Logistika ulgamy ösüşleriň täze belentliklerine tarap

05-09-23

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň ulag ulgamlarynyň köpugurly düzümlerini döretmek hakyndaky yzygiderli öňe sürýän başlangyçlary sebitiň ägirt uly ykdysady mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge ýardam edýär. Munuň özi parahatçylygyň pugtalandyrylmagyna, howpsuzlygyň, durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň üpjün edilmegine uly goşant goşýar. Şeýlelik bilen, Beýik Ýüpek ýolunyň çatrygynda ýerleşýän ýurdumyz Ýewraziýa yklymynyň köp sanly ýurtlaryny birleşdirýän döwlete öwrülýär. Logistik strategiýany ösüşiň esasy ugry hökmünde kesgitleýän hem-de Ýewropa bilen Aziýany birleşdirýän Türkmenistan ulag düzümlerini kemala getirmekde we halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmekde geljegi nazarlaýan täze ýollary açýar.

Logistika ulgamy dürli ulag görnüşlerini ulanmak we bu ugurda menejmenti ösdürmek bilen, halkara ýükleriň amatly, çalt we howpsuz daşalmagyny üpjün edýär. Bu bolsa dünýä bazarlarynyň ösýän döwründe ulag-aragatnaşyk infrastrukturalaryň ösmegine, halkara hyzmatdaşlygyň işjeňleşmegine amatly şertleri döredýär. Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek, ilatyň ýaşaýşynyň hilini ýokarlandyrmak, ykdysady ösüşi gazanmak üçin ulag ulgamyny ösdürmegiň, bu ugurda halkara tagallalarynyň birleşdirilmeginiň ähmiýeti uludyr. Ýurdumyzda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleriniň ulag ulgamyny ösdürmäge gönükdirilen iri taslamalaryň birnäçesi durmuşa geçirildi we bu işler häzirki döwürde hem dowam edýär.

Ýurdumyzyň logistika ulgamynyň ähli görnüşleri dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýalaryny we tehnikalaryny ornaşdyrmak arkaly ösdürilýär. Ulag logistikasyny ösdürmegiň esasy şertleriniň biri hökmünde hyzmat edýän «Demirgazyk — Günorta» we «Günbatar — Gündogar» häzirki zaman halkara ulag geçelgeleriniň döredilmegi ugrundaky işler üstünlikli alnyp barylýar. Bu ýollaryň Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň üstünden geçmegi, Hazaryň türkmen kenarynda jemlenmegi, Türkmenbaşy Halkara deňiz porty arkaly multimodal ulag logistikasyny iş ýüzünde amala aşyrmaga giň mümkinçilikleri döredýär. Çünki Aziýany we Ýewropany birikdiriji köpri bolup hyzmat edýän bu wajyp ulag halkasy döwletimiziň ulag ulgamynda möhüm orny eýeleýär. Bular bilen bir hatarda dünýäniň iri ykdysady ulgamlaryny birleşdirýän, halkara ulag gatnawlaryny ösdürmegi maksat edinýän Ýewropa — Kawkaz — Aziýa geçelgesi (TRASEKA) ýükleriň daşalyşyny artdyrmak üçin milli ulag ulgamyny täze derejä çykarmaga itergi berer.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hem Türkmenistanyň ykdysady we durmuş ösüşiniň möhüm şerti hökmünde köpugurly ulag-logistika düzümini döretmekden ybaratdyr.

Bu ulgamda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy hem-de Arkadagly Serdarymyzyň tagallalary bilen giň gerimli taslamalar, şol sanda hereket edýän awtomobil we demir ýollarynyň durkuny döwrebaplaşdyrmak, täze ugurlaryny gurmak, raýat awiasiýasynyň, gämigurluşygynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny düýpli özgertmek hem-de giňeltmek boýunça ägirt uly işler durmuşa geçirilýär.

