ŞÖHRATLY GEÇMIŞE BUÝSANÇ
03-01-26
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan dörän “Änew - müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet” atly ajaýyp kitaby halkymyza sowgat bermegi göwün guşumyzy ganatlandyrdy. Täze kitaby okap, şöhratly taryhymyza bolan buýsanjymyz has-da artdy. Änew şäheriniň “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň halkara abraýyny artdyrmakda başyny başlan işleriniň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda dowam edýändiginiň güwäsi boldy.
Hormatly Prezidentimiziň “Änew - müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet” atly kitabyny peşgeş etmegi halkymyzy örän guwandyrdy. Türkmen halkynyň şöhratly taryhy, gadymdan gelýän milli medeniýeti her birimiziň kalbymyzda buýsanç duýgularyny döredýär. Änewiň şöhratly taryhy onuň bereketli topragy, gadymy medeniýet ojagy bolmagy bilen baglanyşyklydyr. Biz hormatly Prezidentimiziň ajaýyp kitabyny okap, bu topraga togap edýäris, ekerançylyk medeniýetine çuňňur gyzyklanma bilen garaýarys. Esasan hem, bu gymmatlyklary öwrenmekde dünýä alymlarynyň alyp baran işleri bilen tanyşmak aýratyn gyzyklanma döredýär. Çünki olar gadymy topragyň taryhyny, döreden medeniýetini ylmy esasda öwrenmek bilen, uly işleri alyp bardylar. Bu hem olara bolan hormat-sarpamyzy artdyrýar.
Biziň halkymyz milli medeniýeti, sungaty, urp-adaty, nusgawy edebiýaty bilen tapawutlanýar. Kitapda nusgawy şahyrlaryň ömür ýoly, döredijiligi, sungat hakyndaky gyzykly maglumatlar çuňňur many-mazmuna eýedir. Esasan hem, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy baradaky paýhasly pikirler biziň her birimiz üçin gymmatly çeşmedir. Akyldar şahyryň eserlerini öwrenmegiň we wagyz etmegiň, milli gymmatlyklarymyzyň dünýä ýaýylmagynyň uly ähmiýeti bardyr. Bularyň hemmesi medeniýet diplomatiýamyzyň has-da ösdürilýändigini, halklaryň arasynda dost-doganlygyň pugtalandyrylýandygyny alamatlandyrýar. Kitabyň sahypalarynda türkmen topragynyň iň gözel ýeri bolan Änew we onuň töweregindäki obalaryň atlary, çeşmeler ünsüňi çekýär. Çeşmeden süýji suwuň akyp durmagy bu ýerleriň berekedini has-da artdyrypdyr. Kitapda şunuň bilen bagly birnäçe maglumatlar beýan edilýär hem-de bag-bakjanyň ajaýyplygy aýdylýar. Şonuň üçin hem bu ýerleriň Bagabat diýlip atlandyrylandygy ylmy esasda beýan edilýär.
Änew şäheri Türkmenistanyň Ahal welaýatynyň dolandyryş merkezi bolup, arheologik maglumatlar bu şäheriň eneolit döwründe – biziň eramyzdan öňki IV-III müňýyllyklarda peýda bolandygyna şaýatlyk edýär. Günorta Türkmenistanyň gadymy ekerançylyk taýpalarynyň taryhyny we medeniýetini öwrenmek üçin Änew obasynyň ýakynyndaky iki depäniň (Demirgazyk we Günorta tarapyndaky depeler) gazylyp agtarylmagy-da uly ähmiýete eýedir. 1904-nji ýylda R. Pampelliniň ýolbaşçylygynda amerikan ekspedisiýasy tarapyndan Änewde arheolog alymlar gazuw-agtaryş işlerini geçiripdir. Alymlar kerpijiň galyndylaryndan hem dänäniň gabyklaryny we gylçyklaryny tapypdyrlar. Änewden ak başly, sümmülli we däneli bugdaý tapylyp, oňa «Ak bugdaý» diýlip at berlipdir. Munuň özi gadymy ata-babalarymyzyň bu ýerde däne ekinlerini ösdürip ýetişdirendiklerine şaýatlyk edýär. Türkmenistan ak bugdaýyň watany hasaplanylýar. Bu ýerden başga-da nagyşlar, suratlar bilen bezelen küýzeler, gap-gaçlar, kämil ekerançylyk zähmet gurallary tapylypdyr. Tapylan bugdaýyň bu görnüşi häzir gadymy Änew tapyndylary we bina ýadygärlikleri bilen bir hatarda türkmeniň baý gymmatlyklarynyň bardygyny subut edýär.
