Medeniýet – halkyň ruhy baýlygy
10-02-24

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen baý edebi mirasymyzyň düýpli we hemmetaraplaýyn öwrenilişi barha giň gerime eýe bolýar. Geçen ýylyň 10-njy dekabrynda «Şuşa – türki dünýäniň medeni paýtagty-2023»-iň ýapylyş dabarasy bolup geçdi. Çäräniň çäginde TÜRKSOÝ-yň Hemişelik geňeşiniň sazlaýjysy diýen wezipe Türkmenistanyň medeniýet ministri Atageldi Şamyradowa geçirildi, «Türki dünýäniň medeni paýtagtynyň» nyşany bolsa Änew şäheriniň häkimi Röwşen Jumaýewe gowşuryldy.
Berkarar döwletimizde yglan edilen 2024-nji ýylda – «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň hem doglan gününe 300 ýyl dolýar. Häzirki wagtda ýurdumyzda bu şanly senä taýýarlyk işleri dowam edýär. Şeýle belent hormat-sarpa akyldar şahyryň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Watansöýüjilige, agzybirlige we dost-doganlyga çagyran söz ussadynyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, beýleki halklaryň hem ýüreginde orun alýar.
Ynha, nesip bolsa, üstümizdäki ýylda hem bize akyldar şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçiriljek çäreleriň ençemesi garaşýar. Şunuň bilen baglylykda, 2021-nji ýylyň 12-nji fewralynda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde 2024-nji ýylda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemek bilen baglanyşykly karara gol çekildi hem-de bu senäni bellemek boýunça guramaçylyk topary döredilip, onuň düzümi degişli karar bilen tassyklanyldy. 2022-nji ýylyň 23-nji dekabrynda bolsa sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly bellemek boýunça geçirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny tassyklady.
Magtymguly Pyragy köp manyly sözleri hem şygryýetinde ähli many öwüşginleri bilen ulanypdyr. Şahyr umumadamzadyň zeruryýetine dahylly şahyrana pikirleriňem, sözleriňem dürüni süzüp alyp bilen ussat. Onuň özi hem bu barada:
Söz bar awuly aşy
Bal bilen ýag eýleýir
diýip belleýär. Ýagşy sözler adamyň kalbynda üýtgeşik şatlyk duýgusyny, gözellik meýillerini oýarýar. Hyýallar aýdyň bolup, pikirler sazlaşykly ösende, biziň sözleýän sözlerimiz hem gözelleşýär. Sözler diňe ýürekden çykanda ajaýyp bolýar. Magtymgulynyň şygyrlarynda bolsa bütin türkmen halkynyň merdana ýüregini görmek bolýar.
Islendik meseläniň ýagty, ýagşy tarapyndan seretmek hem şahyryň döredijiliginiň tapawutly aýratynlyklarynyň biridir. Onuň pikiriçe ynsan gatnaşyklaryny ýüreklerdäki ýagşy päl, birek-biregiň hormatyna edilýän ýagşy işler sazlaýar. Bütin adamzadyň ümzügi aýdyň ertirlere, ýagşy niýetlerden püre-pür bolan beýik geljege sary.
Ýurdumyzda her ýylyň iýun aýynda Medeniýet hepdeligi bilen Magtymguly Pyragynyň şygryýet baýramy bilelikde bellenilýär. Ol gün şygyr sungatynyň mukaddes tärlerini şahyrdan miras alan döredijilik ussatlarymyz täzeden-täze ajaýyp şygyrlary bilen halkymyzy begendirýär.
Türki medeniýetiniň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) hemişelik geňeşiniň Türkiýe Respublikasynyň Bursa şäherinde geçirilen mejlisinde Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli 2024-nji ýyly «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly», Türkmenistanyň gadymy Änew şäherini bolsa 2024-nji ýylda «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýip yglan etmek hakynda türkmen tarapynyň öňe süren başlangyçlaryny biragyzdan goldamagy halkymyzy diýseň buýsandyrdy. Biz — bilim öşgärleri dana şahyrymyzyň dürdäne şygyrlaryny, edebi mirasyny içgin öwrenýäris. Magtymguly Pyragynyň watanperwerlige, lebzihalallyga, mertlige çagyrýan şygyrlary häzirki ýaş nesiller üçin görüm-görelde mekdebidir.
Bu günki gün biz şahyryň arzuwlap öten eşretli zamanasynda, bagtyýar hem-de abadan durmuşda ýaşaýarys. Şahyryň arzuwlan zamanasynda ýaşap, eziz Diýarymyzyň bedew batly ösüşlerine ýakyndan şaýat bolmak, olaryň her birine dahylly bolmak biziň üçin çäksiz mertebedir. Akyldar şahyrymyzyň at-abraýynyň umumadamzat derejesinde dabaralanmak babatdaky aladalaryň, tagallalaryň gözbaşynda durýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw edýäris.
Şöhrat BERDIÝEW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Patologik anatomiýa kafedrasynyň mugallymy.

Türkmenistanyň we Russiýanyň DIM-leriniň ýolbaşçylary 2025-2026-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gol çekdiler
Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow we Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda 2025-2026-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gol çekdiler. Gol çekmek dabarasy Aşgabat şäherinde geçirildi.

Medeniýet hepdeligi — 2025: üçünji gün
Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabatlanyp geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň dürli çärelere beslenen üçünji güni ýurdumyzyň baý medeni mirasynyň we parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň arasyndaky çuňňur arabaglanyşygy nobatdaky gezek aýdyň görkezdi.

Bitaraplyk — Parahatlyk
Häzirki wagtda döwletimiz ykdysadyýeti, durmuş ulgamy okgunly ösýän, döredijilik başlangyçlary öňe sürýän ýurt, halkara bileleşigiň işjeň agzasy hökmünde giňden tanalýar. Bu üstünlikleriň gözbaşynda giň ykrarnama we dünýäniň goldawyna eýe bolan oňyn Bitaraplyk syýasatymyz durýar.

MUKADDESLIKLERIMIZE SEŽDE
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Konstitusiýasy jemgyýetimiziň hem-de döwletimiziň gurluşynyň esasy ugurlaryny kesgitleýän resminamadyr. Esasy Kanunymyzda müňýyllyklardan gözbaş alýan Watan, halk we döwlet baradaky mukaddes düşünjelerimiz, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejämiz bitewüleşdirilýär, berkararlygymyzyň ygtybarly binýady öz beýanyny tapýar.

«Ak şäherim Aşgabat» atly köpugurly halkara sergi we maslahat geçirildi
24-nji maýda paýtagtymyzda Aşgabat şäher häkimliginiň we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň bilelikde guramagynda “Ak şäherim Aşgabat” atly XXIV köpugurly halkara sergi we maslahat öz işine başlady.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.