“Ýedi ýoluň çatrygy” diýlip atlandyrylan Türkmenistanyň çäginden gadymy döwürlerde Beýik Ýüpek ýoly geçipdir. Ol Aziýany we Ýewropany söwda hem-de medeni gatnaşyklar bilen baglanyşdyrypdyr. Yklymara ýollaryň çatrygynda ýerleşýän ýurdumyz häzirki döwürde hem adamzat ösüşinde uly ähmiýete eýe bolan bu meşhur ýoly täze taryhy şertlerde gaýtadan dikeldýär.

Ulag-logistika ulgamy dünýä ykdysadyýetiniň we söwdasynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Bu ulgamda menejmentiň hem-de bazar hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy dünýäniň hojalyk gatnaşyklarynyň berkemegine gönüden-göni täsir edýär, durnukly ösüşiň wezipelerini çözmekde möhüm orny eýeleýär. Şoňa görä-de, hormatly Prezidentimiziň dünýä bileleşiginiň giň goldawyna mynasyp bolan oňyn başlangyçlarynyň örän wajypdygy äşgärdir. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan biragyzdan kabul edilen degişli Kararnamalar hem munuň aýdyň subutnamasydyr.

Türkmenistanyň çäk taýdan örän amatly — Ýewropa gatnaw ýollarynyň çatrygynda ýerleşmegini hem-de bu ulgamda bar bolan kuwwaty nazara almak bilen, halkara ölçeglere laýyk gelýän we ulaglaryň ähli görnüşlerini, şol sanda demir ýol, atomobil, deňiz we howa ulagyny özüne birleşdirýän multimodal logistika ulgamyny ösdürmek Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi.

Milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen durnukly ösüşiň wajyp şerti hökmünde halkara ulag-üstaşyr geçelgeleriniň döredilmeginiň ileri tutulmagy Watanymyzyň logistika ulgamynda sebit we yklymara ähmiýetli iri taslamalary durmuşa geçirmäge mynasyp goşant goşýar. Ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi we halkymyzyň bolelin durmuşda ýaşamagy üçin arman-ýadaman zähmet çekýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Maral ATAJANOWA,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Logistika kafedrasynyň mugallymy.

16a3a0b5521b7e.png
Azerbaýjan Türkmenistana “Dostluk” nebit tankerini sowgat berdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Azerbaýjan Respublikasyna amala aşyrýan döwlet saparynyň çäklerinde duşenbe güni iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň we resmi wekiliýet agzalarynyň gatnaşmagynda Bakuda “Dostluk” nebit tankeriniň gowşurylmagyna bagyşlanan dabara geçirildi. Bu barada "Türkmenistan" gazeti habar berýär.


16a3a0eb05ccef.jpeg
«Türkmentelekom» işewürlik üçin «Call-center» hyzmatyny hödürleýär

«Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk kompaniýasy ýuridiki şahslar üçin kiçi, orta we iri telekeçilige niýetlenen «Call-center» hyzmatyny hödürleýär.


16a3a0c9528ad7.jpeg
Türkmenistanyň Migrasiýa gullugy täze tehnologiýalary ornaşdyrýar we halkara dialogyny giňeldýär

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy migrasiýa gözegçiliginiň we dolandyryşynyň milli ulgamyna dünýäniň öňdebaryjy tejribelerini hem-de tehnologik innowasiýalaryny ornaşdyrmaga yzygiderli çalyşýandygyny görkezýär. Edarany ösdürmek we halkara hyzmatdaşlygyny berkitmek boýunça toplumlaýyn strategiýanyň çäklerinde, gullugynyň wekilleri şu ýylyň iýun aýynda birnäçe iri daşary ýurt we sebitara çärelerine gatnaşdylar.


16a3a0a7f0add1.jpeg
Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligine badalga berildi

22-nji iýunda Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynda ýurdumyzda giňden bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabatlanyp geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň açylyş dabarasy boldy.


16a38be82ad36f.jpeg
Türkmenistan demir ýol ulaglary pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkidýär

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Annaýew şenbe güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde demir ýol ulaglary pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da berkitmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.