Ak ýollarda hasyl bolan arzuwlar
30-09-23
«Çekseň zähmet — ýagar rehnet» diýlişi ýaly, hormatly Prezidentimiz zähmet çekýän adama uly sarpa goýýar. Yhlas bilen islendik bir işiň başyna barsaň ýetdirmejek sepgit ýok. Bu Ahmetjan Raimowyň durmuşynda-da şeýle boldy. Ol hem beýleki bagtyýar ildeşlerimiz ýaly, “Kesbinden kemal tapan” diýilýänlerden. Ahmetjan ykbalyny sürüjilige baglap, özüniň ömrüniň manysyny ilimize döwrebap hyzmat etmekde görýär. Şonuň üçin hem ol indi otuz ýyldan gowrak bäri “Türkmenaawtoulaglary” agentliginiň “Lebapawtoulag” önümçilik birleşiginiň ýük awtoulag sürüjisi bolup, ak ýürekden zähmet çekýär.
Şu ýyl Ahmetjan Raimowa watan öňünde bitiren ajaýyp işleri üçin Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medalynyň berilmegi halypa sürüjiniň göwün guşuny ganatlandyrdy. Bu bagtyýar ildeşimiziň zähmet hem durmuş ýoly barada bilmek sizede ýakymly bolsa gerek.
Ynsan ömrüniň otuz ýyly, elbetde, az möhlet däl. Ahmetjan aga ömrüniň şonça bölegini bu ulgama bagyş eden, ýük awtoulagy bilen bagry badaşan sürüjidir. Ol awtomobil ulgamynda ençe ýyllaryň dowamynda zähmet çekip taplanan, ýaş sürüjilere görelde görkezýän halypa hökmünde tanalýar. Ahmetjan aganyň ýük ulaga sürüjiligine bolan höwesi ony 1993-nji ýylda, 27 ýaşynyň içinde “Lebapawtoulag” önümçilik birleşiginiň gapysyndan eltdi. Gözlerinden dogumlylyk duýlup duran ýigide, eýýäm ilkinji günlerden uly ýük ulagynyň sürüjiligini ynandylar. Bu ynamy ödemegi berk ýüregine düwen ýaş sürüji ýakyn wagtda dolandyrýan ulagyny abat we arassa saklamakda, ýol hereketiniň kadalyryny doly we dogry berjaý etmekde beýleki kärdeşlerine görelde boldy.
Eýýäm 57 ýaşy arka atan Ahmetjan aga häzir hem ýük ulagyny dolandyrmakda ýaşlardan öňürdäýmese, peslär ýaly däl. Ýyllar bilen topalanan tejribe, öz hünärine bolan çäksiz hormat söýgi ony halypalyga ýetirdi. Ol mydama şägirtlerine “Dolandyrýanyň uly ýük ulagy bolsa onuň uzak ýolda döwüleri bolýar, tekeriniň ýel goýbermesi bolýar garaz, azaby az däl. Şeýle pursatlarda aljyraman, kimdir birini günäkärlemen ulagyňy täzeden bejerip, alyp barýan ýüküňi öz wagtynda hökman eltmegi öz öňüňde baş maksat edip goýmaly” diýip sargyt edýär.
Hawa, biregne 30 ýyllap yhlasly zähmet çeken halypanyň durmuşynda şu ýylyň güýzi beýlekilerden has ýatdagalyjy boldy. Çünki, bütin ömrüni bir käre bagyşlan Ahmetjan Raimow hem, birnäçe kärdeşleri bilen bir hatarda Şa serpaýyna mynasyp boldy. “Watana bolan söýgüsi üçin” medalyna mynasyp bolan halypa, bu pursady “Arkadagly Serdarymyzyň ynamyna mynasyp bolandygyma çäksiz buýsandym”, “Çeken zähmetime döwletimiziň beren ýokary bahasy” ýaly söler bilen ýatlaýar. Bütin ömür halallyk bilen öz zähmetini ykbala öwüren halypanyň, çekýän zähmetine döwlet tarapyndan mynasyp sarpa goýulandygy üçin hormatly Prezidentimize alkyşy çäksiz. Ýurt Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllygynyň şanly toýunda il-ýurt bähbitli bitiren işleri üçin Şa serpaýyna eýe bolan sürüjiniň öz kärine bolan hormaty has-da artyp, işlemäge bolan höwesi ruhuny belende göterýär.
