. Geljegimiz bolan ýaşlara bilim öwretmekde we olary milli ruhda terbiýelemekde “Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasynyň” ähmiýeti uludyr.

Ýaş nesillere ata-babalarymyzyň asylly ýörelgeleri, öwütündewleri esasynda bilim we terbiýe berlişini has-da kämilleşdirmek ýurdumyzyň milli bilim ulgamynyň öňünde durýan möhüm wezipeleriň biridir. Şundan ugur alnyp, bilim özgertmelerini durmuşa geçirmekde döwrüň talaplaryna we halkara ülňülerine eýermek, pedagogik işgärleriň hünär ussatlyklaryny, bilim-başarnyklaryny yzygiderli ýokarlandyrmak ugrunda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Ähli zerur şertler döredilen döwrebap bilim ojaklarynyň gurlup ulanmaga berilmegi, okuw maksatnamalarynyň yzygiderli döwrebaplaşdyrylmagy, orta mekdeplerde ýaşlara bilim we terbiýe berýän mugallymlaryň bilim derejesiniň ýokarlandyrylmagy, olary gaýtadan taýýarlamagyň we hünär derejesiniň kämilleşdirilmegi hem bu hakykaty dolulygyna tassyklaýar.

Konsepsiýa ýurdumyzyň milli bilim ulgamyny döwrebap derejede ösdürmäge, ylymly, bilimli, giň gözýetimli, maksada okgunly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmäge, innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak işlerini has netijeli amala aşyrmaga gönükdirilendir. Dünýä jemgyýetçiliginde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň bähbitlerini goramaga taýýar, çuňňur bilimli, döredijilikli pikirlenip bilýän, watansöýüji, zähmetsöýer, ahlak taýdan arassa, hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösen kämil şahsyýetleri kemala getirmek we ösdürmek, okatmagyň usulyýetini yzygiderli kämilleşdirmek, berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak, okuw-terbiýeçilik işlerinde sanly serişdeleriň mümkinçiliklerinden peýdalanmak, gerimini giňeltmek we depginini çaltlandyrmak täze Konsepsiýanyň esasy maksatlarynyň hatarynda durýar.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary esasynda eziz Diýarymyzda hemmetaraplaýyn ösen, kämil ýaşlary terbiýelemek meselesine düýpli we köptaraplaýyn çemeleşilýär. Hormatly Prezidentimiz “Ýaşlar - Watanyň daýanjy” atly kitabynda şeýle belleýär: “Ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemek, olaryň ýokary hilli bilim almagy, döredijilik, sport bilen meşgullanmagy, ukyp-başarnyklaryny doly ýüze çykarmagy üçin ähli şertleri döretmek, giň gözýetimli, ösen tehnologiýalardan oňat baş çykarýan hünärmenleriň neslini kemala getirmek, ýaşlarda halallyk, maşgala gymmatlyklaryna ygrarlylyk ýörelgelerini terbiýelemek, mundan beýläk-de belent borjumyz we baş maksadymyz bolmalydyr”.

Goý, ýurdumyzyň bilim ulgamyny sanlylaşdyrmak arkaly innowasion usulyýetleri ornaşdyrmaga giň ýol açan, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň orta we ýokary okuw mekdeplerini dünýäniň öňdebaryjy, kämil innowasion tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli beýik işleri mundan beýläk-de rowaç alsyn!

Zülfiýa RAHIMOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Kliniki farmakologiýa okuwly gospital terapiýasy kafedrasynyň mugallymy.

“Dialog – parahatçylygyň kepili”

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz tarapyndan teklip edilen: “Dialog – parahatçylygyň kepili” atly filosofiýasy, Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň netijeli hemde köpugurly häsiýete eýe bolýandygyny subut edýär.


SABYRLYLYK, SAGLYK — ÖMRÜMIZIŇ BEZEGI

Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy öz halkynyň görer gözi, sözlär dili, ruhy çyragy, beýik maslahatçysy, synmaz söýgisi bolup gelýär. Dana Pyragynyň çeper tematikasy baý we köptaraplydyr. Olardan islendik mesele dogrusynda degerli pikir-parasat alyp bolýar. Akyldar Magtymguly Pyragy il-gününiň saglygy hakyndaky meseläni hem öz şygyr setirlerine siňdiripdir.


ÝAŞLARA GÖRELDE, ÝÖRELGE ESER

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başyny tutan ýaşlar baradaky döwlet syýasaty bu gün hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Türkmen jemgyýetinde hakyky watançy şahsyýetleriň neslini kemala getirmek ugrunda dünýä nusgalyk işler alnyp barylýar.


«ÄNEW-MÜŇÝYLLYKLARDAN GÖZBAŞ ALÝAN MEDENIÝET»

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe watanymyzyň her bir güni türkmen halkynyň Milli Lider Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda uly ösüşlere, taryhy özgerişlere beýik ýeňişlere  beslenýär. 


«Dostluk bagy boý alsyn, dünýä dolsun bossana!»

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz ösüşleriň belent sepgidini nazarlap ynamly gadamlar bilen öňe barýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz depginli we yzygiderli daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirýär hem-de halkara gatnaşyklar ulgamynda mynasyp orun eýeleýär.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.