«Türkmentel-2023» atly XVI Halkara sergisi we ylmy maslahaty öz işine başlady
10-11-23
«Türkmenel—2023» halkara sergisi we ylmy maslahatyna Türkmenistan, Russiýa, ABŞ, Finlýandiýa, Türkiýe, Latwiýa, Fransiýa, Monako, Niderland Patyşalygy, Germaniýa, Şweýsariýa, Awstriýa, Ýaponiýa, Şwesiýa, Beýik Britaniýa, Taýland Patyşalygy, Hindistan, Päkistan, Belarus, Özbegistan, Gyrgyz, Gazagystan, Owganystan, Azerbaýjan, Hytaý, Birleşen Arap Emirlikleri ýaly, dünýäniň 30-a golaý ýurdundan 80-ne golaý kompaniýanyň 200-den gowrak wekilleri gatnaşýar.
Şol sanda «Halkara Elektroaragatnaşyk bileleşigi» (ITU), «Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň Aragatnaşyk boýunça sebit arkalaşygy» (PCC), «Bütindünýä GSM bileleşigi» (GSMA), «Intersputnik» Halkara kosmos aragatnaşyk guramasy, GDA- nyň ýerine ýetiriji komiteti ýaly abraýly halkara guramalardan hem wekiller gatnaşdylar.
Halkara sergisi we maslahatynyň dowamynda ýurdumyzdan we daşary ýurtlardan gatnaşýan alymlar, bilermenler, işewürler we halkara guramalaryň wekilleri sanly transformasiýa, kiberhowpsuzlyk, kommunikasiýanyň geljegi, hemra tehnologiýalary ýaly ugurlarda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek, şeýle hem sanly ösüşde döwlet strategiýasy bilen bagly meseleleri gözden geçirdiler.
Halkara sergisi we maslahatynyň çäklerinde «Mobil aragatnaşyk torlarynyň täze nesliniň (IMT-2020/5G) işe girizilmegi» atly okuw sapagy gurnaldy. Okuw ssapagyna döwlet edaralaryndan, ylmy-barlag merkezlerinden, pudaklaýyn birleşiklerden we ýokary okuw mekdeplerden, düzgünleşdiriji guramalardan, telekom operatorlary, gyzyklanýan guramalaryň wekilleri hem-de bu ugur bilen gyzyklanýanlar gatnaşdylar.
Okuw sapagynda öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmakda we aragatnaşyk ulgamyny kämilleşdirmekde uly tejribä eýe bolan daşary ýurtly hünärmenler çykyş etdi.
Pudaklaýyn çäräniň wezipeleri: gatnaşyjylary binýadynda 5G ulgamy duran tehnologiýalar we konsepsiýalar, 5G bilen mobil aragatnaşyk tehnologiýalaryň öňki nesilleriniň arasyndaky esasy tapawutlar, 5G torlaryny işe girizmegiň ugurlary we dünýä tejribesi bilen tanyşdyrmakdan ybarat boldy.
Şeýle hem halkara serginiň dowamynda «Maglumat merkezlerini ösdürmek we döretmek boýunça ýaşlaryň gözlegleri» atly türkmen-koreý onlaýn tegelek stoly geçirildi.
Onuň çäginde, ähli pudaklarda elektron maglumatlary ygtybarly saklamak, ulanmak, goramak, şeýle hem ygtybarly içerki internet ulgamyny işe goýbermek üçin häzirki zaman dünýäsiniň iň gymmatly çeşmelerinden biri bolan maglumat merkezi barada pikir we tejribe alyşyldy.
Çünki, maglumat merkezleri sanly ykdysadyýetiň, bulut hyzmatlarynyň, emeli aň ulgamynyň we beýleki innowasiýa tehnologiýalarynyň esasyny düzýär.
