MAGTYMGULY PYRAGYNYÑ PAÝHASA ÖWRÜLEN SETIRLERI

04-03-24

Türkmen halkynyň beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiligi umman ýaly giň hasaplanýar. Halkyň ýüregine özüniň ajaýyp paýhasa öwrülen setirleri bilen ýol salmagy başaran beýik akyldaryň dürdäneleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem hümmeti egsilmejek hazyna hasaplanylýar. Pyragynyň durşy bilen paýhasa öwrülen bentlerine üns berlende, olarda durmuşyň ähli ugurlary barada söhbet açylýandygyna göz ýetirmek bolýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe söz ussadyna belent sarpanyň goýulýandygynyň şaýady bolýarys. Halkymyzyň buýsanjyna öwrülen akyldaryň eserleri öz şuglasyny bolluk bilen saçýar. Şahyryň goşgularynyň dünýä dillerine terjime edilmegi bilen, ol dost-doganlygyň, parahatçylygyň, agzybirligiň, birek-birege hormat goýmagyň waspy bolup ýaňlanýar. Munuň özi sözleriň uzuny saýlap alyp, olary adamzadyň edebi gymmatlyklarynyň arasynda orun tapan goşgularyna nagyş eden akyldaryň dünýäde ykrar edilen şahyrdygyny görkezýär. Bu gün dünýä halklary Magtymgulynyň dürler hazynasy bolan şygyrlaryny okaýarlar, ylham alýarlar.

Biz bu günki günde – Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe şygryýet äleminiň parlak ýyldyzynyň ajaýyp setirleriniň söze sarpa goýýan adamlar üçin „şerhiniň kändigine“ göz ýetirýäris. Şygryýetiň piri, dana Pyragynyň paýhasa öwrülip, halkyň kalbynda ornaşan setirleri sanardan kändir, tutuş bir ummana barabardyr. Ol şygyrlaryň her bir setirindäki many-mazmun şu günki günde ynsanlara ýol görkeziji şamçyragdyr. Magtymguly Pyragynyň maslahat beriji setirlerine, durşy bilen paýhasa öwrülen bentlerine üns berlende, olarda durmuşyň ähli ugurlary barada söhbet açylýandygyna göz ýetirmek bolýar. Ol paýhasa öwrülen setirler şu günki günde-de her bir maslahata mätäç adam üçin hakyky öwüt-ündewiň çeşmesi. Magtymguly Pyragynyň gözel poeziýasynda ýugrumy ýeten setirler dürdäne paýhaslara öwrülip, halka ýoda-ýörelge bolmak hyzmatyny ýerine ýetirip gelýär. Onuň döredijilik örüsi örän giň. Dana şahyr durmuşyň haýsy ugry barada söhbet açsa-da, onuň kalbynyň töründen syzylyp çykan setirleriň dertlere derman bolup ýaňlanýanlygy onuň ussatlygyndan habar berýär.

Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileý toýunyň halkara derejesinde toýlanjak günleriniň öňüsyrasynda şahyryň özboluşly, pähim-paýhasa ýugrulan köpröwüşli edebi mirasynyň umumadamzat bähbitlerine gönükdirilendiginiň ýene bir ýola şaýady bolýarsyň. Magtymguly Pyragy diňe bir türkmeniň milli şahyry bolman, ol dünýä edebiýatyna ummasyz goşant goşan beýik akyldardyr. Akyldaryň döredijiligini dünýä edebiýatyndan, türki halklaryň gadymy edebi däplerinden üzňe göz öňüne getirip bolmaz, çünki şahyr hemişe özünden öňki akyldarlaryň döredijiligini içgin öwrenipdir we olaryň öňe sürýän ynsanperwer ýörelgelerini öz eserlerinde döredijilikli ulanyp, özüniň ölmez-ýitmez eserlerini döredipdir.

Magtymgulynyň türkmeniň edebi güýçlerini bir ýere jemläp, özünden soňky nusgawy we döwürdeş şahyrlarymyza gaýybana halypalyk edendigi hem ylymda kän gezekler ykrar edildi. Onuň döreden kämil edebi mekdebi özünden soňky döwürde, şol sanda häzirki zaman edebiýatymyzda hem giň gerime eýe bolýar. Magtymguly Pyragynyň goşgularyndaky kämil pikirleriň ösdürilişi Seýdi, Zelili, Kemine, Mollanepes ýaly meşhur nusgawy şahyrlarymyzyň döredijiliginde hem şamçyrag bolup nur saçýar.

