Ak uçarlar — «mawy asmanyň» görki
21-11-22
Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň aragatnaşyk ulgamynyň esasy pudaklarynyň biri bolan raýat awiasiýasynda uly ösüşler gazanylýar. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen işlenip taýýarlanan we Arkadagly Serdarymyzyň tagallasy bilen dowam etdirilýän «Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň 2012 — 2030-njy ýyllar üçin milli Maksatnamasyna» laýyklykda, pudak üçin täze, döwrebap howa menzillerini, inžener-tehniki desgalary gurmak, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak, häzirki zaman uçarlaryny we tehnikalary satyn almak işleri ýokary depginlerde amala aşyrylýar.
Ýurdumyzyň Halkara howa menzilleri üstaşyr gatnawlary amala aşyrmak, ýükleri daşamak, dünýäniň dürli künjeginden gelýän ýolagçylara edilýän hyzmatyň medeniýetini ýokarlandyrmak ýaly işlere ýöriteleşdirilendir. Soňky ýyllarda «Türkmenhowaýollary» agentliginiň «howa gämileriniň» iň täze görnüşleri bilen baýlaşdyrylmagy bu işleri talabalaýyk alyp barmaga ýardam edýär.
Häzirki döwürde ýurdumyzyň Halkara howa menzillerinde dürli kysymly uçarlar hereket edýär. Olaryň aglabasy dünýäde uly meşhurlyga eýe bolan «Boinglerdir». Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň «Boeing Everett Factory» zawodynyň önümi bolan bu uçarlar özüniň kämilligi bilen bir hatarda, içki rahatlygy bilen hem tapawutlanýarlar.
Döwrebap «General Electric» hereketlendirijisi bilen üpjün edilen şeýle uçarlar howa giňişliginde diýseň tiz hereket etmäge ukyplydyr. Munuň özi ýolagçylaryň wagtyny tygşytlamagyny, ýükleri öz wagtynda barmaly nokadyna bökdençsiz barmagyny üpjün edýär. Häzirki wagtda milli awiakompaniýa ýerli gatnaw ugurlary bilen bir hatarda, Moskwa, Kazan, Abu-Dabi, Frankfurt, Minsk, Pekin, Stambul ýaly we ýene-de birnäçe ugurlar boýunça gatnawlary yzygiderli amala aşyrýarlar. Ýokary derejede tälim alan ezber türkmen uçarmanlary Ýewropa bilen Aziýanyň arasynda ýük gatnawynyň hem gerimini giňeltmek bilen, «howa köprüsiniň» dynuwsyz hereketini üpjün edýärler.
Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyzda agzybir halkymyzy ösüşlerden ösüşlere alyp barýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, tutumly işleri rowaç bolsun!
Maksat MUHAMMEDOW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Mehanika-tehnologik fakultetiniň dekany.
ÇÄRE GEÇIRILDI
18-nji martda «Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň mejlisler jaýynda Aşgabat şäherindäki demir ýol ulaglary orta hünär okuw mekdebiniň talyp ýaşlarynyň arasynda neşe serişdeleriniň zyýany we ýangyn howpsuzlyk düzgünleri, sagdyn durmuş kadalaryny we milli ahlak ýörelgelerini ýaýbaňlandyrmak maksady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
«Sanly çözgüt – IT meýdança» HJ-de mekdep okuwçylarynyň arasynda informatika dersi boýunça bäsleşik geçirildi
Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda sanly tehnologiýalary durmuşa ornaşdyrmak, täze sanly taslamalary işläp taýýarlamak, raýatlaryň tehnologik sowatlylygyny ýokarlandyrmak we bu ugurda täze pikir-garaýyşlaryny durmuşa geçirip biljek ökde hünärmenleri taýýarlamak möhüm wezipeleriň hatarynda durýar.
Nowruz baýramy mynasybetli şäherara ugurlar boýunça goşmaça awtobus gatnawlary ýola goýlar
Türkmenistanda Halkara Nowruz güni – Milli bahar baýramy mynasybetli giň gerimli we şowhunly dabaralar geçiriler. Bu baýram tebigatyň oýanmagyny, bolçulygy we ýaz paslynyň gelmegini alamatlandyryp, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde uly şatlyk-şowhun bilen belleniler.
Türkmenistan emeli aň we maglumat merkezleri boýunça milli strategiýa taýýarlar
Türkmenistanyň aragatnaşyk ministri Hajymyrat Hudaýgulyýew milli maglumatlary gaýtadan işlemek merkezini (Data Center) gurmak, emeli aň boýunça döwlet strategiýasyny işläp taýýarlamak hem-de «Türkmentelekom» kärhanasynyň esasynda ýöriteleşdirilen Emeli aň ösüş merkezini döretmek meýilnamalary barada habar berdi. Bu barada ministriň «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara forumda eden çykyşynda aýdyldy.
Mogilýow wagon gurluşyk zawody Türkmenistanyň bazaryna girmegi meýilleşdirýär
Aşgabatda geçirilýän «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» (IFT 2026) atly halkara forumynyň gatnaşyjylarynyň arasynda Mogilýow wagon gurluşyk zawodynyň wekilleri hem bar.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.