Aragatnaşyk pudagynyň ösüşine goşant goşjak hyzmatdaşlyklar

08-11-23

Noýabr aýynyň  9-10-na geçiriljek telekommunikasiýa, telemetriýa, maglumatlar tehnologiýalary we tele-radio enjamlary boýunça «Türkmentel-2023» atly XVI Halkara sergisi we ylmy maslahatyna gatnaşjak kompaniýalaryň intellektual tehnologiýalar ulgamyndaky alyp barýan işleri telekommunikasiýa ulgamynda tejribe we bilim alyşmaga, şeýle hem ösen tehnologiýalaryň mümkinçiliklerini artdyrmaga mümkinçilik berer.  

«Türkmentel-2023» atly XVI Halkara sergisine gatnaşjak kompaniýalar:

Hytaý Halk Respublikasynyň «Huawei Technologies Co., Ltd.» kompaniýasy maglumat we aragatnaşyk tehnologiýasy ulgamynda akylly enjamlary, dürli kompýuter we beýleki tehnologik enjamlary öndürýän dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalaryň dünýädäki iň uly kompaniýalaryň biridir.

Kompaniýa diňe bir noutbuklary we kompýuter enjamlaryny däl, eýsem smartfonlary, nauşnikleri, akylly ekranlary, akylly sagatlary, akylly gürleýjileri, akylly äýnekleri we başga tehnologik enjamlary öndürýär.

Kompaniýanyň 170-den gowrak ýurtlarda merkezleri bolup, kompaniýa dünýädäki 3 milliarddan gowrak adamy sanly tehnologiýa bilen üpjün edýär.

Türkiýe döwletiniň «Mia Teknoloji» IT kompaniýasy hem kompýuter we maglumat tehnologiýa ulgamlaryny taslamak, öndürmek, goldamak we satmak, elektron gol we elektron şahadatnamalary bermek, programma üpjünçiligi, okuw we maslahat beriş, senagat dizaýny we her dürli biometrik (Barmak yzy, damar tanamak, ýüz tanamak) ulgam dizaýny, programma üpjünçiligi ýaly IT çözgütleri hödürleýär.

ABŞ-nyň DHL - harytlar we resminamalar üçin halkara ekspress iberiş kompaniýasy 220 ýurt we sebitdäki 120 000-den gowrak şähere gyssagly ýük we resminamalary ibermek hyzmatyny ýerine ýetirýär. Kompaniýanyň 84 000-den gowrak edara binasy, resminamalary we ýükleri daşamak üçin takmynan 34 000 ulag we 260-dan gowrak uçarlary ekspress hyzmatlarynyň ýokary derejesini kepillendirýär. Kompaniýa 2010-njy ýylda Türkmenistanda işe başlady.

Без названия (4)

"Kyrgyz Poçtasy" açyk paýdarlar jemgyýeti Bütindünýä poçta birleşiginiň agzasy bolup, dünýä tejribelerinden ugur alyp, poçta işini kämilleşdirmekde we ony tehnologiýa döwrüniň talaplaryna laýyk getirmekde ähmiýetli işleri alyp barýar.

«Rostelecom» Russiýany iň uly toplumlaýyn sanly hyzmatlar we çözgütler bilen üpjün edýär. Giň zolakly internete girmek, interaktiw telewideniýe, öýjükli aragatnaşyk, ýerli we uzak aralyk telefon aragatnaşygy ýaly hyzmatlaryny hödürleýär.

Kompaniýa ýokary tizlikli internete girmek we tölegli teleýaýlymlar hyzmaty üçin bazarda öňdebaryjy orny eýeleýär. Şu nukdaý nazardan, kompaniýa elektron hökümeti, kiberhowpsuzlyk, maglumat merkezleri, saglygy goraýyş, bilim, ýaşaýyş jaý we jemgyýetçilik hyzmatlary pudagynda innowasion çözgütler boýunça ykrar edilen tehnologiýa lideri diýip hasaplanýar. 

«Motorola Solutions» kompaniýasy telekommunikasiýa, maglumatlary geçirmek we telekommunikasiýa enjamlary bilen üpjün etmekde ýöriteleşen Amerikan kompaniýasydyr. “Motorola Solutions” kompaniýasy göçme radiolary, tetra seriýaly radiolary we mototrbo seriýaly radiolary, akylly sagatlary we smartfonlary öz içine alýan birnäçe önümlerini hödürleýär.

«Delta Telecom» Kawkaz sebitinde 2000-nji ýyldan bäri telekommunikasiýa we maglumat tehnologiýa bazarynda üstünlikli işleýän operatordyr.

Kärhananyň esasy ugry, göwrümine garamazdan kärhanalar we guramalar üçin islendik çylşyrymly telekommunikasiýa taslamalaryny durmuşa geçirmekden we ulamy ösdürmekden ybaratdyr.

 

«Nokia Corporation» kompaniýasy Finlýandiýa döwletiniň kompaniýasy bolup, ykjam, kesgitli, giň zolakly we IP torlary üçin telekommunikasiýa enjamlaryny öndürýär.

«Gyrgyztelecom» - ýerli, uzak aralyk we halkara telefon aragatnaşygy, maglumatlary geçirmek, telegrafiýa, sim ýaýlymy, kanal kärendesi we internete girmek ýaly köp sanly hyzmatlary hödürleýär.

Без названия (1)

«Hytera» hytaý kompaniýasy köpçülikleýin söwda we bölekleýin döwlet eýeçiligindäki radio geçiriji we radio ulgamlaryny öndürýär.

Без названия (2)

«Tranzit Telekom» Sebitara TransitTelecom (MTT) kompaniýasy Russiýanyň uzak aralyk we halkara aragatnaşyk we internete giriş hyzmatlarynyň operatorydyr.