Änew medeniýetine degişli obalaryň galyndylary häzirki Çäçe obasyndan başlap, Aşgabat-Baharly ýolunyň 73 km aralygynda duş gelýär. Bu obalaryň Änew medeniýetine degişli edilmegi hem esasan şol ýerlerden bugdaý däneleriniň gabyklarynyň tapylmagy bilen baglydyr. Häzirki döwrümize gaýdyp gelsek, yurdumyzda gadymy ýadygarliklere uly sarpa goýulýar. Muny dürli mysallarda görmek bolýar. 2005-nji ýylda Gadymy medeniýetleriň serelerini özünde jemleýän Änewde “Ak bugdaý” milli muzeýi döredildi.
Hormatly Prezidentimiziň bu ajaýyp kitabyna gyzyklanma barha artyp, bu neşir her birimizde şöhratly taryhymyza, şu günümize, röwşen geljegimize bolan buýsanjymyzy artdyrýar. Kitapda halkymyzyň taryhyna, medeniýetine uly ähmiýet berilýär. Kitaby okan her bir adam türkmen topragynyň ençeme ýyllaryň we asyrlaryň dowamynda medeniýetleriň, siwilizasiýalaryň, däp-dessurlaryň gadymy ojagy bolandygyna göz ýetirýär. Şoňa görä-de, bu kitabyň ähmiýeti juda uludyr.
Kitapda dünýä belli W.Masson, R.Pampelli, W.Sarianidi ýaly alymlaryň, arheologlaryň bu gadymy medeni ojakda gazuw-agtaryş işlerini geçirip, birnäçe açyşlary edendigi bellenýär. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Gahryman Arkadagymyza olar bilen, şeýle-de olaryň nesilleri bilen işleşmek, gazuw-agtaryş işleri bilen bagly guramaçylyk işlerini alyp barmak miýesser edipdir. Hormatly Prezidentimiziň täze kitaby taryhymyzy öwrenmekde, ýaş nesilleri watançylyk ruhunda terbiýelemekde gymmatly gollanmadyr. Çünki täze kitap şöhratly taryhymyza, milli medeniýetimize bolan buýsançdyr. Şöhratly taryhymyzy dünýä tanatmakda giň gerimli işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, beýik işleri rowaçlyklara beslensin!
Merdan GYZYLOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Kazyýet lukmançylygy we hukuk kafedrasynyň mugallymy.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
GARAŞSYZLYK - KALBYMYZYŇ AÝDYMY
Eziz Watanymyz Türkmenistan baky Bitaraplygyň, bagtyýarlygyň we beýik ösüşleriň mekany hökmünde şanly seneleriň, taryhy wakalaryň röwşen nuruna beslenip, täze belentliklere tarap ynamly öňe barýar. Halkymyzyň milli buýsanjy, asudalygynyň hem-de berkararlygynyň synmaz binasy bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýuny garşylamaga ýurdumyzyň ähli künjeginde uludan taýýarlyk görülýär.
GARAŞSYZLYK – KÖŇÜLLERIŇ BUÝSANJY
Häzirki ajaýyp döwrümizde bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda dowam edýär, beýik işler halkymyzy buýsandyrýar. Ylym-bilimde döredilýän giň mümkinçilikler, täze bilim ojaklary bilim işgärlerini has-da döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar.
BAGTYÝAR GELJEGE YNAMLY GADAM
Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistan dünýä kartasynda özüniň parahatçylyk söýüji daşary syýasaty, güýçli ykdysadyýeti we berk jemgyýetçilik agzybirligi bilen tanalýan kuwwatly döwlete öwrüldi. Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk dabaraly baýramyna barýan ýolumyz - bu beýik gurluşyklaryň, ylym-bilimiň ösüşiniň, jemgyýetçilik-syýasy özgerişleriň taryhydyr.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.