Halypa sürüjiniň zähmet ýoly baradaky ýakymly ýatlamalaryny, gürrüňlerini dykgat bilen diňläp oturşymyza Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata-babalarymyzdan miras galan halypa-şägirtlik gatnaşyklaryna ak ýol açyp, oňa täze, döwrebap röwüş beren hormatly Prezidentimize buýsanjyň ýene bir ýola kalbyňa dolýar. Ýadygär gelnejemiz bilen sylag-hormatly maşgalabaşy hökmünde tanalýan Ahmetjan aganyň hormatly Prezidentimiziň eýe eden eşretli eýýamynda ýurdumyzda zähmet adamsy baradaky aladanyň döwlet derejesine çykýanlygyndan hem göwni diýseň hoş. Bu işleriň sakasynda duran we ýurdumyzyň abraý-mertebesini barha beýgeldýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Serdarymyza bu günki gün tutuş dünýä guwanýar, alkyşlaýar. Il alkyşy bolsa altyna deňelýär. Goý, hoş arzuwlaryň hasyl bolýan ýurdunda ýaşaýan bagtyýar ildeşlerimizi bagtyň gujagynda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň, Gahryman Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Möwlam HAÝTGULYÝEW,
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň «Lebapawtoulag» önümçilik birleşiginiň mehanigi, ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy.
Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasynda elektron maglumat alyşmak ulgamy ýola goýuldy
2026-njy ýylyň awgust aýyndan başlap, Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasynda serhet arkaly geçirilýän harytlar hem-de ulag serişdeleri barada elektron görnüşde deslapky maglumatlary alyşmak ulgamy doly güýjünde işläp başlady. Sanly ulgam arkaly maglumat alyşmaklyk Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Gazagystanyň Maliýe ministrliginiň döwlet girdejiler Komitetiniň arasynda gazanylan ylalaşyga we onuň Tehniki şertlerine laýyklykda amala aşyrylýar.
“Türkmenistan” awiakompaniýasy oktýabrda Stambul, Kazan ugurlary boýunça gatnawlaryň sanyny artdyrar
“Türkmenistan” awiakompaniýasy 25-nji oktýabrdan başlap Aşgabatdan Stambul, Kazan, Ho Şi Min, Milan we Seul şäherlerine gatnawlarynyň sanyny artdyrmak bilen, birnäçe uçuşyň wagtyna hem üýtgeşmeler girizer. Bu barada awiakompaniýanyň web sahypasynda ýerleşdirilen uçuş tertibinde görkezilýär.
“CAREC 2026”-iň çäginde “Akylly ulag we logistika” ugurdaş forum geçiriler
“CAREC 2026” işewürlik forumyna gatnaşmak isleýän hususy kompaniýalar üçin hasaba alyş möhleti 31-nji awgusta çenli uzaldyldy. Bu barada forumyň guramaçysy AÖB habar berýär.
“Arkadag” futbol toparynyň AFK-2 Çempionlar ligasyndaky garşydaşlary belli boldy
Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde sişenbe güni geçirilen AFK-nyň ikinji Çempionlar ligasynyň 2026/2027 möwsüminiň toparlaýyn tapgyrynyň bije çekilişiniň netijesinde Türkmenistanyň häzirki çempiony “Arkadag” futbol toparynyň garşydaşlary belli boldy. Bu barada Aziýanyň Futbol Konfederasiýasy (AFK) habar berýär.
Türkmenistan bedew batly ösüşler bilen şanly baýrama we ählihalk forumyna barýar
Türkmenistan belent sepgitler we zähmet ýeňişleri bilen mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramyna hem-de onuň öňüsyrasynda 23-nji sentýabrda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine barýar.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.