BEHIŞDI AHALTEKE BEDEWI
25-04-23
Halkymyz behişdi bedewlerine asyrlar boýy belent sarpa goýup, olary buýsanjyna deňäp, milli baýlyk derejesinde eý görüp gelýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli atşynaslygyň täze derejelere göterilendigini hem buýsanç bilen aýdyp bileris. Ajaýyp zamanamyzda Milli Liderimiz we Arkadagly Serdarymyz ýyndamlykda, gözellikde deňsiz-taýsyz hasaplanylýan ahalteke bedewlerimiziň dünýä ýüzündäki şan-şöhratynyň häzirkisindenem belende göterilmegi ugrunda ähli tagallalary edýär.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda atşynaslygy ösdürmek babatda Gahryman Arkadagymyz tarapyndan badalga berlen giň gerimli işleriň dowamat-dowam bolmagy üçin hemme şert-mümkinçilikleri döredip berýär. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli halkara hem-de ýurt derejesinde geçirilýän çäreler bir-birine ulaşýar.
Hepdäniň penşenbe güni Balkan welaýatynda ýetginjekleriň, uly ýaşly hem-de halypa çapyksuwarlaryň gatnaşmagynda baýramçylyk at çapyşyklary geçirilip, olar uly şatlyk-şowhuna beslendi. Bilşimiz ýaly, bu nurana baýrama bagyşlanyp, ýurdumyzda her ýylda ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşiginiň, ylmy-amaly maslahatlaryň, bedewleriň gözelligini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek ugrunda döredijilik bäsleşikleriniň guralmagy hem asylly däbe öwrüldi. Elbetde, bu zatlaryň ählisi ýurdumyzda behişdi bedewlere sarpanyň, söýginiň diýseň belentdiginiň güwäsidir.
Asyrlaryň dowamynda ata-babalarymyz ahalteke bedewleriniň ajaýyp tohumlaryny ösdürip ýetişdiripdirler. Olaryň ýetişdiren atlaryna owadanlykda, uzak ýörişlere çydamlylykda dünýäniň hiç bir tohum atlary taý gelip bilmändir. Bu ugurda gazanylýan ajaýyp sepgitlerde seýisçilik mekdebiniň orny örän uludyr. Halkymyzyň müňýyllyklara uzaýan taryhy ýyndam ahalteke bedewleri bilen aýrylmaz baglydyr. Ahalteke bedewleriniň kämilligi, adamlaryň ýakyn syrdaşy hasaplanylmagy türkmenleriň zehinli halkdygyna şaýatlyk edýär, çünki şöhratly atşynaslar, seýisler ähli güýjüni, zehinini, kalbyny asylly işe bagyş edip, bedewleriň tebigat bilen sazlaşygyny, jemgyýet bilen utgaşykly ösüşini kemala getirmegi başarypdyrlar. Hut şonuň üçin hem türkmen milli seýisçilik ýörelgeleri sungat derejesine göterilipdir.
Diýarymyzda her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen bedewiniň milli baýramy giňden bellenip geçilýär. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda hem Türkmen bedewiniň milli baýramy gözel paýtagtymyzda we ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda şatlyk-şowhuna beslenýär. Baýramçylyk mynasybetli Aşgabatda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň mejlisi, «Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty» atly halkara ylmy maslahaty, halkara sergi-ýarmarkasy geçirilýär. Baýramçylyk maksatnamasynda bellenilen uzak aralyga atly ýörişler, ýetginjek çapyksuwarlaryň arasynda atçylyk sport ýaryşlary, döredijilik bäsleşikleri, däp bolan at çapyşyklar giň gerim alýar. Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» atly halkara gözellik bäsleşigi hem-de behişdi bedewleriň gözelligini çeper beýan etmek boýunça suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, halyçylaryň, zergärleriň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň, dizaýnerleriň, teleoperatorlaryň arasynda döredijilik bäsleşikleri geçirilýär we ýeňijiler sylaglanýar.
Goý, dünýäni haýrana goýýan türkmen bedewiniň şan-şöhratynyň has-da belende göterilmegi üçin taýsyz tagallalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadag Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Kakamyrat JUMAÝEW,
Türkmenistanyň döwlet energetika institutynyň 4-nji ýyl talyby.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
Halk Maslahaty: demokratiýa, döwletlilik, jebislik
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türken halkynyň Milli Lidei Gahryman Arkadagymyzyň döwlet gurluşyny kämilleşdirmek, halkyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak, ykdysady kuwwaty artdyrmak boýunça öňe sürýän başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Milli gymmatlyklara, asylly ýörelgelere uly üns berilýär we olar döwrebap derejede ösdürilýär.
Milli demokratiýanyň dabaralanmasy
Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösdürmäge, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar. Ýurdy hemmetaraplaýyn özgertmekde, jemgyýeti jebisleşdirmekde Halk Maslahatynyň ähmiýeti uludyr.
Merkezi kazyýet lukmançylygynyň belent sepgitleri
Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň netijesinde kazyýet lukmançylygy gullugy hem täze ösüş ýoluna düşdi. 2016-njy ýylyň 21-nji iýulynda açylan Morfologiýa merkeziniň Merkezi kazyýet lukmançylygy edarasy geçen on ýylyň dowamynda özüni ýokary derejeli ylmy-amaly merkez hökmünde tanatdy.
TÄZE TEJRIBE – KÄMILLIGE ÝOL
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň bilim binýadyny ýokarlandyrmak ugrunda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda talyplaryň bilim almagy diňe nazaryýet bilen çäklenmän, eýsem, olary amaly tejribe ýoluna ugrukdyrmak zerur bolup durýar.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.