GARAŞSYZLYK HALKYŇ GUWANJYDYR

13-09-24

Berkarar döwletiň  täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzy we mähriban halkymyzy röwşen geljege, belent sepgitlere alyp barýan hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda döwletimiziň baky berkararlygynyň hem-de halkymyzyň bagtyýarlygynyň mizemez kepili bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramy uly dabaralara beslenip bellenilýär. Garaşsyzlyk baýramy gazanan üstünliklerimize buýsanç döredýän, şöhratly geçmişimize, nurana geljegimize ynamy goşalandyrýan beýik baýramdyr.

Garaşsyzlyk milletiň we döwletiň ykbalyna ägirt uly täsir edýän milli gymmatlyklarymyzyň naýbaşysydyr. Garaşsyzlyk baýramy pederlerimiziň wesýet eden ynsanperwer ýörelgeleriniň doly durmuşa geçirilýändiginiň, garaşsyz döwlet, adalatly jemgyýet hakynda ençeme asyrlap edip gelen arzuwlarynyň wysal bolandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Şu nukdaýnazardan-da, arşyň altyn şuglasyna, tylla Günüň nuruna deňelýän Garaşsyzlyk mukaddes düşünjedir. Çünki ykbaly çüwüp, bagty göterilen her bir ynsanda watançylyk duýgusyny ösdürýän bu keremli söz özünde ägirt uly many-mazmuny jemleýär. Merdana ata-babalarymyzdan bize miras galan eziz Watanymyzyň şöhratly geçmişine, şu gününe we beýik geljegine düýpli düşünmäge mümkinçilik berýän bu gudratly söz milletimiziň bagtyýarlygynyň gözbaşydyr. Garaşsyzlyk ýurt berkararlygymyzyň sarsmaz sütünidir, erkanalygymyzyň mäkäm binasydyr.

Garaşsyzlyk milletimize egsilmez güýç berýän, nesillere ynam berýän gudratdyr. Ine, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şu aýratynlyklary barada oýlananyňda kalbyňy: «Garaşsyzlyk – ykbaly göterilen türkmeniň bagtynyň al-asmanda ganat ýaýmasy!» diýen buýsançly owaz gaplap alýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň tyllaýy säherinden başlanýan toýdur baýramlara beslenýän bagtyýar, bagtly, şatlykly günlerimiz bir-birine zynjyr kimin sepleşip, her bir türkmenistanlyny bagtly geljegine sary ynamly alyp barýar. Bagt ýollaryndan batly gadamlar bilen barýan türkmen ykbaly mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ýyllary içinde tanalmaz deý özgerdi.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şöhratly ýyllary içinde milli ykdysadyýetimiziň kuwwatlanmagynyň netijesinde  ýurdumyzyň taryhynda ilkinji gezek diňe bir umumymilli we sebitleýin ähmiýetli däl-de, eýsem halkara ähmiýetli iri taslamalara badalga berlip, olar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Amala aşyrylýan bu taslamalar ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň döwrebap ýagdaýa getirilmegini, olaryň öňdebaryjy tehnikalar we tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylmagyny, senagatyň we halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň tilsimat taýdan täzeden enjamlaşdyrylmagyny üpjün etdi.

Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň iň täze taryhy, gazanýan üstünliklerimiziň hem-de ösüşlerimiziň ählisi mukaddes Garaşsyzlygymyzdan gözbaş alýar. Taryh üçin gysga bolan döwürde ata Watanymyz Türkmenistan ösüşiň demokratik ýoluna gyşarnyksyz eýerýändigini, dünýäniň ähli döwletleri bilen deňhukukly, dostlukly gatnaşyklara, iki tarapa-da bähbitli hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny tassyklady. Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyz kuwwatly we abadan döwlet hökmünde dünýädäki abraýyny has-da berkidip, dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşulyp, halkara jemgyýetçiliginiň deňhukukly agzasyna öwrüldi. Garaşsyz Watanymyz bu gün Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ygtybarly, açyk, howpsuzlygy kepillendirýän hyzmatdaşa, parahatçylygyň merkezine öwrülen, umumadamzat bähbitli başlangyçlar Arkadagly Serdarymyz tarapyndan üstünlikli öňe sürýän döwletdir.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň nurana şuglasy astynda parahatçylyk söýüji, hoşniýetli we ynsanperwer ýörelgelere eýerýän, özara bähbitli hyzmatdaşlyk etmegi ileri tutýan Bitarap Watanymyzyň dünýädäki at-abraýy barha ýokarlanýar. Garaşsyz, Diýarymyz Ýer ýüzüniň halklarynyň dost-doganlyga, abadançylyga, parahatçylyga ymtylýan döwründe diňe milli bähbitlerimize däl, eýsem halkara bileleşiginiň ählumumy maksatlaryna laýyk gelýän giň hyzmatdaşlyk syýasatyny ýöredýän hemişelik Bitarap döwletdir. Garaşsyz, Bitarap döwletimiz Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda dünýäniň ösüşiniň täze şertlerini, milli we umumadamzat bähbitlerini nazara alyp, abraýly halkara guramalary bilen köpugurly hyzmatdaşlygy alyp barýar.

Garaşsyz Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmek, bagtyýar durmuşymyz hem-de beýik geljegimiz üçin gijesini gündiz edip işleýän türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Aýsoltan RUSLANBEKOWA,
Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň 2-nji ýyl talyby.

1685cd91398747.jpeg
Türkmenistanyň we Russiýanyň DIM-leriniň ýolbaşçylary 2025-2026-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gol çekdiler

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow we Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda 2025-2026-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gol çekdiler. Gol çekmek dabarasy Aşgabat şäherinde geçirildi.


1685b96735e5ca.jpeg
Medeniýet hepdeligi — 2025: üçünji gün

Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabatlanyp geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň dürli çärelere beslenen üçünji güni ýurdumyzyň baý medeni mirasynyň we parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň arasyndaky çuňňur arabaglanyşygy nobatdaky gezek aýdyň görkezdi.


1683803e45a58f.jpeg
Bitaraplyk — Parahatlyk

Häzirki wagtda döwletimiz ykdysadyýeti, durmuş ulgamy okgunly ösýän, döredijilik başlangyçlary öňe sürýän ýurt, halkara bileleşigiň işjeň agzasy hökmünde giňden tanalýar. Bu üstünlikleriň gözbaşynda giň ykrarnama we dünýäniň goldawyna eýe bolan oňyn Bitaraplyk syýasatymyz durýar.


1683804b380e91.jpeg
MUKADDESLIKLERIMIZE SEŽDE

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Konstitusiýasy jemgyýetimiziň hem-de döwletimiziň gurluşynyň esasy ugurlaryny kesgitleýän resminamadyr. Esasy Kanunymyzda müňýyllyklardan gözbaş alýan Watan, halk we döwlet baradaky mukaddes düşünjelerimiz, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejämiz bitewüleşdirilýär, berkararlygymyzyň ygtybarly binýady öz beýanyny tapýar.


1683400122a15f.jpeg
«Ak şäherim Aşgabat» atly köpugurly halkara sergi we maslahat geçirildi

24-nji maýda paýtagtymyzda Aşgabat şäher häkimliginiň we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň bilelikde guramagynda “Ak şäherim Aşgabat” atly XXIV köpugurly halkara sergi we maslahat öz işine başlady.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.