BEREKEDIŇ ÇEŞMESI
29-03-23
Hormatly Prezidentimiz oba hojalygyny durnukly ösdürmek hem-de azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmak maksady bilen, tygşytlaýjy tehnologiýalary, öňdebaryjy tejribäni we bu ulgamda ylmyň iň soňky gazananlaryny ornaşdyrmak arkaly suwdan peýdalanmagyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň zerurdygyny nygtaýar. Suw serişdelerini dolandyrmaga, ugurdaş düzümleri döwrebaplaşdyrmaga, täze pudaklaýyn desgalary, suwaryş ulgamlaryny gurmaga toplumlaýyn, oýlanyşykly çemeleşmek zerurdyr. Ekin meýdanlary suwarylanda, ekinleriň dürli görnüşleri üçin suwuň sarp edilişini hem-de ýerli toprak-howa şertlerini göz öňünde tutmak möhümdir.
Suw damjasyny zer dänesine deňän ata-babalarymyz suwuň gadyr-gymmaty,onuň ynsan durmuşynda tutýan orny hakynda «Suw – atadyr, ýer – ene», «Suwuň ýok ýerinde ýaşaýyş ýok», «Gyş suwy – gyzyl suwy», «Suw berseň, akary bilen, mal berseň, bakary bilen», «Suwly ýer – gül, suwsuz ýer – çöl», «Suw ýygnanyp köl bolar, köp ýygnanyp – il» diýen nakyllary nesillere miras goýupdyrlar.
Dünýäde ekinleri suwarmaklygyň birnäçe usullary giňden ulanylýar. Olar esasanam, her ýeriň öz toprak howa şertlerine baglylykda önümçilige ornaşdyrylýar. Ýagyş ýagdyryp suwarmak usuly ýagyş ýagdyryjy maşynlaryň kömegi bilen suwakymyny ýagyş damjalaryna öwrüp, ekinleri suwarmakdyr. Bu usul XIX asyryň ahyrlarynda ilkinji gezek ulanylyp, XX asyryň 30-njy ýyllarynda önümçilige ornaşdyrylyp başlandy.
Mälim bolşy ýaly, ýagyş ýagdyryjy maşynlarsuwy ownuk damjalara öwrüp, ekinleriň üstüne sepýär.Olar işleýiş düzgüni boýunça suwy çeşmesinden alyp duran ýerinde işleýän we hereketedip barýarka işleýän görnüşde bolýar. Duran ýerinde ýagyş ýagdyryjy maşynlar ýörite traktorlara dakylýar. Ýagyş ýagdyryjy maşynlarda suw bilen bile dökün berer ýaly enjam hem göz öňünde tutulandyr. Hereketedip barýarka, suwarýan maşynlaryň üstünde pyrlanyp işleýän ýagyş ýagdyryjy enjam oturdylýar. Ol suw akymyny ýagyş damjalaryna öwürýän we ony ekin meýdanyna ýaýradýan süýşýän bölekleri bolan guraldyr. Bulardan başgada, ýagyş ýagdyryjy gurallar täsir ediş radiuslary boýunça kelte,orta we daşa çüwdürimli görnüşlere bölünýärler.
Ýurdumyzda ýagyş ýagdyrmak usulyny dänelik, ot iýmlik,tehniki ekinleri, köp ýyllyk otlary, nahallary, gülleri, ýyladyşhanadaky ekinleri suwarmak üçin ulanmak netijelidir. Bu ýerlerde, esasan, ýakyn aralyga suw pürkýän ýagyş ýagdyryjy maşynlary ulanmak has bähbitlidir. Damja bilen suwarmak usuly XX asyryň 30-njy ýyllarynda döredildi. Damja bilen suwaryş ulgamy ekiniň talabyna we suw sarp edişine görä, yzygiderli suw bilen üpjün etmäge mümkinçilik berýär.
Beýleki usullar bilen deňeşdireniňde, onuň artykmaçlyklary köpdür. Damja bilen suwarmak usulynda suwuň örän tygşytly ulanylmagy netijesinde, ýeriň üstünden suwarmak bilen deňeşdirilende, suw 2–4 esse az sarp edilýär. Suw diňe ekinleriň kökleriniň ýerleşen ýerine berilýär,ekinleriň hatararalygynyň gury bolmagy bejergi işini suw tutulyp durka hem geçirmäge mümkinçilik berýär.
Ýokarda agzalanlardan ugur alyp, bu usuly ýurdumyzda giňden ulanmak amatly hasaplanýar. Ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň wekilleri we oba hojalykçy telekeçiler ekin meýdanlaryna ylmy taýdan esaslandyrylan damjalaýyn suwaryş ulgamyny yzygiderli ornaşdyrýarlar. Damjalaýyn suwaryş ulgamy suw serişdelerini diňe bir tygşytly peýdalanmaga ýardam etmekbilen çäklenmän, eýsem, olaryň üsti bilen agaçlardyr ekinlere mineral dökünleri hem berip bolýar.
Berdi ANNASEÝIDOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Gidromeliorasiýa hünäriniň 4-nji ýyl talyby.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
GARAŞSYZLYK - KALBYMYZYŇ AÝDYMY
Eziz Watanymyz Türkmenistan baky Bitaraplygyň, bagtyýarlygyň we beýik ösüşleriň mekany hökmünde şanly seneleriň, taryhy wakalaryň röwşen nuruna beslenip, täze belentliklere tarap ynamly öňe barýar. Halkymyzyň milli buýsanjy, asudalygynyň hem-de berkararlygynyň synmaz binasy bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýuny garşylamaga ýurdumyzyň ähli künjeginde uludan taýýarlyk görülýär.
GARAŞSYZLYK – KÖŇÜLLERIŇ BUÝSANJY
Häzirki ajaýyp döwrümizde bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda dowam edýär, beýik işler halkymyzy buýsandyrýar. Ylym-bilimde döredilýän giň mümkinçilikler, täze bilim ojaklary bilim işgärlerini has-da döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar.
BAGTYÝAR GELJEGE YNAMLY GADAM
Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistan dünýä kartasynda özüniň parahatçylyk söýüji daşary syýasaty, güýçli ykdysadyýeti we berk jemgyýetçilik agzybirligi bilen tanalýan kuwwatly döwlete öwrüldi. Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk dabaraly baýramyna barýan ýolumyz - bu beýik gurluşyklaryň, ylym-bilimiň ösüşiniň, jemgyýetçilik-syýasy özgerişleriň taryhydyr.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.