«Altyn Asyr» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti «Oraza» hyzmatyny ýola goýdy
23-03-23

«Altyn Asyr» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti täze «Oraza» atly USSD hyzmatyny ýola goýdy. Abonentler agyz beklenýän we açylýan wagtlaryny tölegsiz «Oraza» hyzmatyndan peýdalanyp, anyklap bilerler.
Hyzmaty telefonyňyzda ýörite buýruklary aýlap ulanyp bilersiňiz:
-
*0870*1# — Ahal welaýaty we Aşgabat şäheri üçin;
-
*0870*2# — Balkan welaýaty üçin;
-
*0870*3# — Daşoguz welaýaty üçin;
-
*0870*4# — Mary welaýaty üçin;
-
*0870*5# — Lebap welaýaty üçin.
Ozal habar berşimiz ýaly, 2023-nji ýylda Remezan 23-nji martyň säheri bilen başlanar we 20-nji aprel gijesine çenli dowam eder. 21-nji apreliň säherinde bolsa Oraza baýramy belleniler.
https://turkmenportal.com/tm/blog/59535/operatorom-sotovoi-svyazi-altyn-asyr-vnedrena-usluga-oraza

Aragatnaşyk we awiasiýa pudagynda maslahat geçirildi
9-njy iýulda, Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Awiasiýa we aragatnaşyk işgärleriniň KA-nyň Geňeşiniň guramagynda «Halypalaryň tejribe mekdebi şägirtlere görelde hem ýörelge» atly sorag-jogaply duşuşyk maslahaty geçirildi.

BMG-niň Awazadaky forumynda žurnalistler üçin zerur şertler dörediler
Balkan welaýatyna iş saparynyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Awazada BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň geçiriljek toplumynyň binalarynyň enjamlaşdyrylyş derejesi bilen hem gyzyklandy.

Ýewropa Bileleşigi Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi
2025-nji ýylyň 8-nji iýulynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça ýokary wekili, Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti hanym Kaýa Kallasyň arasynda telefon söhbetdeşligi boldy.

«Ýolagçy» goşundysynyň täzelenmesi işe girizildi
Jemgyýetçilik ulaglarynyň gatnaw ugurlaryny yzarlamaga niýetlenen «Ýolagçy» mobil goşundysy indi Aşgabat we Arkadag şäherlerinde ulanyjylaryň mümkinçiliklerini has-da giňeldýän möhüm täzelenmä eýe boldy.

Gazagystan Turgundy-Hyrat demir ýol gurluşygyna maýa goýýar
Gazagystan Owganystanyň çäklerinde Turgundy-Hyrat demirýol ugrunyň gurluşygyna maýa goýmagy meýilleşdirýär. Bu barada Gazagystanyň Premýer-ministri Olžas Bektenow Azerbaýjanyň Baku şäherinde geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarynyň wezipesini ýerine ýetiriji Abdul Gani Baradar bilen bolan duşuşygynda belläp geçdi.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.