ÇEPER SÖZÜŇ ÄGIRDI – MAGTYMGULY PYRAGY
10-02-24
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde halkymyzyň şöhratly taryhy, medeni mirasy we ruhy gymmatlyklary çuňňur öwrenilýär. Munuň özi ýaş nesliň kalbynda taryhymyza, ruhy gymmatlyklarymyza bolan buýsanjyň kemala gelmegine getirýär. Taryhda öz paýhasy bilen meşhurlyk gazanmagy başaran beýik şahsyýetleriň biri-de akyldar şahyr Magtymguly Pyragydyr. Türkmen edebiýatynyň görnükli wekili Magtymguly Pyragynyň eserleri ýaş nesilleri watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde, belent adamkärçilik sypatlaryny kemala getirmekde möhüm ähmiýete eýedir. Akyldar şahyr çeper sözüň ägirdi bolup, onuň goşgulary ýaş nesiller üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr. Magtymgulynyň goşgulary her bir adama öz täsirini ýetirýär. Onuň döredijilik mirasynyň häzirki wagtda hem ähmiýeti egsilenok.
Ýurdumyzda geljegimiz bolan ýaşlary bilime ugrukdyrmakda, dünýä tejribelerinden ugur alyp, orta we ýokary okuw mekdeplerinde berilýän bilimiň hilini kämilleşdirmekde, sanly bilim ulgamyny giňden ornaşdyrmakda netijeli işler alnyp barylýar. Umumybilim berýän orta mekdeplerde Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi öwredilýär. Ýaş nesilleri terbiýelemekde Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň ähmiýeti çäksizdir. Akyldar şahyrymyz öz goşgy setirlerinde agzybirlik, watansöýüjilik, mertlik, halallyk, päklik, lebzihalallyk, dosta wepalylyk, ynsanperwerlik, zähmetsöýerlik ýaly ýörelgeleri tekrarlaýar. Hut şoňa görä-de, ýaş nesli milliligimiz we ata-babalarymyzyň ýol-ýörelgesi bilen terbiýelemekde Pyragynyň eserleri gymmatly gollanmadyr.
Magtymguly Pyragynyň goşgularyndaky adymyň hem-de tebigatyň berk baglanyşygynyň joşguny okyjylarda watansöýüjiligi, tebigata bolan söýgini döredýär. Derslerde şeýle ähmiýetli maglumatlaryň berilmegi, elbetde, ýaşlarymyzda öz Watanyna, tebigatyna bolan buýsanjy kemala getirýär. Gahryman Arkadagymyz “Magtymguly Pyragy adamzada tämiz ruhly, sagdyn ahlakly, şirin zybanly ajaýyp şygyrlary miras galdyran akyldar şahyrdyr” diýip belleýär. Magtymguly Pyragynyň bitiren uly hyzmaty, ilkinji nobatda, türkmen halkynyň durmuşy bilen bagly, ykbalyna dahylly meseleleri gozganlygyndadyr. Halka agzybirligi, jebisligi ündäp, berkarar döwleti gurmaga çagyrmagyndadyr, kämil ahlak sypatlary özüňde terbiýelemegiň ýollaryny salgy bermegindedir.
Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň mazmuna baý şygyrlary her bir ynsanyň durmuş ýörelgesine öwrülendigi üçin uly meşhurlyga eýedir. Beýik söz ussadynyň döredijiligi watansöýüjilik, agzybirlik, döwletlilik, jebislik, zähmetsöýerlik, myhmansöýerlik, belent adamkärçilik, batyrlyk, ýagşy umytda we ruhubelent bolmak, il-günüň bilen bir jan, bir ten bolmak ýaly meselelere bagyşlanandyr. Mälim bolşy ýaly, ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji Geňeşiniň mejlisinde Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumyny bu guramanyň “Dünýäniň hakydasy” maksatnamasynyň halkara sanawyna girizmek barada çözgüt biragyzdan kabul edildi. Şeýle hem Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk baýramçylygynyň bu guramanyň Şanly seneler sanawyna goşulmagy beýik akyldaryň şan-şöhratynyň dünýä dolýandygyny, döredijilik dünýäsiniň gymmatynyň has-da artýandygyny aýdyňlygy bilen görkezýär.
Täze 2024-nji ýyly “Pähim-paýhas ummany - Magtymguly Pyragy” ýyly diýip yglan eden Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz parahatçylygyň Watany hökmünde Magtymguly Pyragynyň döwlet gurmak ýörelgesine daýanýar. Akyldar agzybirligi döwlet gurmagyň esasy şertleriniň biri, parahat we asuda durmuşyň girewi hasaplapdyr. Milli gymmatlyklarymyzy täzeden galkyndyrýan, pederlerimize we olaryň baý döredijiligine uly hormat goýýan, dana pederlerimiziň bize goýan ylmy-edebi mirasyny düýpli öwrenmäge we ýaşlara öwretmäge uly mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, beýik işleri rowaçlyklara beslensin!
Gülnabat TOŞŞIÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Patologik anatomiýa kafedrasynyň mugallymy.
Türkmenistan Serbiýada geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Serbiýa Respublikasynyň Belgrad şäherinde geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine Türkmenistanyň ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.
BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ilçileri bilen duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 9-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Türkmenistandaky Ilçileri bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
MILLI ÝÖRELGELER DOWAMAT-DOWAM
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda halkymyzyň şöhratly taryhyny we baý medeni mirasyny aýawly saklamak hem-de bütin dünýäde giňden wagyz etmek wezipesi üns merkezinde durýar.
BEDEW BATLY ROWAÇ ÝYL
Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz bedew bady bilen öňe barýar. 2026-njy «Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at myradyň mekany» ýylyna uly ynam, belent ruh bilen gadam basdyk. Türkmen halkymyzyň uçar ganaty bolan behişdi bedewlerimiziň şöhratly taryhymyzdan şu günimize çenli gelip ýeten şan-şöhraty egsilmezdir.
TÜRKMEN TOPRAGY DERMANLYK ÖSÜMLIKLERE BAÝ TOPRAK
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasy, egsilmez yhlasy bilen ýurdumyzda halkymyzyň eşretli ýaşaýşyna gönükdirilen giň gerimli özgertmeler, asylly başlangyçlar, tutumly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini wagyz etmek bilen bagly wezipäniň täze çemeleşmeleri talap edýändigi mälimdir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.