«Digital Bridge 2023» atly halkara forumynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça gepleşikler geçirildi
16-10-23
Ozal hem habar berşimiz ýaly, Gazagyztan Respublikasynyň Astana şäherinde ýokary derejeli geçirilen «Digital Bridge 2023» atly halkara forumuna 30-dan gowrak ýurduň 20 000-den gowrak ygtyýarly wekilleri gatnaşdylar.
Halkara foruma Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym Jomart Tokaýew gatnaşyp, forumyň esasy maksadyny nygtamak bilen, innowasion ugurlar boýunça halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek we çuňlaşdyrmak, bu ugurlar boýunça tejribe alyşmak babatynda öňde goýlan wezipeler barada söz sözledi.
Forumyň umumy mejlisine TikTok kompaniýasynyň baş direktory Şou Çu, «Digital Nomads» jemgyýetini esaslandyryjy Aset Abdualiýew, ICPC gaznasynyň ýerine ýetiriji direktory Uilýam Pauçer, “SpaceX” -iň “Starlink” boýunça wise-prezidenti Loren Dreýer ýaly dünýä belli kompaniýalaryň wekilleri gatnaşdylar.
Forumyň dowamynda, birnäçe tegelek stol we duşuşyklar geçirilip, duşuşyklarda ösen tehnologiýalara aýratyn ünsi çekildi. Ykdysadyýetiň yzygiderli ösdürilmegi üçin IT hünärmenleriň täze pikirlerini ähli pudaklara üstünlikli ornaşdyrmak, geljegi uly innowasion taslamalary durmuşa geçirmek we şol ugurda halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şol duşuşyklaryň çäklerinde, «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň başlygy Hajymyrat Hudaýgulyýewiň ýolbaşçylygynda «Türkmentelekom» EAK-nyň Baş direktory Hojanyýaz Awganow bilen Gazagyztan Respublikasynyň «Innowasiýa, aerokosmiki we sanly ulgamy ösdürmek» boýunça ministri Musin Batyrbekuly we «Kazahtelekom» PJ-niň ýolbaşçysynyň arasynda gepleşikler geçirildi.
Duşuşykda hususanda, sanly ulgamy kämilleşdirmekde alnyp barylýan işler we halkara birikmelerine birleşýän üstaşyr aragatnaşyk geçirijileriniň sebitara bähbitleri we mümkinçilikleri barada giňişleýin durlup geçildi we bu ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrma gyzyklanma bildirildi.
Aýgözel ANNAMÄMMEDOWA,
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň «Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk kompaniýasynyň esasy hünärmeni.
Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasynda elektron maglumat alyşmak ulgamy ýola goýuldy
2026-njy ýylyň awgust aýyndan başlap, Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasynda serhet arkaly geçirilýän harytlar hem-de ulag serişdeleri barada elektron görnüşde deslapky maglumatlary alyşmak ulgamy doly güýjünde işläp başlady. Sanly ulgam arkaly maglumat alyşmaklyk Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Gazagystanyň Maliýe ministrliginiň döwlet girdejiler Komitetiniň arasynda gazanylan ylalaşyga we onuň Tehniki şertlerine laýyklykda amala aşyrylýar.
“Türkmenistan” awiakompaniýasy oktýabrda Stambul, Kazan ugurlary boýunça gatnawlaryň sanyny artdyrar
“Türkmenistan” awiakompaniýasy 25-nji oktýabrdan başlap Aşgabatdan Stambul, Kazan, Ho Şi Min, Milan we Seul şäherlerine gatnawlarynyň sanyny artdyrmak bilen, birnäçe uçuşyň wagtyna hem üýtgeşmeler girizer. Bu barada awiakompaniýanyň web sahypasynda ýerleşdirilen uçuş tertibinde görkezilýär.
“CAREC 2026”-iň çäginde “Akylly ulag we logistika” ugurdaş forum geçiriler
“CAREC 2026” işewürlik forumyna gatnaşmak isleýän hususy kompaniýalar üçin hasaba alyş möhleti 31-nji awgusta çenli uzaldyldy. Bu barada forumyň guramaçysy AÖB habar berýär.
“Arkadag” futbol toparynyň AFK-2 Çempionlar ligasyndaky garşydaşlary belli boldy
Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde sişenbe güni geçirilen AFK-nyň ikinji Çempionlar ligasynyň 2026/2027 möwsüminiň toparlaýyn tapgyrynyň bije çekilişiniň netijesinde Türkmenistanyň häzirki çempiony “Arkadag” futbol toparynyň garşydaşlary belli boldy. Bu barada Aziýanyň Futbol Konfederasiýasy (AFK) habar berýär.
Türkmenistan bedew batly ösüşler bilen şanly baýrama we ählihalk forumyna barýar
Türkmenistan belent sepgitler we zähmet ýeňişleri bilen mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramyna hem-de onuň öňüsyrasynda 23-nji sentýabrda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine barýar.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.