Garaşsyz Watanyň guwanjy — ýaşlar
21-05-25

Garaşsyzlyk ýyllary içinde geçilen şöhratly ýola nazar aýlanyňda ýurdumyzyň häzirki wagta çenli gazanan üstünlikleri, beýik ösüşleri ýüregiňe buýsanç duýgularyny eçilýär. Şeýle okgunly öňegidişlikleriň bu günki gün Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda beýik işler bilen mynasyp dowam etdirilýändigi bolsa bagtyýar raýatlarymyzy döredijilikli zähmet çekmäge, agzybirlikde, jebislikde täze-täze zähmet üstünliklerini gazanmaga ruhlandyrýar.
Bilşimiz ýaly, ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda ýaşlar aýratyn orny eýeleýär. Berkarar döwletimizde yglan edilen 2025-nji — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň hem ýaşlar syýasatynyň täzeçe röwüşde dabaralanýan ýylydygyny buýsanç bilen aýdyp bileris. Gahryman Arkadagymyzyň ýaş nesiller bilen yzygiderli duşuşyp, olaryň geljekki ykbaly bilen gyzyklanmagy, arzuw-isleglerini diňläp, gymmatly öwüt-nesihatlaryny bermegi, ýaşlarymyzyň röwşen geljegine gönükdirilen möhüm çözgütleriň durmuşa geçirilmeginde taýsyz tagallalary edip, ajaýyp başlangyçlaryň amala aşyrylmagy üçin her bir işi maslahatly, geňeşli çözmegi indi ýurdumyzda asylly däbe öwrüldi.
Berkarar döwletimiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Diýarymyzyň abadanlaşdyrylan, ýokary hilli ýaşaýyş jaý toplumlary gurulýan, öňdebaryjy tehnologiýaly iri senagat toplumlary döredilýän obadyr şäherçelerini, etrap merkezlerini, şäherlerini synlanyňda ertelerimiziň nurana, geljegimiziň ýagty boljakdygyna ynamymyz has-da berkeýär. Hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän giň gerimli özgertmeleri, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň sanlaşdyrylmagy döwletimiziň durnukly durmuş-ykdysady ösüşini üpjün edip, halkymyzyň hal-ýagdaýyny düýpli ýokarlandyrýar.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda alnyp barylýan giň gerimli işler, durmuşa ornaşdyrylýan halk bähbitli Kararlar ýurdumyzyň ähli sebitlerini deň derejede, diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga ýardam berýär. Durmuşa geçirilýän özgertmeleriň netijelerini synlanymyzda hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň mähriban halkymyza we Garaşsyz Watanymyza bolan egsilmez söýgä ýugrulan taglymatdygyna doly göz ýetirýäris. Bu taglymatyň aýratyn hem ýaşlarda iň asylly häsiýetleri — watansöýüjiligi, ahlak arassalygyny, ruhubelentligi terbiýelemäge we bilesigeliji bolmaga çagyrýan taglymatdygy guwandyryjy hakykatdyr.
Hawa, eziz Watanymyzda ýaş nesiller we olaryň röwşen geljegi hakyndaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Ýurdumyzyň ähli künjeginde we paýtagtymyz Aşgabat şäherinde ähli amatlyklar döredilen çagalar baglary, umumybilim berýän orta, orta hünär we ýokary okuw mekdepleriniň döwrebap desgalary ýylyň-ýylyna yzygiderli gurlup ulanylmaga berilýär. Okamak, bilim almak bilen bir hatarda, ýaşlara sagdyn durmuş ýörelgesini özleriniň hemişelik hemrasyna öwürmäge, sagdyn we ruhubelent bolmaga, sportuň islendik görnüşi bilen meşgullanmaga giň gerimli mümkinçilikler döredilýär. Bu ugurda häzirki zaman sport toplumlary, dynç alyş-sagaldyş merkezleri olaryň hyzmatynda. Bu günki gün Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döredip berýän şeýle mümkinçiliklerinden peýdalanýan, eşretli zamandan ruhlanýan, döwrebap bilim alyp, ylymlar dünýäsine çuňňur aralaşýan türkmen ýaşlarynyň gadamlary batly, ruhlary belent, maksatlary aýdyň.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda gazanylan ösüşleri häzirki wagtda ýaşlaryň gazanjak üstünliklerine badalga bolup hyzmat edýär. Muny ýaşlarymyz her ädimde duýup ýaşaýarlar. Eziz Watanymyzyň şöhratly geljeginiň ýaşlar bilen aýrylmaz baglanyşyklydygy hakyndaky düşünjeleriň özeninde hem çuňňur many-mazmun bardyr. Goý, halkymyzyň şeýle ajaýyp, bagtyýar zamanada ýaşamagy, ýaşlarymyzyň döwrebap ylym-bilim alyp, kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri üçin taýsyz tagallalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Züleýha MUHAMMEDOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Patologik fiziologiýa kafedrasynyň uly mugallymy.

Türkmenistanyň we Russiýanyň DIM-leriniň ýolbaşçylary 2025-2026-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gol çekdiler
Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow we Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda 2025-2026-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gol çekdiler. Gol çekmek dabarasy Aşgabat şäherinde geçirildi.

Medeniýet hepdeligi — 2025: üçünji gün
Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabatlanyp geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň dürli çärelere beslenen üçünji güni ýurdumyzyň baý medeni mirasynyň we parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň arasyndaky çuňňur arabaglanyşygy nobatdaky gezek aýdyň görkezdi.

Bitaraplyk — Parahatlyk
Häzirki wagtda döwletimiz ykdysadyýeti, durmuş ulgamy okgunly ösýän, döredijilik başlangyçlary öňe sürýän ýurt, halkara bileleşigiň işjeň agzasy hökmünde giňden tanalýar. Bu üstünlikleriň gözbaşynda giň ykrarnama we dünýäniň goldawyna eýe bolan oňyn Bitaraplyk syýasatymyz durýar.

MUKADDESLIKLERIMIZE SEŽDE
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Konstitusiýasy jemgyýetimiziň hem-de döwletimiziň gurluşynyň esasy ugurlaryny kesgitleýän resminamadyr. Esasy Kanunymyzda müňýyllyklardan gözbaş alýan Watan, halk we döwlet baradaky mukaddes düşünjelerimiz, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejämiz bitewüleşdirilýär, berkararlygymyzyň ygtybarly binýady öz beýanyny tapýar.

«Ak şäherim Aşgabat» atly köpugurly halkara sergi we maslahat geçirildi
24-nji maýda paýtagtymyzda Aşgabat şäher häkimliginiň we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň bilelikde guramagynda “Ak şäherim Aşgabat” atly XXIV köpugurly halkara sergi we maslahat öz işine başlady.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.