Ulag-kommunikasiýa pudagynyň ýaşlary sanlylaşdyrmagyň ösüş ýolunda
28-12-23
Şu gün, paýtagtymyzyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynyň jemlerine bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahaty we sergisi öz işine başlady. Halkara sergisinde döwlet ösüşiniň möhüm şerti bolan täzeçil usullar, sanly ulgam, ylmyň gazananlary we ýokary tehnologiýalar bilen tanyşdyryldy.
Biziň ýurdumyzda programma üpjünçiligini işläp düzýän we innowasion oýlap tapmalary bilen meşgullanýan ýaşlar täze intellektual pikirleri ýurdumyzyň önümçiligine üstünlikli ornaşdyrýarlar. Çünki sanly tehnologiýalar geljegiň ylmy kuwwaty, ösen aň-bilimi, röwşen geljegiň binýadydyr.
Şu nukdaýnazardan ýurduň milli ykdysadyýetiniň ähli ulgamlarynda, şol sanda ulag we kommunikasiýa pudagynda zehinli, başarnykly ýaşlaryň zähmet çekmeginiň ileri tutulýan işleriň hatarynda durýandygyny bellemek bolar.
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda bolup geçen taryhy wakalar ýüreklere ylham paýlaýar. Şeýle taryhy wakalaryň biri hem Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyjy hem-de Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen gurlan Arkadag şäheriniň açylyp ulanylmaga berilmegidir.
Mälim bolşy ýaly, «Akylly» şäher konsepsiýasynyň ýörelgeleri esasynda gurlan Arkadag şäherinde sanly ulgamy ornaşdyrmak, döwrebap kommunikasiýa tehnologiýalaryny gurnamak işleri «Türkmenaragatnaşyk» agentligi bilen Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça Döwlet komiteti tarapyndan alnyp baryldy.
Täze akylly şäherde birnäçe ýokary okuw mekdepleriniň talyplary ýaşaýyş jaýlarynyň ençemesinde “akylly” ulgamyny goldamak işlerini amala aşyrdylar. Şunuň bilen birlikde, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň we talyplarynyň gatnaşmagynda birnäçe ugurlar boýunça sanly çözgütler işlenip taýýarlanyldy.
Şeýle hem, sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda, soňky birnäçe ýylyň dowamynda ýurdumyzda kompýuter ylymlary we tehnologiýanyň innowasiýa usullary bilen meşgullanýan ýaşlary höweslendirmek maksady bilen, «Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan her ýyl «Sanly çözgüt» atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi geçirilýär.
Her ýylda, ýokary guramaçylykly geçirilýän «Sanly çözgüt» atly innowasion bäsleşiginiň baş maksady, adam durmuşyny aňsatlaşdyrmak üçin tehnologiýalary yzygiderli ösdürmekden hem-de şol kämil we çylşyrymly tehnologiýalardan peýdalanyp, täze sanlylaşdyrylan döwri kemala getirmekden ybaratdyr.
Innowasion oýlamalar bilen meşgullanýan zehinli ýaşlar bolsa öz gezeginde, täze sanly çözgütleriň her bir adamyň we umuman jemgyýetiň durmuşyny amatlaşdyrmak üçin has möhümdigine gowy düşünýärler.
Aragatnaşyk pudaklarynyň ýaş hünärmenleri ýurdumyzyň ähli künjeginde üznüksiz hyzmatlary bilen, iş ýerlerde, öýde, dynç alyşda, ýolda hereket edýän aragatnaşyk ulgamynyň hyzmatlaryny has-da kämilleşdirmek, olaryň sazlaşykly işlemegini üpjün etmek wezipesini özlerine baş ýörelge edinýärler.
Aýgözel ANNAMÄMMEDOWA,
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň «Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk kompaniýasynyň esasy hünärmeni.
Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasynda elektron maglumat alyşmak ulgamy ýola goýuldy
2026-njy ýylyň awgust aýyndan başlap, Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasynda serhet arkaly geçirilýän harytlar hem-de ulag serişdeleri barada elektron görnüşde deslapky maglumatlary alyşmak ulgamy doly güýjünde işläp başlady. Sanly ulgam arkaly maglumat alyşmaklyk Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Gazagystanyň Maliýe ministrliginiň döwlet girdejiler Komitetiniň arasynda gazanylan ylalaşyga we onuň Tehniki şertlerine laýyklykda amala aşyrylýar.
“Türkmenistan” awiakompaniýasy oktýabrda Stambul, Kazan ugurlary boýunça gatnawlaryň sanyny artdyrar
“Türkmenistan” awiakompaniýasy 25-nji oktýabrdan başlap Aşgabatdan Stambul, Kazan, Ho Şi Min, Milan we Seul şäherlerine gatnawlarynyň sanyny artdyrmak bilen, birnäçe uçuşyň wagtyna hem üýtgeşmeler girizer. Bu barada awiakompaniýanyň web sahypasynda ýerleşdirilen uçuş tertibinde görkezilýär.
“CAREC 2026”-iň çäginde “Akylly ulag we logistika” ugurdaş forum geçiriler
“CAREC 2026” işewürlik forumyna gatnaşmak isleýän hususy kompaniýalar üçin hasaba alyş möhleti 31-nji awgusta çenli uzaldyldy. Bu barada forumyň guramaçysy AÖB habar berýär.
“Arkadag” futbol toparynyň AFK-2 Çempionlar ligasyndaky garşydaşlary belli boldy
Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde sişenbe güni geçirilen AFK-nyň ikinji Çempionlar ligasynyň 2026/2027 möwsüminiň toparlaýyn tapgyrynyň bije çekilişiniň netijesinde Türkmenistanyň häzirki çempiony “Arkadag” futbol toparynyň garşydaşlary belli boldy. Bu barada Aziýanyň Futbol Konfederasiýasy (AFK) habar berýär.
Türkmenistan bedew batly ösüşler bilen şanly baýrama we ählihalk forumyna barýar
Türkmenistan belent sepgitler we zähmet ýeňişleri bilen mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramyna hem-de onuň öňüsyrasynda 23-nji sentýabrda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine barýar.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.