«Türkmentel-2023» atly XVI Halkara sergisi we ylmy maslahaty öz işini tamamlady
11-11-23
10-njy noýabrda paýtagtymyzyň Söwda-senagat edarasynda geçirilen we özara bähbitli gatnaşyklara giň mümkinçilikler döreden telekommunikasiýa, telemetriýa, maglumatlar tehnologiýalary we tele-radio enjamlary boýunça «Türkmentel — 2023» atly XVI Halkara sergisi we ylmy maslahaty ikinji iş gününi tamamlady.
«Türkmenel — 2023» halkara sergisi we ylmy maslahatyna Türkmenistan, Russiýa, ABŞ, Finlýandiýa, Türkiýe, Latwiýa, Fransiýa, Monako, Niderland Patyşalygy, Germaniýa, Şweýsariýa, Awstriýa, Ýaponiýa, Şwesiýa, Beýik Britaniýa, Taýland Patyşalygy, Hindistan, Päkistan, Belarus, Özbegistan, Gyrgyz, Gazagystan, Owganystan, Azerbaýjan, Hytaý, Birleşen Arap Emirlikleri ýaly, dünýäniň 30-a golaý ýurdundan 80-ne golaý kompaniýanyň, şol sanda halkara guramalarynyň 200-den gowrak wekilleri gatnaşdylar.
Ýokary guramaçylykly we netijeli geçirilen halkara sergisi we maslahaty halkara guramalarynyň ýolbaşçylarynyň, dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň wekillerini jemlemek bilen, kommunikasiýa pudagy üçin täze hyzmatdaşlyklary ýola goýmaga we bar bolan oňyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga, daşary ýurt maýa goýumlary çekmäge, täze Akylly şäherleri gurmaga, emeli aň ylmynyň gözleg we işleme meýdanlaryny giňeltmäge hem-de öňdebaryjy sanly tehnologiýalary ornaşdyrmaga giň mümkinçilikleri döretdi.
Halkara sergisiniň we ylmy maslahatynyň dowamynda ýaş IT hünärmenleriň, talyp ýaşlaryň we mekdep okuwçylarynyň arasynda her ýylda däbe öwrülen «Sanly çözgüt 2023» atly innowasion taslamalaryň bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi. Ýeňiji bolan 42 sany ýaşlar diplomlar we gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglandy.
Forumyň birinji gününde öz işine başlan «Mobil aragatnaşyk torlarynyň täze nesliniň (IMT-2020/5G) işe girizilmegi» atly okuw sapagy dowam etdi. Okuw sapagynda daşary ýurtly kompaniýalarynyň tejribeli hünärmenler 5G torlaryny işe girizmegiň ugurlary we esasy maksatlary barada giňişleýin durup geçdiler.
Guramaçylykly we ýokary derejeli geçen halkara forumyň ikinji gününiň çäginde hem «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň başlygy Hajymyrat Hudaýgulyýewiň ýolbaşçylyk etmeginde degişli wekiliýetiň we daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň arasynda 30-a golaý duşuşyklar geçirildi.
Forumyň ahyrynda ýerli we daşary ýurt kompaniýalarynyň we foruma işjeň gatnaşan döwlet edaralarynyň wekillerine «Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan diplomlar gowşuryldy.
«Türkmentel — 2023» atly XVI Halkara sergisi we ylmy maslahaty sanly ykdysadyýeti kämilleşdirmek, sanly çözgütleriň iş ýüzünde giňden ulanylmagy bilen ykdysadyýetiniň pudaklarynda öňegidişlikleri gazanylmak, şeýle hem halkara tejribelere esaslanyp özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek we giňeltmek babatynda oňyn şertleri döretdi.
Aýgözel ANNAMÄMMEDOWA,
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň «Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk kompaniýasynyň esasy hünärmeni.
Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasynda elektron maglumat alyşmak ulgamy ýola goýuldy
2026-njy ýylyň awgust aýyndan başlap, Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasynda serhet arkaly geçirilýän harytlar hem-de ulag serişdeleri barada elektron görnüşde deslapky maglumatlary alyşmak ulgamy doly güýjünde işläp başlady. Sanly ulgam arkaly maglumat alyşmaklyk Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Gazagystanyň Maliýe ministrliginiň döwlet girdejiler Komitetiniň arasynda gazanylan ylalaşyga we onuň Tehniki şertlerine laýyklykda amala aşyrylýar.
“Türkmenistan” awiakompaniýasy oktýabrda Stambul, Kazan ugurlary boýunça gatnawlaryň sanyny artdyrar
“Türkmenistan” awiakompaniýasy 25-nji oktýabrdan başlap Aşgabatdan Stambul, Kazan, Ho Şi Min, Milan we Seul şäherlerine gatnawlarynyň sanyny artdyrmak bilen, birnäçe uçuşyň wagtyna hem üýtgeşmeler girizer. Bu barada awiakompaniýanyň web sahypasynda ýerleşdirilen uçuş tertibinde görkezilýär.
“CAREC 2026”-iň çäginde “Akylly ulag we logistika” ugurdaş forum geçiriler
“CAREC 2026” işewürlik forumyna gatnaşmak isleýän hususy kompaniýalar üçin hasaba alyş möhleti 31-nji awgusta çenli uzaldyldy. Bu barada forumyň guramaçysy AÖB habar berýär.
“Arkadag” futbol toparynyň AFK-2 Çempionlar ligasyndaky garşydaşlary belli boldy
Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde sişenbe güni geçirilen AFK-nyň ikinji Çempionlar ligasynyň 2026/2027 möwsüminiň toparlaýyn tapgyrynyň bije çekilişiniň netijesinde Türkmenistanyň häzirki çempiony “Arkadag” futbol toparynyň garşydaşlary belli boldy. Bu barada Aziýanyň Futbol Konfederasiýasy (AFK) habar berýär.
Türkmenistan bedew batly ösüşler bilen şanly baýrama we ählihalk forumyna barýar
Türkmenistan belent sepgitler we zähmet ýeňişleri bilen mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramyna hem-de onuň öňüsyrasynda 23-nji sentýabrda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine barýar.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.