Halkara kiberhowpsuzlyk ulgamynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi
03-10-23
2023-nji ýylyň 3-4-nji oktýabry aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde geçirilýän ilkinji Kiberhowpsuzlyk boýunça «Cyber Security Central Eurasia 2023» atly halkara maslahatynyň 1-nji iş güni dowam edýär.
Maslahata gatnaşan dünýäniň onlarça döwletiniň 130 kompaniýasynyň 250-den gowrak ygtyýarlandyrylan wekilleri, özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen taslamalaryň aragatnaşyk pudagyna ähmiýeti barada giňişleýin durup geçdiler.
Gepleşikleriň barşynda, «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň ýanyndaky Döwlet Kiberhowpsuzlyk gullugy bilen Özbegistan Respublikasynyň «Kiberhowpsuzlyk merkezi» unitar edarasynyň arasynda ikitaraplaýyn möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy we kiberhowpsuzlyk ulgamynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.
Ähtnamada häzirki tehnologiýalar döwrüniň möhüm ugurlaryň biri bolan maglumat giňişligine we maglumat infrastrukturalarynyň obýektlerine gönükdirilen kiberhowplary ýüze çykarmak, olaryň öňüni almak we olara garşy çäreleri geçirmek wezipeleri, şol sanda maglumatlaryň ýerleşen sanly ulgamynyň goraglylygy ýaly wajyp wezipeler öz beýanyny tapdy.
Aýgözel ANNAMÄMMEDOWA,
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň «Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk kompaniýasynyň esasy hünärmeni.
Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasynda elektron maglumat alyşmak ulgamy ýola goýuldy
2026-njy ýylyň awgust aýyndan başlap, Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasynda serhet arkaly geçirilýän harytlar hem-de ulag serişdeleri barada elektron görnüşde deslapky maglumatlary alyşmak ulgamy doly güýjünde işläp başlady. Sanly ulgam arkaly maglumat alyşmaklyk Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Gazagystanyň Maliýe ministrliginiň döwlet girdejiler Komitetiniň arasynda gazanylan ylalaşyga we onuň Tehniki şertlerine laýyklykda amala aşyrylýar.
“Türkmenistan” awiakompaniýasy oktýabrda Stambul, Kazan ugurlary boýunça gatnawlaryň sanyny artdyrar
“Türkmenistan” awiakompaniýasy 25-nji oktýabrdan başlap Aşgabatdan Stambul, Kazan, Ho Şi Min, Milan we Seul şäherlerine gatnawlarynyň sanyny artdyrmak bilen, birnäçe uçuşyň wagtyna hem üýtgeşmeler girizer. Bu barada awiakompaniýanyň web sahypasynda ýerleşdirilen uçuş tertibinde görkezilýär.
“CAREC 2026”-iň çäginde “Akylly ulag we logistika” ugurdaş forum geçiriler
“CAREC 2026” işewürlik forumyna gatnaşmak isleýän hususy kompaniýalar üçin hasaba alyş möhleti 31-nji awgusta çenli uzaldyldy. Bu barada forumyň guramaçysy AÖB habar berýär.
“Arkadag” futbol toparynyň AFK-2 Çempionlar ligasyndaky garşydaşlary belli boldy
Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde sişenbe güni geçirilen AFK-nyň ikinji Çempionlar ligasynyň 2026/2027 möwsüminiň toparlaýyn tapgyrynyň bije çekilişiniň netijesinde Türkmenistanyň häzirki çempiony “Arkadag” futbol toparynyň garşydaşlary belli boldy. Bu barada Aziýanyň Futbol Konfederasiýasy (AFK) habar berýär.
Türkmenistan bedew batly ösüşler bilen şanly baýrama we ählihalk forumyna barýar
Türkmenistan belent sepgitler we zähmet ýeňişleri bilen mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramyna hem-de onuň öňüsyrasynda 23-nji sentýabrda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine barýar.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.