2023-nji ýylyň 3-4-nji oktýabry aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde Kiberhowpsuzlyk boýunça «CSS 2023» atly halkara maslahaty geçirilýär

03-10-23

Guramaçylykly we ýokary derejede geçirilýän Kiberhowpsuzlyk boýunça «CSS 2023» atly halkara maslahatynyň 1-nji iş gününe dünýäniň onlarça döwletiniň ygtyýarlandyrylan wekilleri hem-de «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň başlygynyň ýolbaşçylyk etmeginde wekiliýeti gatnaşdylar.

Kiberhowpsuzlyk boýunça «CSS 2023» atly halkara maslahatynda sebit boýunça maglumatlaryň kiber howplara garşy goraglylygyny üpjün etmek, döwrebap sanly çözgütleri işläp düzmek, bu ugurda tejribe alyşmak we sebitara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de netijeli ösdürmek baradaky halkara derejeli meselelere möhüm ähmiýet berildi.

Maslahatyň dowamynda, «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň başlygy H.Hudaýgulyýew bilen Özbegistan Respublikasynyň Sanly tehnologiýalar ministri Ş.Şermatowyň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň çäklerinde Kiberhowpsuzlyk babatda hyzmatdaşlyk etmek, maglumatlaryň kiber howplara garşy goraglylygyny üpjün etmek, Maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalary hem-de maglumat howpsyzlygy we sanly ykdysadyýeti ösdürmekde hünärmenleri taýýarlamak babatynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşyldy.

Aýgözel ANNAMÄMMEDOWA, 
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň «Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk kompaniýasynyň esasy hünärmeni.

16a85431de0068.jpeg
Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasynda elektron maglumat alyşmak ulgamy ýola goýuldy

2026-njy ýylyň awgust aýyndan başlap, Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasynda serhet arkaly geçirilýän harytlar hem-de ulag serişdeleri barada elektron görnüşde deslapky maglumatlary alyşmak ulgamy doly güýjünde işläp başlady. Sanly ulgam arkaly maglumat alyşmaklyk Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Gazagystanyň Maliýe ministrliginiň döwlet girdejiler Komitetiniň arasynda gazanylan ylalaşyga we onuň Tehniki şertlerine laýyklykda amala aşyrylýar.


16a853c5d3bad1.jpeg
“Türkmenistan” awiakompaniýasy oktýabrda Stambul, Kazan ugurlary boýunça gatnawlaryň sanyny artdyrar

“Türkmenistan” awiakompaniýasy 25-nji oktýabrdan başlap Aşgabatdan Stambul, Kazan, Ho Şi Min, Milan we Seul şäherlerine gatnawlarynyň sanyny artdyrmak bilen, birnäçe uçuşyň wagtyna hem üýtgeşmeler girizer. Bu barada awiakompaniýanyň web sahypasynda ýerleşdirilen uçuş tertibinde görkezilýär.


16a853467d81f3.png
“CAREC 2026”-iň çäginde “Akylly ulag we logistika” ugurdaş forum geçiriler

“CAREC 2026” işewürlik forumyna gatnaşmak isleýän hususy kompaniýalar üçin hasaba alyş möhleti 31-nji awgusta çenli uzaldyldy. Bu barada forumyň guramaçysy AÖB habar berýär.


16a85334b753b5.png
“Arkadag” futbol toparynyň AFK-2 Çempionlar ligasyndaky garşydaşlary belli boldy

Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde sişenbe güni geçirilen AFK-nyň ikinji Çempionlar ligasynyň 2026/2027 möwsüminiň toparlaýyn tapgyrynyň bije çekilişiniň netijesinde Türkmenistanyň häzirki çempiony “Arkadag” futbol toparynyň garşydaşlary belli boldy. Bu barada Aziýanyň Futbol Konfederasiýasy (AFK) habar berýär.


16a8531f1c1a51.jpeg
Türkmenistan bedew batly ösüşler bilen şanly baýrama we ählihalk forumyna barýar

Türkmenistan belent sepgitler we zähmet ýeňişleri bilen mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramyna hem-de onuň öňüsyrasynda 23-nji sentýabrda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine barýar.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.