Öňdengörüjilik, welilik bilen aýdylan sözler amala aşdy, „Berkarar döwlet islärin“ diýip, arzuwlan şahyryň islegi bu gün amala aşdy. Türkmen halky Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy  döwründe ýaşaýar. Şygryýet äleminde daň ýyldyzy kimin lowurdap duran, aryf şahyr Magtymguly Pyraga Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň goýýan sarpasy bimöçber. Magtymgulynyň döredijiligi ynsanlaryň ajaýyp duýgularyny birleşdirýär. Pyragynyň döredijiliginden döwletlilik, agzybirlik, bir başa gulluk etmek meseleleri eriş-argaç bolup geçýär. Ol türkmeniň abadan, parahat durmuşda ýaşamagyny, milli döwletli bolmagyny isleýär. Dana şahyrymyzyň arzuw-islegleri Garaşsyzlyk eýýamymyzda, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hasyl boldy. Onuň öňe süren taglymlary, pikirleri bu günki türkmeniň Bitaraplyk syýasatynyň kökleri bilen sepleşýär. Häzirki wagtda hem dost-doganlyk gatnaşyklary dünýä ýüzünde «Açyk gapylar» syýasatynyň durmuşa geçirilmeginiň kepilidigine güwä geçýän hakykatdyr. Bu ýörelgeler Arkadagly Serdarymyzyň tagallalary bilen durmuşa geçirilýär. Garaşsyz, hemişelik, Bitarap Türkmenistan döwleti dünýä ýurtlary, goňşy we alys ülkeleri bilen ýakyn dost-doganlyk hyzmatdaşlygyny alyp barýar. Ata Watanymyz dürli görnüşli dabaraly çäreleriň, forumlaryň, halkara maslahatlaryň geçirilýän mekanyna öwrüldi. Goý, Türkmenistan bilen dünýä döwletleriniň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklary has-da berkleşip, at-owazasy äleme ýaň salsyn!

 Jahan ÝAZGELDIÝEWA,
Se
ýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň 1-nji ýyl talyby.

16a135604b3f75.jpeg
Ynsanperwerlik, haýyr-sahawatlylyk jemgyýetiň gymmatlyklardyr

Her bir ýurduň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýar. Şoňa görä-de, Garaşsyz Watanymyzda durmuş goraglylygyny üpjün etmek, maşgalany goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, bu ugurlaryň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak meselelerine uly ähmiýet berilýär.


16a134ec8b4f4d.jpeg
GDA giňişliginde medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy

Mälim bolşy ýaly, ýakynda paýtagtymyzda möhüm halkara çäresi – Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi üstünlikli geçirildi. Türkmenistanyň Arkalaşykda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny amala aşyrmagyň çäginde guralan bu mejlis arkalaşyk we doganlyk ruhy bilen ynsanperwer gatnaşyklary ilerletmegiň, ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ugrunda täze mümkinçilikleri döretdi.


16a134f4aead86.jpeg
Halkara gatnaşyklaryň ynsanperwer ugurlary

Garaşsyz, Hemişelik bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty Türkmenistanyň Konstitusiýasy, Türkmenistanyň konstitusion kanunlary, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgeleri we kadalary, şeýle hem Türkmenistanyň gatnaşýan halkara şertnamalary we konwensiýalary esasynda amala aşyrylýar.


16a134316a8180.jpeg
Berkarar döwletimizde ynsanperwer ýörelgeleriniň dabaralanmasy

Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda adam hakda alada ýurdumyzda alnyp barylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň baş ugrudyr. Munuň özi ähli ulgamlarda, ilkinji nobatda, halkyň bähbidine gönükdirilip amala aşyrylýan beýik işlerde, döwletli tutumlarda, Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk göreldesi bilen berk eýerilýän we jemgyýetimiziň agzybirligini has-da pugtalandyrýan ynsanperwer ýörelgelerde aýdyň ýüze çykýar.


16a1357490feea.jpeg
ARASSAÇYLYK – SAGDYNLYGYŇ SAKASY

Biziň jan-saglygymyz iýýän zatlarymyza we olaryň hiline baglydyr. Eziz Diýarymyzyň ajaýyp tebigaty, baý ösümlik dünýäsi bar. Tebigatyň goralmagy, arassalygy we gözelligi barada biziň ata-babalarymyz  müňýyllyklaryň dowamynda alada edip gelipdirler. Muňa pederlerimiziň ýer-toprak  hakynda  aýdan atalar sözleri-de, tebigaty baýlaşdyrmak, gözelleşdirmek barada geçiren çäreleri-de aýdyň mysal bolup biler.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.