Без названия (3)

«AzerTelecom» Azerbaýjanda telekommunikasiýa operatory bolup, kompaniýa telekommunikasiýa we ýokary tehnologiýalar ulgamynda internet, hususy liniýa hyzmatlary, ykjam abatlaýyş, halkara tranzit, SIP telefon, FTTB, Maglumat merkeziniň hyzmatlary, VSAT hyzmatlary, VPN (Wirtual Private Network), VoIP (IP üsti bilen ses), DDOS goragy we beýleki hyzmatlary hödürleýär.

Без названия (4)

«Eutelsat» fransuz hemra telekommunikasiýa kompaniýasydyr. Hemra aragatnaşyk operatorlarynyň arasynda söwda dolanyşygy boýunça dünýäde birinji orny eýeleýär. Kompaniýanyň emeli hemralary howada, gury ýerde we deňizde müşderilerine ýokary hilli aragatnaşyk hyzmatlaryny kepillendirýär.

                     Без названия (1)Без названия (2)

«NEC» dünýädäki iň uly telekommunikasiýa kompaniýalarynyň biri bolan elektronika, kompýuter enjamlaryny we telekommunikasiýa enjamlaryny öndüriji ýapon kompaniýasydyr.

Häzirki wagtda NEC korporasiýasy öýjükli we kesgitli operatorlar üçin kompýuter esbaplaryny, kommutasiýa enjamlaryny, programma üpjünçiligini we enjamlaryny öndürýär.

Без названия (5)

«Trend Micro» kiberhowpsuzlyk üçin programma üpjünçiligini döredýän ýapon kompaniýasydyr. Trend Micro sanly enjamlaryň howpsuzlygyny üpjün edýär.

Без названия (6)

GSMA assosiasiýasy dünýädäki yk­jam ara­gat­na­şyk ope­ra­tor­la­ry­nyň guramasydyr. Dünýäniň 800 töweregi öýjükli operatory GSMA-nyň doly agzasy we 400-den gowrak kompaniýanyň assosiasiýa agzasydyr.

Без названия (3)

«Kazahtelekom» milli kompaniýa statusyna eýe bolan Gazagystanyň telekommunikasiýa kompaniýasydyr. Gazagystanda kesgitlenen telefon aragatnaşygynyň iň uly operatory, şeýle hem milli maglumat geçiriş ulgamynyň iň uly operatorlaryndan biridir.

Без названия (7)

«PTT» Turkish post yzarlaýyş belgisi, aňsat tanamak we gözegçilik etmek üçin Türk Poçtasy arkaly iberilen her bukja ýa-da poçta ibermelerine bellenen özboluşly harp kodydyr.

 “Turkey Post” web saýty, PTT Kargo mobil programmasy ýa-da TrackingMore ýaly üçünji tarap yzarlaýyş hyzmaty arkaly ýollamalary yzarlap bolýar. Iberiş wagtynda önümleriň howpsuzlygyny üpjün etmek, netijelilik we jogapkärçilik poçta gullugynyň baş maksady bolup durýar. 

Aýgözel ANNAMÄMMEDOWA, 
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň «Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk kompaniýasynyň esasy hünärmeni.

16a85431de0068.jpeg
Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasynda elektron maglumat alyşmak ulgamy ýola goýuldy

2026-njy ýylyň awgust aýyndan başlap, Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasynda serhet arkaly geçirilýän harytlar hem-de ulag serişdeleri barada elektron görnüşde deslapky maglumatlary alyşmak ulgamy doly güýjünde işläp başlady. Sanly ulgam arkaly maglumat alyşmaklyk Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Gazagystanyň Maliýe ministrliginiň döwlet girdejiler Komitetiniň arasynda gazanylan ylalaşyga we onuň Tehniki şertlerine laýyklykda amala aşyrylýar.


16a853c5d3bad1.jpeg
“Türkmenistan” awiakompaniýasy oktýabrda Stambul, Kazan ugurlary boýunça gatnawlaryň sanyny artdyrar

“Türkmenistan” awiakompaniýasy 25-nji oktýabrdan başlap Aşgabatdan Stambul, Kazan, Ho Şi Min, Milan we Seul şäherlerine gatnawlarynyň sanyny artdyrmak bilen, birnäçe uçuşyň wagtyna hem üýtgeşmeler girizer. Bu barada awiakompaniýanyň web sahypasynda ýerleşdirilen uçuş tertibinde görkezilýär.


16a853467d81f3.png
“CAREC 2026”-iň çäginde “Akylly ulag we logistika” ugurdaş forum geçiriler

“CAREC 2026” işewürlik forumyna gatnaşmak isleýän hususy kompaniýalar üçin hasaba alyş möhleti 31-nji awgusta çenli uzaldyldy. Bu barada forumyň guramaçysy AÖB habar berýär.


16a85334b753b5.png
“Arkadag” futbol toparynyň AFK-2 Çempionlar ligasyndaky garşydaşlary belli boldy

Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde sişenbe güni geçirilen AFK-nyň ikinji Çempionlar ligasynyň 2026/2027 möwsüminiň toparlaýyn tapgyrynyň bije çekilişiniň netijesinde Türkmenistanyň häzirki çempiony “Arkadag” futbol toparynyň garşydaşlary belli boldy. Bu barada Aziýanyň Futbol Konfederasiýasy (AFK) habar berýär.


16a8531f1c1a51.jpeg
Türkmenistan bedew batly ösüşler bilen şanly baýrama we ählihalk forumyna barýar

Türkmenistan belent sepgitler we zähmet ýeňişleri bilen mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramyna hem-de onuň öňüsyrasynda 23-nji sentýabrda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine barýar.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.