Guramaçylykly we ýokary derejeli geçen halkara forumyň birinji gününiň çäginde «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň başlygy H.Hudaýgulyýewiň ýolbaşçylyk etmeginde degişli wekiliýetiň we daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň arasynda 20-ä golaý duşuşyklar geçirildi.
Şeýle hem, «Türkmenaragatnaşyk» agentligi bilen «ELINC China Co., Ltd» kompaniýasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama, Federal döwlet býudjet ýokary bilim edarasy bolan A.N.Tupolew adyndaky Kazan Milli barlag tehniki uniwerisitetiniň arasynda özara gatnaşmak hakynda Ähtnama, Azerbaýjan Respublikasynyň Ýörite aragatnaşyk we maglumat howpsuzlygy boýunça Döwlet Gullugynyň arasynda Maglumat howpsuzlygy çygrynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama, şeýle hem «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň «Türkmen hemrasy» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen «Thales Alenia Space France SAS» kompaniýasy we «Eutelsat S.A» kompaniýalarynyň arasynda üç taraplaýyn Ylalaşyga gol çekildi.
«Turkmentel-2023» halkara sergisi we ylmy maslahaty sebitdäki maglumat we ylmy-tehnologiki taýdan ähmiýetli, ýokary derejeli çäreleriň biri bolup, bu çäre dünýäniň dürli künjeklerinden hünärmenlere telekommunikasiýa, innowasiýa we ýokary tehnologiýa pudagynda tejribe we täze pikirler alyşmaga mümkinçilik döredýär.
Aýgözel ANNAMÄMMEDOWA,
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň «Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk kompaniýasynyň esasy hünärmeni.
Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasynda elektron maglumat alyşmak ulgamy ýola goýuldy
2026-njy ýylyň awgust aýyndan başlap, Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasynda serhet arkaly geçirilýän harytlar hem-de ulag serişdeleri barada elektron görnüşde deslapky maglumatlary alyşmak ulgamy doly güýjünde işläp başlady. Sanly ulgam arkaly maglumat alyşmaklyk Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Gazagystanyň Maliýe ministrliginiň döwlet girdejiler Komitetiniň arasynda gazanylan ylalaşyga we onuň Tehniki şertlerine laýyklykda amala aşyrylýar.
“Türkmenistan” awiakompaniýasy oktýabrda Stambul, Kazan ugurlary boýunça gatnawlaryň sanyny artdyrar
“Türkmenistan” awiakompaniýasy 25-nji oktýabrdan başlap Aşgabatdan Stambul, Kazan, Ho Şi Min, Milan we Seul şäherlerine gatnawlarynyň sanyny artdyrmak bilen, birnäçe uçuşyň wagtyna hem üýtgeşmeler girizer. Bu barada awiakompaniýanyň web sahypasynda ýerleşdirilen uçuş tertibinde görkezilýär.
“CAREC 2026”-iň çäginde “Akylly ulag we logistika” ugurdaş forum geçiriler
“CAREC 2026” işewürlik forumyna gatnaşmak isleýän hususy kompaniýalar üçin hasaba alyş möhleti 31-nji awgusta çenli uzaldyldy. Bu barada forumyň guramaçysy AÖB habar berýär.
“Arkadag” futbol toparynyň AFK-2 Çempionlar ligasyndaky garşydaşlary belli boldy
Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde sişenbe güni geçirilen AFK-nyň ikinji Çempionlar ligasynyň 2026/2027 möwsüminiň toparlaýyn tapgyrynyň bije çekilişiniň netijesinde Türkmenistanyň häzirki çempiony “Arkadag” futbol toparynyň garşydaşlary belli boldy. Bu barada Aziýanyň Futbol Konfederasiýasy (AFK) habar berýär.
Türkmenistan bedew batly ösüşler bilen şanly baýrama we ählihalk forumyna barýar
Türkmenistan belent sepgitler we zähmet ýeňişleri bilen mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramyna hem-de onuň öňüsyrasynda 23-nji sentýabrda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine barýar.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.