Demirýolçularyň Kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşi bilen «Türkmeniň ýüpek ýoly» gazetiniň redaksiýasy döredijilik bäsleşigini yglan edýärler

22-05-24

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Demirýolçularynyň Kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşi bilen «Türkmeniň ýüpek ýoly» gazetiniň redaksiýasy Gündogaryň beýik akyldary, nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny hem-de «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny dabaralandyrmak maksady bilen Ulag we kommunikasiýa pudagynyň işgärleriniň publisistik makalalaryny, hekaýalaryny çap etmegi nazarda tutup, «Magtymguly Pyragy — ak ýollaryň çyragy» atly döredijilik bäsleşigini yglan edýärler:

BÄSLEŞIGIŇ DÜZGÜNNAMASY:

I. Umumy düzgünler

1. Bäsleşigiň maksady Gündogaryň beýik akyldary we söz ussady Magtymguly Pyragynyň umumadamzat ähmiýetli edebi mirasynyň ähmiýetini çeper sözüň üsti bilen beýan etmekden ybarat.

2. Bäsleşige hödürlenilýän işlerde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň dana akyldaryň eserlerini dünýä ýaýmakda amal edýän işleri, beýik Pyragynyň eserlerinde milli ýol-ýörelgelerimiziň şöhlelenilişi, gadymy Ýüpek ýolunyň yzlary we häzirki bagtyýar zamanamyzda ulag ulgamyndaky ýetilen sepgitler, üstünlikler wasp edilmelidir.

3. Bäsleşige döredijilik bilen meşgullanýan ulag we kommunikasiýa ulgamynyň ähli işgärleri gatnaşyp bilerler.

II. Bäsleşigiň şertleri

Bäsleşik üç ugur boýunça geçirilýär:

— iň gowy makalalar;

— iň gowy hekaýalar we rowaýatlar;

— iň gowy goşgular.

Bäsleşige hödürlenilýän makalalar, hekaýalar we rowaýatlar, goşgular döredijilik işlerine bildirilýän talaplara laýyk gelmelidir, çeperçilik, many-mazmun taýdan ýokary derejede bolmalydyr.

Bäsleşige ozal metbugatda çap edilmedik döredijilik işleri hödürlenmelidir.

Bäsleşige hödürlenilýän işler iberilende çap edilen hem-de elektron göterijide bolmalydyr. Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýän işgäri familiýasyny, adyny, atasynyň adyny, doglan senesini, wezipesini, ylmy derejesini, iş we öý salgysyny hem-de telefon belgisini görkezmelidir we döredijiligini «Türkmeniň ýüpek ýoly» gazetiniň redaksiýasyna gowşurmalydyr.

III. Bäsleşigi geçirmegiň we onuň jemini jemlemegiň tertibi

Bäsleşige hödürlenilen işler döredijilik işgärlerinden düzülen ýörite topar tarapyndan seljeriler. Eserleriň has tapawutlananlary «Türkmeniň ýüpek ýoly» gazetinde çap ediler.

Bäsleşigiň jemi şu ýylyň noýabr aýynda ýurdumyzda bellenilýän Bütindünýä durnukly ulag gününe gabatlanyp jemlener we ýeňijilere baýramçylyga bagyşlanyp geçiriljek döwlet çäresinde sylaglar dabaraly ýagdaýda gowşurylar.

Bäsleşigiň ýeňijileri baş baýrak, I, II we III orunlara mynasyp bolanlara Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Hormat hatlary we gymmatbahaly sowgatlary bilen sylaglanarlar.

Habarlaşmak üçin telefon belgilerimiz: 38-41-86;  39-04-75.

16a85431de0068.jpeg
Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasynda elektron maglumat alyşmak ulgamy ýola goýuldy

2026-njy ýylyň awgust aýyndan başlap, Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasynda serhet arkaly geçirilýän harytlar hem-de ulag serişdeleri barada elektron görnüşde deslapky maglumatlary alyşmak ulgamy doly güýjünde işläp başlady. Sanly ulgam arkaly maglumat alyşmaklyk Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Gazagystanyň Maliýe ministrliginiň döwlet girdejiler Komitetiniň arasynda gazanylan ylalaşyga we onuň Tehniki şertlerine laýyklykda amala aşyrylýar.


16a853c5d3bad1.jpeg
“Türkmenistan” awiakompaniýasy oktýabrda Stambul, Kazan ugurlary boýunça gatnawlaryň sanyny artdyrar

“Türkmenistan” awiakompaniýasy 25-nji oktýabrdan başlap Aşgabatdan Stambul, Kazan, Ho Şi Min, Milan we Seul şäherlerine gatnawlarynyň sanyny artdyrmak bilen, birnäçe uçuşyň wagtyna hem üýtgeşmeler girizer. Bu barada awiakompaniýanyň web sahypasynda ýerleşdirilen uçuş tertibinde görkezilýär.


16a853467d81f3.png
“CAREC 2026”-iň çäginde “Akylly ulag we logistika” ugurdaş forum geçiriler

“CAREC 2026” işewürlik forumyna gatnaşmak isleýän hususy kompaniýalar üçin hasaba alyş möhleti 31-nji awgusta çenli uzaldyldy. Bu barada forumyň guramaçysy AÖB habar berýär.


16a85334b753b5.png
“Arkadag” futbol toparynyň AFK-2 Çempionlar ligasyndaky garşydaşlary belli boldy

Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde sişenbe güni geçirilen AFK-nyň ikinji Çempionlar ligasynyň 2026/2027 möwsüminiň toparlaýyn tapgyrynyň bije çekilişiniň netijesinde Türkmenistanyň häzirki çempiony “Arkadag” futbol toparynyň garşydaşlary belli boldy. Bu barada Aziýanyň Futbol Konfederasiýasy (AFK) habar berýär.


16a8531f1c1a51.jpeg
Türkmenistan bedew batly ösüşler bilen şanly baýrama we ählihalk forumyna barýar

Türkmenistan belent sepgitler we zähmet ýeňişleri bilen mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramyna hem-de onuň öňüsyrasynda 23-nji sentýabrda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine barýar.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.