Geňeşli biçilen don gysga bolmaz

21-08-24

Pederlerimiziň döwletlilik ýörelgelerinden ugur alnyp, il sylagly ýaşulularyň, dilleri senaly enelerimiziň, milli ykdysadyýetimiziň öňdebaryjylarynyň, röwşen geljegimiz bolan ýaşlaryň gatnaşmaklarynda geçirilýän Halk Maslahaty halkymyzyň agzybirliginiň, jebisliginiň, birek-birege hormat-sarpasynyň ýokarydygynyň nyşanydyr. Jemgyýetçilik-syýasy, ruhy ýokary göteriliş ýagdaýynda geçýän Halk Maslahaty halkymyzyň “Geňeşli biçilen don gysga bolmaz”, “Geňeşli salamat bolar” diýen nakyllaryndan ugur alýar.

Bir supranyň başynda jemlenip, maslahat etmek, birek-birege sala salmak il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli meseleleriň agzybirlik bilen çözülmegine giň mümkinçilikleri döredýär. Döwlet-jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşýan ýaşuly nesliň işi, durmuşy ýaş nesil üçin halallygyň, watansöýüjiligiň, zähmetsöýerligiň mekdebidir. Ýokary wekilçilikli edara hökmünde Halk Maslahaty agzybirligi, abadançylygy, Garaşsyz döwletiň ykdysady, syýasy kuwwatyny artdyrmakda ägirt uly güýçdür. Ol güýç ýaşuly nesliň göreldesiniň, tejribesiniň ýaşlara geçmegi bilen, Garaşsyzlygyň 33 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda buýsanjymyza buýsanç goşýar.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi döwletli işleriň gözbaşy bolup durýar, türkmen halkynyň şöhratly geçmişiniň, ajaýyp şu gününiň, röwşen geljeginiň sazlaşygyny üpjün edýär. Bu döwletli işler ähli ildeşlerimizde buýsanç döredýär. Munuň özi wekilçilikli edaranyň işine jemgyýetiň dürli gatlaklarynyň wekilleriniň, ýaşulularyň, aýratyn-da, ýaşlaryň gatnaşmagy il-ýurt bähbitli çözgütleri kabul etmekde wajyp ähmiýete eýe bolýar. Bu bolsa ýurdumyzda giň möçberli özgertmeleriň amala aşyrylýandygyny alamatlandyrýar.

Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda ähli ugurlarda uly üstünlikler gazanylyp, belent sepgitlere ýetildi. Hemişelik Bitarap Türkmenistan dünýäde çalt depginler bilen ösýän döwletleriň hataryna goşuldy. Eziz Diýarymyzda — ýokary depginler bilen durnukly ösýän ykdysadyýetli häzirki zaman döwletinde ýaşamak, halal zähmet çekmek döwletlilikden alamatdyr. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi jemgyýetiň we döwletiň ösüşinde möhüm orny eýeleýär. Häzirki döwürde ýurdumyzyň kanunçylyk binýady berkidilýär. Bu işleriň ählisi kuwwatly döwletimiziň kanunçylyk binýadyny has-da pugtalandyrmaga, döwlet we häkimiýet edaralarynyň işini kämilleşdirmäge ýardam edýär. Bilşimiz ýaly, döwür ösýär we kämilleşýär. Bu ugurda jemgyýetiň ösüşini üpjün etmekde möhüm işler durmuşa geçirilýär. Munuň özi ähli ildeşlerimizde buýsanç döredip, beýik işlere goşant goşmaga ruhlandyrýar.

Häzirki ajaýyp döwrümizde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde, ýurdumyzda taryhy ähmiýetli işler durmuşa geçirilýär. Bu beýik işleri, ýetilýän belent sepgitleri halk arasynda wagyz edýäris. Goý, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, beýik işleri üstünliklere beslensin!

Ogultäç PENAÝEWA,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň Kompýuter ylymlary kafedrasynyň mugallymy.

“Dialog – parahatçylygyň kepili”

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz tarapyndan teklip edilen: “Dialog – parahatçylygyň kepili” atly filosofiýasy, Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň netijeli hemde köpugurly häsiýete eýe bolýandygyny subut edýär.


SABYRLYLYK, SAGLYK — ÖMRÜMIZIŇ BEZEGI

Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy öz halkynyň görer gözi, sözlär dili, ruhy çyragy, beýik maslahatçysy, synmaz söýgisi bolup gelýär. Dana Pyragynyň çeper tematikasy baý we köptaraplydyr. Olardan islendik mesele dogrusynda degerli pikir-parasat alyp bolýar. Akyldar Magtymguly Pyragy il-gününiň saglygy hakyndaky meseläni hem öz şygyr setirlerine siňdiripdir.


ÝAŞLARA GÖRELDE, ÝÖRELGE ESER

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başyny tutan ýaşlar baradaky döwlet syýasaty bu gün hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Türkmen jemgyýetinde hakyky watançy şahsyýetleriň neslini kemala getirmek ugrunda dünýä nusgalyk işler alnyp barylýar.


«ÄNEW-MÜŇÝYLLYKLARDAN GÖZBAŞ ALÝAN MEDENIÝET»

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe watanymyzyň her bir güni türkmen halkynyň Milli Lider Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda uly ösüşlere, taryhy özgerişlere beýik ýeňişlere  beslenýär. 


«Dostluk bagy boý alsyn, dünýä dolsun bossana!»

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz ösüşleriň belent sepgidini nazarlap ynamly gadamlar bilen öňe barýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz depginli we yzygiderli daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirýär hem-de halkara gatnaşyklar ulgamynda mynasyp orun eýeleýär.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.