Sanly ulag - ygtybarly we netijeli ösüş ýoly
27-07-22
2022-nji ýylyň 27-nji iýulynda Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýa agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk̓» agentliginiň edara binasynda, ulag-kommunikasiýalar ulgamynyň degişli hünärmenleiniň onlaýn gatnaşmagynda «Ulag we kommunikasiýalar toplumyny ösdürmegiň esasy ugurlary» atly maslahat geçirildi.
«Türkmenaragatnaşyk̓» agentligi tarapyndan gurnalan bu maslahatda Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýa agentliginiň degişli ýolbaşçylary, hünärmenleri we ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary toplum boýunça gazanylan üstünlikler barada çykyş etdiler.
Maslahatyň dowamynda «Aragatnaşyk ulgamynda sanly ykdysadyýetiň ornaşdyrylmagy», «Ulag-logistika ulgamynda döwrebap tehnologiýalar», «Sanly ykdysadyýet deňiz-derýa pudagynyň ynamly, döwrebap ösüşiniň binýdy», «Demir ýol pudagy sanly ulgamda», «Söwdada we logistikada sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti», «Türkmenbaşy halkara deňiz porty – logistikanyň altyn halkasy» ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Demir ýol, awtomobil, howa we deňiz-derýa ulaglarynyň halkara gatnawlarynyň sanlylaşdyrylmagy halkara we dostlukly hyzmatdaşlyklary berkitmek, logistika maglumatlary alyş-çalyş etmek, şeýle hem halkara derejesinde ygtyýarly guramalar bilen kanuny taýdan möhüm elektroniki aragatnaşyk saklamak üçin niýetlenendir diýip, maslahatda çykyş edenler belläp geçdi.
Maslahatda ulaglaryň ähli görnüşleriniň halkara gatnawlarynyň sanlylaşdyrylmagy diňe bir Aziýanyň we Ýewropanyň tranzit gatnawlarynda amatlyklary döretmän, eýsem Ýewraziýa giňişliginiň ähli ýurtlarynyň ykdysady ösüşini işjeňleşdirýändigi babatynda hem durlup geçildi.
Aýgözel ANNAMÄMMEDOWA,
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň «Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk kompaniýasynyň hünärmeni.
Taryhy waka: «Aýdyň Gijeler» kompaniýasy Eswatini Patyşalygynda iki sany täze kärhanany gurýar
Ýakynda Eswatini Patyşalygynda önümçilik toplumynyň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi. Şol gün gurluşyk işlerine resmi taýdan badalga berildi. Dabara «Aýdyň Gijeler» kompaniýasynyň wekilleri bilen bir hatarda Eswatini Patyşalygynyň ýokary derejeli resmi wekilleri hem gatnaşdylar.
Türkmenistan «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» sammitine taýýarlyk görmek boýunça ýokary wezipeli wekilleriniň maslahatyna gatnaşdy
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» sammitine taýýarlyk görmek boýunça ýokary wezipeli wekilleriniň maslahatyna gatnaşdy. Maslahat Özbegistanyň Daşkent şäherinde geçdi, diýip Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.
Türkmenistanyň ilçisi Katar Döwletiniň ulag ministri bilen duşuşdy
Golaýda Türkmenistanyň Katar Döwletindäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçi M.Seýitmämmedowyň Katar Döwletiniň ulag ministri Şeýh Muhammed bin Abdulla bin Muhammed Al Tani bilen duşuşdy.
Türkmenistan — Slowakiýa: özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygy ilerledip
17-nji iýunda paýtagtymyzda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi öz işine başlady. Oňa gatnaşmak üçin Slowakiýa Respublikasynyň ykdysadyýet ministriniň orunbasary Wladimir Şimonýagyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet ýurdumyza geldi.
Türkmenistan we CASCA+ ýurtlary ýük daşamalaryny artdyrmak ylalaşygyna gol çekdiler
Türkmenistan we CASCA+ halkara ulag geçelgesine gatnaşyjy bäş döwlet ýük daşamalarynyň möçberini artdyrmaga hem-de bu ugry mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen ylalaşyga gol çekdiler. Bu barada anna güni “Özbekdemirýollary” paýdarlar jemgyýeti habar berdi.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.