«Sanly çözgüt - 2022» atly innowasion taslamalary bäsleşigi täze sanly çözgütleri ýüze çykarýar

07-11-22

«Sanly çözgüt» atly innowasion taslamalar bäsleşigi, eýýäm däp bolşy ýaly, «Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan programma üpjünçiligini işläp düzýän we innowasion oýlap tapmalary bilen meşgullanýan ýaşlary ýüze çykarmak we täze intellektual pikirleri ýurdumyzyň önümçiligine ornaşdyrmak maksady bilen her ýylda geçirilýär.

Bu ýyl hem, «Sanly çözgüt - 2022» atly innowasion taslamalar bäsleşigine ýurdumyzyň 250-ä golaý talyp we okuwçy ýaşlary, şeýle-de tehnologik özgertmeler bilen içgin gyzyklanýan höwesjeňleriň ýüzlerçesi özleriniň taslama işleri bilen gatnaşýarlar.

«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň edara binasynda bäsleşigiň saýlama tapgyry ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň we dolandyryş edara-kärhanalarynyň hormatly myhmanlarynyň eminlik etmeginde gyzgalaňly dowam etdi.

Ýaşlaryň programma üpjünçilikleri durmuş-ykdysady ugurlaryň aňsatlaşdyrylmagy, innowasion sanly tehnologiýalaryň gazananlaryna esaslanýan tehniki çözgütleriň ygtybarlylygy, ulanyjy interfeýsleriniň amatlylygy, IT taslamasyny köpeltmek mümkinçiligi, özboluşlylygy, elýeterliligi, hili we dizaýny boýunça gözden geçirildi.

Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagat ministrligi, Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçilik ministrligi, Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty, Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinden düzülen eminler topary, ýakyn günlerde «Sanly çözgüt – 2022» atly innowasion taslamalar bäsleşiginiň ýeňijilerini kesgitlemek üçin ahyrky netijäni yglan ederler.

«Sanly çözgüt – 2022» atly innowasion bäsleşiginiň ýeňijileri Türkmenistanyň söwda we senagaty edarasynda noýabr aýynyň 10-11-i aralyk geçiriljek «Türkmentel – 2022» atly IX halkara sergi we ylmy maslahatynyň çäklerinde yglan ediler. Ýeňiji bolan ýaşlar diplomlar we gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglanar.

Aýgözel ANNAMÄMMEDOWA, 
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň «Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk kompaniýasynyň esasy hünärmeni.

16a829d2e29583.jpeg
Türkmenistan bilen Özbegistan serhetüsti ýük daşamalarynda amallary ýeňilleşdirmegi maslahatlaşdy

Türkmenistan bilen Özbegistan serhetüsti ýük daşamalary üçin wizalary elektron görnüşde resmileşdirmek, töleg amallaryny kämilleşdirmek we “Farap-Alat” serhet geçelgesindäki tertip-düzgünleri ýokarlandyrmak, şeýle hem wagty tygşytlamak üçin nobatlary azaltmak meselelerine garadylar. Bu barada Özbegistanyň Ulag ministrligi penşenbe güni habar berdi.


16a829c9bb3b9c.jpeg
Türkmenistan bilen Özbegistan göni howa gatnawlaryny dikeltmegi maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Özbegistandaky ilçisi Şadurdy Meredow bilen Özbegistanyň ulag-logistika pudagynyň wekilleriniň arasynda geçirilen duşuşykda iki ýurduň arasynda göni howa gatnawlaryny täzeden ýola goýmagyň mümkinçiliklerine garaldy. Bu barada Özbegistanyň Ulag ministrligi penşenbe güni habar berdi.


16a829bcd33b85.png
Türkmenistan YHG-a agza ýurtlary üstaşyr logistika mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdy

Türkmen wekiliýeti 12-nji awgustda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna (YHG) agza ýurtlaryň Söwda-senagat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda wideoaragatnaşyk arkaly guralan halkara maslahatynda sebitara arabaglanyşygy üpjün etmekde Türkmenistanyň üstaşyr logistika mümkinçiliklerini tanyşdyrdy. Bu barada Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy penşenbe güni habar berdi.


16a829adcca4a5.jpeg
Aşgabatda ITTC 2026 halkara ulag-logistika forumy we sergisi geçiriler

Aşgabat şäherinde 24–26-njy noýabr aralygynda “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş – ITTC 2026” atly bäşinji Halkara logistika forumy we sergisi geçiriler. Çäre Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçiriler. Bu barada “OGUZ Forum & Expo” habar berýär.


16a829a0c801c5.jpeg
Merkezi Aziýanyň we Azerbaýjanyň ilçileri Transhazar hyzmatdaşlygynyň meselelerine garadylar

Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjanyň ilçileri 12-nji awgustda Waşingtonda Hazar deňziniň üsti bilen ulag we söwda aragatnaşygyny giňeltmek meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Bu barada Türkmenistanyň ABŞ-daky ilçihanasy penşenbe güni habar berdi.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.