Abu Aly ibn Sina - Gündogaryň beýik şahsyýeti

05-03-24

Ynsan özüniň ýaşan döwründe dürli ýarawsyzlyklara, kesellere duş gelýär. Her bir adam öz saglygy barada yzygiderli aladalanmasa, saglygynyň gowşap, her hili derdi-belalaryň janyna talaň salýanlygyny soň bilip galýar.

Gündogarda doglup, gündogarda ýaşap, gündogarda yly bilen meşgullanan hem bolsa, aklydar şahyrymyz Magtymguly Pyragy aýtmyşlaýyn «dört müň dört ýüz ýaşan» Lukman hekimiň ― taryhyň iň görnükli alymlarynyň biri we meşhurlygy bütin dünýä ýaýran Abu Aly ibn Sina beýik şahyr, lukman bolupdyr.. Bu gün ösen lukmançylyk ylmy hem köp babatda taryhyň iň güýçli lukmanlarynyň biri bolan bu şahsyýetiň işlerine daýanýar.

Ýakynda Fransiýanyň Rýuýeý Malzemon şäherinde Abu Aly ibn Sinanyň heýkeli açylydy diýip metbugatda habar berilýär. Bu heýkel Ýewropanyň görnükli alyma goýýan beýik hormatynyň nobatdaky nyşanydyr.

Ýazgylara görä, Ibn Sina ömrüniň köp bölegini Köneürgençde geçiripdir. Öz döwrüniň belli filosofy, geografy, matematigi, astronomy, biology, fiziology, fizigi, himigi, tebibi, edebiýatçysy we sungatçysy bolan bu akyldaryň hemmetaraplaýyn şahsyýet bolanlygy rowaýatlara siňip gidipdir. Onuň edep-terbiýe babatynda-da aýdyp geçen nesihatlary häli-häzirem dilden-dile geçip gelýär. Goşgy görnüşinde ýazan 8 sany eseriniň bardygy hakynda hem maglumat bar.

Ibn Sina ençeme ösümligiň em ýasamaga peýdalydygyny, olary derdi dep etmek üçin nädogry peýdalanmagyň, tersine, zyýan etjekdigini ýazyp gidipdir. Galyberse-de, sogan, turp, şugundyr, sarymsak, ysmanak, käşir, alma, erik, nar, üzüm, tüwi, ýumurtga, mäş, noýba, nohut ýaly gündelik ulanýan azyklyk önümlerimiziň, miweleriň haýsynyň nähili kesele em bolýandygyny ýazyp gidipdir.

Aýtgylaryň birinde Ibn Sina özüniň şägirdine gan damarynyň urgusy barasynda şeýleräk gürrüň beripdir: “Gan damarynyň urgusy — munuň özi gan damarlarynyň gysylmagyndan we giňelmeginden ybarat bolan hereketdir. Birnäçe ýyllap men gan damarlarynyň gysylmak pursatlaryny synladym. Tä olaryň ähli alamatlaryny duýýançam barlaglary gaýtaladym we kadaly hem kadasyz gan-damar urgularynyň bardygyna akyl ýetirdim.

Gan-damar urgulary tolkun şekilli, ik şekilli, iki urguly, dowamly, sandyrawuk, gysga, kiçi, haýal gybyrdyly bolup bilýär. Şonuň ýaly-da, gan-damar urgusy ýumşak, dartgynly, nerwli, pes, ýiti, doly... bolubam bilýär. Käbir keselleri, aýratynam, göze görünmeýän keselleri, diňe gan-damar urgusynyň üýtgeýşi bilen kesgitläp bilýärin. Gan-damar urgusynyň sazlaşygynyň bozulmagy boýunça bolsa, ýaşyryn keselleri hem anyklamak mümkin”.

Abu Aly Ibn Sinanyň şol döwürlerde ýazyp galdyran ýazgylarynyň üstüne, ylmyň häzirki biçak ösen döwründe-de bir zatlar goşaýmak çetindir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda ata Watanymyzy gülledip ösdürýän, mähriban halkymyzy zähmet ýeňişlerine ýetirýän, ýaş neslimizi milli ýörelgelerimiz esasynda terbiýelemek üçin zerur şertleri döredýän, milli mirasymyzy, görnükli şahsyýetlerimizi öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Mämi MÄMIÝEW,
Türkmen Döwlet maliýe institutynyň Hasap we audit fakultetiniň Buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit hünäriniň 4-nji ýyl talyby.

16a135604b3f75.jpeg
Ynsanperwerlik, haýyr-sahawatlylyk jemgyýetiň gymmatlyklardyr

Her bir ýurduň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýar. Şoňa görä-de, Garaşsyz Watanymyzda durmuş goraglylygyny üpjün etmek, maşgalany goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, bu ugurlaryň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak meselelerine uly ähmiýet berilýär.


16a134ec8b4f4d.jpeg
GDA giňişliginde medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy

Mälim bolşy ýaly, ýakynda paýtagtymyzda möhüm halkara çäresi – Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi üstünlikli geçirildi. Türkmenistanyň Arkalaşykda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny amala aşyrmagyň çäginde guralan bu mejlis arkalaşyk we doganlyk ruhy bilen ynsanperwer gatnaşyklary ilerletmegiň, ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ugrunda täze mümkinçilikleri döretdi.


16a134f4aead86.jpeg
Halkara gatnaşyklaryň ynsanperwer ugurlary

Garaşsyz, Hemişelik bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty Türkmenistanyň Konstitusiýasy, Türkmenistanyň konstitusion kanunlary, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgeleri we kadalary, şeýle hem Türkmenistanyň gatnaşýan halkara şertnamalary we konwensiýalary esasynda amala aşyrylýar.


16a134316a8180.jpeg
Berkarar döwletimizde ynsanperwer ýörelgeleriniň dabaralanmasy

Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda adam hakda alada ýurdumyzda alnyp barylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň baş ugrudyr. Munuň özi ähli ulgamlarda, ilkinji nobatda, halkyň bähbidine gönükdirilip amala aşyrylýan beýik işlerde, döwletli tutumlarda, Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk göreldesi bilen berk eýerilýän we jemgyýetimiziň agzybirligini has-da pugtalandyrýan ynsanperwer ýörelgelerde aýdyň ýüze çykýar.


16a1357490feea.jpeg
ARASSAÇYLYK – SAGDYNLYGYŇ SAKASY

Biziň jan-saglygymyz iýýän zatlarymyza we olaryň hiline baglydyr. Eziz Diýarymyzyň ajaýyp tebigaty, baý ösümlik dünýäsi bar. Tebigatyň goralmagy, arassalygy we gözelligi barada biziň ata-babalarymyz  müňýyllyklaryň dowamynda alada edip gelipdirler. Muňa pederlerimiziň ýer-toprak  hakynda  aýdan atalar sözleri-de, tebigaty baýlaşdyrmak, gözelleşdirmek barada geçiren çäreleri-de aýdyň mysal bolup biler.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.