DÖWREBAP USULLAR ESASYNDA DAŞARY ÝURT DILLERINI ÖWRENMEK

20-03-24

Ýurdumyzyň eşretli geljegini nazarlaýan oňyn başlangyçlaryň milli bilim ulgamyna gönükdirilmegi ýaş nesliň bilimli, sagdyn aň-düşünjeli, akylly-paýhasly kemala gelmeginde möhüm ähmiýete eýedir. Sanly bilim ulgamynyň öňde goýýan wezipeleriniň durmuşa geçirilmegi okuw işinde birnäçe ýeňillikleri döredip, işiň netijeliligini artdyrýar. Ulanylýan sanly serişdeler, elektron maglumat göterijiler, wideoşekiller we audioýazgylar ýaşlara has giň möçberdäki maglumaty kabul etmäge hem peýdalanmaga, şunlukda, dünýä ösüşi bilen deň gadam urmaga ýardam edýär. Döwletimiz tarapyndan bilim bermegiň ähli basgançaklary ýokary hilli elektron maglumatlar, sanly tehnologiýalar, akylly enjamlar bilen doly üpjün edilýär. Bu bolsa ýaşlara bilim berlişiniň hilini ýokarlandyryp, ony dünýä derejesine ýetirmäge şert döredýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda okuw maksatnamalaryndaky ähli dersler bilen bir hatarda daşary ýurt dillerini öwretmeklige hem aýratyn üns berilýär.

Häzirki wagtda sanly ulgam we döwrebap mümkinçilikler giň gerim bilen ösdürilýär. Şeýle mümkinçilikler bilim ulgamyna hem ornaşdyrylyp, täze usullar işlenip düzülýär. Bu usullar bolsa sapak guralanda netijeliligi bilen tapawutlanýar, okuwçylaryň alýan bilimlerini oňat özleşdirmeklerine ýardam edýär. Türkmen ýaşlary häzirki zamanyň döwrebap sanly tehnologiýalaryna erk edip, daşary ýurt dillerini has içgin öwrenmekligiň örän ýeňil usulyýetlerini özleşdirip, öwrenýän dillerini suwara bilýärler. Ýurdumyzda “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy” üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu Konsepsiýanyň düzgünlerini talabalaýyk ýerine ýetirmeklik üçin zerur bolan ähli şertler we mümkinçilikler ýurdumyzyň ähli bilim edaralarynda döredilendir. Häzirkizaman dünýäsinde sanly tehnologiýalaryň ösmekligi bilen daşary ýurt dillerini öwrenmekligiň we öwretmekligiň usulyýeti hem ýeňilleşdi.

Ösen tehnologiýalaryň, kompýuter enjamlaryň daşary ýurt dillerini öwretmekde örän uly ähmiýeti bardyr. Muňa multimedia tagtalarynda görkezilýän prezentasiýalary, suratly şekilleri, audio ýazgylary mysal bolup biler. Daşary ýurt dilleri öwredilende okuwçylaryň dogry we dürs okap, ýazyp, gürläp bilmeklerini gazanmak möhümdir. Şonda interaktiw usulda geçilýän sapaklaryň netijeliligi has-da ýokary bolup, okuwçylar diňlemek, görmek arkaly geçilýän temany gowy özleşdirýärler. Okuwçylar rus dilindäki sözleriň dogry aýdylyşyny diňläp, özleri hem ony gaýtalap kämilleşdirýärler.

Kämil iş usulyýetinden peýdalanmak bilen okuwçylaryň daşary ýurt dillerine bolan höwesi ýokarlandyrylýar. Daşary ýurt dillerini kämil derejede bilýän ýaşlar dünýäniň ylmy maglumatlary, ylmy kitaplary bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik alýarlar. Okuwçylaryň daşary ýurt dillerini bilmeklerini gazanmak, olaryň giň dünýägaraýyşly, ylym-bilimiň täze gazananlaryny tiz özleşdirmäge ukyply ýaşlar bolup ýetişmegine ýardam berýär.

Ýaşlaryň ylym-bilimini ösdürmekde dil biliminiň orny diýseň uludyr, çünki dil aragatnaşyk serişdesi bolmak bilen, ol dünýä çykmagyň baş şertidir. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda-da hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň geljeginiň eýeleri bolan ýaş nesliň ylymly-bilimli, sagdyn bolmagy, daşary ýurt dillerini bilýän kämil şahsyýetler bolup ýetişmegi üçin uly aladalar edýär. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, alyp barýan il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Sülgün AÝTYÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Diller kafedrasynyň mugallymy.

16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16ab37a9ec6d0b.jpeg
GARAŞSYZLYK - KALBYMYZYŇ AÝDYMY

Eziz Watanymyz Türkmenistan baky Bitaraplygyň, bagtyýarlygyň we beýik ösüşleriň mekany hökmünde şanly seneleriň, taryhy wakalaryň röwşen nuruna beslenip, täze belentliklere tarap ynamly öňe barýar. Halkymyzyň milli buýsanjy, asudalygynyň hem-de berkararlygynyň synmaz binasy bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýuny garşylamaga ýurdumyzyň ähli künjeginde uludan taýýarlyk görülýär.


16ab3788b244a0.jpeg
GARAŞSYZLYK – KÖŇÜLLERIŇ BUÝSANJY

Häzirki ajaýyp döwrümizde bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda dowam edýär, beýik işler halkymyzy buýsandyrýar. Ylym-bilimde döredilýän giň mümkinçilikler, täze bilim ojaklary bilim işgärlerini has-da döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar.


16ab17f92b86fe.jpeg
BAGTYÝAR GELJEGE YNAMLY GADAM

Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistan dünýä kartasynda özüniň parahatçylyk söýüji daşary syýasaty, güýçli ykdysadyýeti we berk jemgyýetçilik agzybirligi bilen tanalýan kuwwatly döwlete öwrüldi. Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk dabaraly baýramyna barýan ýolumyz - bu beýik gurluşyklaryň, ylym-bilimiň ösüşiniň, jemgyýetçilik-syýasy özgerişleriň taryhydyr.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.