Paýtagtymyzda aragatnaşyk boýunça GDA azga ýurtlarynyň maslahaty geçirildi

08-11-23

8-nji noýabrda paýtagtymyzyň Arçabil myhmanhanasynda  GDA azga ýurtlaryň aragatnaşyk boýunça sebit arkalaşygynyň administrasiýalarynyň ýolbaşçylar geňeşiniň 59-njy we sebit arkalaşygynyň çäginde maglumat boýunça gatnaşyjy döwletleriniň utgaşdyryjy maslahatynyň 29-njy bilelikdäki geňeşiniň mejlisi geçirildi.

Ýurdumyzda maglumat-aragatnaşyk ulgamlarynyň işini kämilleşdirmek babatda özara bähbitli hyzmatdaşlyk etmek maksady ýokary derejede gurnalan mejlise Türkmenistan, Azerbaýjan, Ermenistan, Belarus, Gazagystan, Gyrgyzystan, Russiýa, Täjigistan Respublikasynyň, şeýle hem GDA agza ýurtlaryň aragatnaşyk boýunça sebit arkalaşygynyň, Maglumat boýunça GDA agza ýurtlaryň aragatnaşyk boýunça sebit arkalaşygynyň administrasiýalarynyň  ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.

Mejlisiň gün tertibinde GDA azga ýurtlaryň arasynda maglumat jemgyýetini gurmak we ösdürmek boýunça hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Ýagny:

  • Maglumat kommunikasiýa pudagynda bazary ösdürmek boýunça özara täsir mehanizmleriniň ähmiýetini artdyrmak;
  • Sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak;
  • Köpçülikleýin aragatnaşyk serişdelerini kämilleşdirmek;
  • Internet maglumaty we telekommunikasiýa toruny ulanmak boýunça hyzmatdaşlyklary mundan beýläk-de ösdürmek;
  • Häzirki zaman maglumat kommunikasiýa programmalaryny işläp düzmek we durmuşa geçirmek;
  • Maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek;

Umumy maglumat giňişligini döretmek ýaly möhüm ugurlar boýunça sebitiň döwletleriniň arasynda hyzmatdaşlygy dowam etmek we giňeltmek mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem, mejlisiň çäklerinde «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň başlygy Hajymyrat Hudaýgulyýewiň ýolbaşçylyk etmeginde wekiliýetiň we GDA azga ýurtlaryň aragatnaşyk boýunça sebit arkalaşygynyň ýolbaşçylarynyň arasynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.

Duşuşyklarda hususanda, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryna gönükdirilen we aragatnaşyk ulgamyny geljekde toplumlaýyn ösdürilmeginiň derwaýys meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Özara mümkinçilikleriň nazarda tutulmagynda olaryň işjeňleşdirilmeginiň wezipeleri kesgitlendi.

Mejlis tamamlandan soň daşary ýurtly myhmanlar Ahal welaýatynyň Halkara atçylyk toplumyna, şeýle hem döwrüň öňdebaryjy tehnologiýalary esasynda, daşky gurşaw talaplaryna laýyklykda gurlan «akylly» we «ýaşyl» innowasiýa şäheri – Arkadag şäherine gezelenç etdiler.

Myhmanlar sebitde «Geljegiň şäheri» diýip atlandyrylan Arkadag şäheriniň sanly çözgütler we intellektual mümkinçilikler bilen ýokary derejede üpjün edilendigini bellediler.

Aýgözel ANNAMÄMMEDOWA, 
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň «Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk kompaniýasynyň esasy hünärmeni.

16a85431de0068.jpeg
Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasynda elektron maglumat alyşmak ulgamy ýola goýuldy

2026-njy ýylyň awgust aýyndan başlap, Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasynda serhet arkaly geçirilýän harytlar hem-de ulag serişdeleri barada elektron görnüşde deslapky maglumatlary alyşmak ulgamy doly güýjünde işläp başlady. Sanly ulgam arkaly maglumat alyşmaklyk Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Gazagystanyň Maliýe ministrliginiň döwlet girdejiler Komitetiniň arasynda gazanylan ylalaşyga we onuň Tehniki şertlerine laýyklykda amala aşyrylýar.


16a853c5d3bad1.jpeg
“Türkmenistan” awiakompaniýasy oktýabrda Stambul, Kazan ugurlary boýunça gatnawlaryň sanyny artdyrar

“Türkmenistan” awiakompaniýasy 25-nji oktýabrdan başlap Aşgabatdan Stambul, Kazan, Ho Şi Min, Milan we Seul şäherlerine gatnawlarynyň sanyny artdyrmak bilen, birnäçe uçuşyň wagtyna hem üýtgeşmeler girizer. Bu barada awiakompaniýanyň web sahypasynda ýerleşdirilen uçuş tertibinde görkezilýär.


16a853467d81f3.png
“CAREC 2026”-iň çäginde “Akylly ulag we logistika” ugurdaş forum geçiriler

“CAREC 2026” işewürlik forumyna gatnaşmak isleýän hususy kompaniýalar üçin hasaba alyş möhleti 31-nji awgusta çenli uzaldyldy. Bu barada forumyň guramaçysy AÖB habar berýär.


16a85334b753b5.png
“Arkadag” futbol toparynyň AFK-2 Çempionlar ligasyndaky garşydaşlary belli boldy

Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde sişenbe güni geçirilen AFK-nyň ikinji Çempionlar ligasynyň 2026/2027 möwsüminiň toparlaýyn tapgyrynyň bije çekilişiniň netijesinde Türkmenistanyň häzirki çempiony “Arkadag” futbol toparynyň garşydaşlary belli boldy. Bu barada Aziýanyň Futbol Konfederasiýasy (AFK) habar berýär.


16a8531f1c1a51.jpeg
Türkmenistan bedew batly ösüşler bilen şanly baýrama we ählihalk forumyna barýar

Türkmenistan belent sepgitler we zähmet ýeňişleri bilen mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramyna hem-de onuň öňüsyrasynda 23-nji sentýabrda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine barýar.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.