Tähran üstaşyr forumy: Türkmenistan mümkinçilikleriň ösüşi we nyrhlaryň düşürilmegi barada
10-10-22
Şenbe güni Tähranda Eýranyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň pudak ýolbaşçylarynyň ilkinji sammitiniň öňüsyrasynda bu döwletleriň transport ministrleriniň orunbasarlary derejesinde alty taraplaýyn duşuşyk geçirildi. 9-njy oktýabrda geçirilen gepleşikleriň netijesi boýunça ministrler tarapyndan kabul ediljek bilelikdäki resminamanyň düzgünlerini utgaşdyrmak duşuşygyň esasy mowzugy boldy.
Eýran-Merkezi Aziýa ulag forumy Tähranyň başlangyjy bilen geçirilmek bilen, çäräniň maksady sebitdäki üstaşyr ýük gatnawlaryny işjeňleşdirmek üçin zerur çäreleri kesgitlemekden we olaryň möçberini ýylda 20 million tonna çenli artdyrmakdan ybarat.
Forumyň açylyş dabarasynda Eýranyň Daşary işler ministriniň Ykdysady diplomatiýa boýunça orunbasary Mehdi Safari: "Bu maksada ýetmek üçin, Eýran deňze çykalgasy bolmadyk goňşy ýurtlaryna açyk suwlara çykmaga ýol açar" - diýdi. Şeýle hem, ol ýakyn wagtda Eýranyň bu ugurda halkara konferensiýasyny geçirjekdigini aýtdy.
Infrastruktura maýa goýumlaryny çekmek, serhetýaka hereketini gowulandyrmak, üstaşyr proseslerde sanly tehnologiýalary ösdürmek, sürüjiler üçin wiza düzgünini ýeňilleşdirmek, nyrhlary we üstaşyr töleglerini kämilleşdirmek sammitiň esasy wezipelerinden biridir.
Türkmenistanda 1-nji oktýabrdan başlap, multimodal gatnawlaryň artmagyna oňyn täsir edýän daşary ýurt ulag serişdeleriniň sürüjileri üçin täze nyrhlar eýýäm güýje girdi. Şu ýylyň 15-nji noýabryna çenli serhet girelgelerinde henizem pandemiýa düzgüni hereket edýär, bu ýagdaýda ýurda diňe tirkeg girip, ol türkmen ulaglary bilen daşalýar, ýagny sürüjilere bu ýagdaýda wiza gerek däl.
Indi bolsa, harytlary düşürmek we ýüklemek üçin birinji stansiýa çenli nyrhlar arzanlady, sürüjiler üçin wiza bermegiň ýeňilleşdirilen tertibi işlenilip düzülýär.
Eýranyň we Türkiýäniň ýük daşama ulgamynda awtoulag gatnawlarynyň demirýol gatnawlaryna görä, işjeň ulanylýandygyny göz öňünde tutsaň, Türkmenistanyň ulag pudagynyň edara ýolbaşçylarynyň gören bu çäreleri ýurduň üstünden üstaşyr akymlaryň artmagyna itergi bermeli we tutuş sebitde söwda dolanyşygynyň ösmegine ýardam etmeli.
Umuman alanyňda, hünärmenleriň pikiriçe, Türkmenistanyň üstünden geçýän üstaşyr ugurlarda awtoulag gatnawlarynyň ep-esli köpelmegine garaşylýar. Şonuň üçin bu ýerde, hakykatdanam, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen takyk işleşmegiň mehanizmleri zerur, bu bolsa Türkmenistanyň Tähran transport forumyna gatnaşmagynyň esasy maksadydyr.
Türkmenistan bilen Özbegistan serhetüsti ýük daşamalarynda amallary ýeňilleşdirmegi maslahatlaşdy
Türkmenistan bilen Özbegistan serhetüsti ýük daşamalary üçin wizalary elektron görnüşde resmileşdirmek, töleg amallaryny kämilleşdirmek we “Farap-Alat” serhet geçelgesindäki tertip-düzgünleri ýokarlandyrmak, şeýle hem wagty tygşytlamak üçin nobatlary azaltmak meselelerine garadylar. Bu barada Özbegistanyň Ulag ministrligi penşenbe güni habar berdi.
Türkmenistan bilen Özbegistan göni howa gatnawlaryny dikeltmegi maslahatlaşdy
Türkmenistanyň Özbegistandaky ilçisi Şadurdy Meredow bilen Özbegistanyň ulag-logistika pudagynyň wekilleriniň arasynda geçirilen duşuşykda iki ýurduň arasynda göni howa gatnawlaryny täzeden ýola goýmagyň mümkinçiliklerine garaldy. Bu barada Özbegistanyň Ulag ministrligi penşenbe güni habar berdi.
Türkmenistan YHG-a agza ýurtlary üstaşyr logistika mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdy
Türkmen wekiliýeti 12-nji awgustda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna (YHG) agza ýurtlaryň Söwda-senagat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda wideoaragatnaşyk arkaly guralan halkara maslahatynda sebitara arabaglanyşygy üpjün etmekde Türkmenistanyň üstaşyr logistika mümkinçiliklerini tanyşdyrdy. Bu barada Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy penşenbe güni habar berdi.
Aşgabatda ITTC 2026 halkara ulag-logistika forumy we sergisi geçiriler
Aşgabat şäherinde 24–26-njy noýabr aralygynda “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş – ITTC 2026” atly bäşinji Halkara logistika forumy we sergisi geçiriler. Çäre Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçiriler. Bu barada “OGUZ Forum & Expo” habar berýär.
Merkezi Aziýanyň we Azerbaýjanyň ilçileri Transhazar hyzmatdaşlygynyň meselelerine garadylar
Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjanyň ilçileri 12-nji awgustda Waşingtonda Hazar deňziniň üsti bilen ulag we söwda aragatnaşygyny giňeltmek meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Bu barada Türkmenistanyň ABŞ-daky ilçihanasy penşenbe güni habar berdi.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.