Bagtyýar ýaşlara ynam, uly buýsanç, mukaddes borç

10-01-24

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýaşlaryň ylymly-bilimli, ilhalar, watançy adamlar bolup ýetişmegi ugrunda uly aladalar edilýär. Täze gadam basan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň hem ilkinji günlerinden ýurdumyzyň bilim we ylym binýadyny pugtalandyrmaga, ulgamy dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň derejesine ýetirmäge, maddy-enjamlaýyn üpjünçiligini berkitmäge gönükdirilen uly işler durmuşa geçirilýär.

Watanymyzyň geljekki ösüşlerini ýaşlarda görýän Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýaş nesle uly ynam bildirip, okamagymyz, öwrenmegimiz üçin hemme şertleri döredýär. Bilim alýan orta we ýokary okuw mekdeplerimiziň iň ösen tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylmagy ösen döwrümiziň talaplaryny doly ödemäge mümkinçilik berýär. 2023-nji ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilmegi ýaşlar hakynda edilýän aladanyň bimöçberdiginiň nobatdaky subutnamasy boldy.

Gahryman Arkadagymyz we Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýaşlaryň ylmy işleri alyp barmagy, ähli ugurda öz başarnyklaryny görkezmegi üçin uly tagallalary edýärler. Geçen ýylyň dekabr aýynyň 27-sinde Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň jemlerine bagyşlanyp, halkara ylmy-amaly maslahatyň we serginiň geçirilmegi hem ýaşlar baradaky aladadan, olara bildirilýän uly ynamdan nyşan boldy. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda, onuň sergi zalynda ýaýbaňlandyrylan bu forumda ylym-bilimde, medeniýetde, sungatda, oýlap tapyşda, sportda, ykdysadyýetde, innowasion tehnologiýalar ulgamynda, oba hojalygynda türkmen ýaşlarynyň zehini, ukyp-başarnygy, zähmeti bilen ýetilen üstünlikler giňden şöhlelendi. Ýokary derejeli maslahatda we sergide ýurdumyzda geçen ýyl bolan ajaýyp wakalar, gazanylan ösüşler, ýetilen belent sepgitler, ýaşlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny goramak, durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek, olary döwlet tarapyndan goldamak boýunça amala aşyrylan işler bilen giňden tanyşmaga, daşary ýurtly kärdeşlerimiz bilen dürli ugurlarda pikir alyşmaga mümkinçilik döredildi.

Geçen ýylyň şygarynyň hormatly Prezidentimiziň ady bilen baglanyşdyrylmagy biziň her birimizi asylly işlere ruhlandyryp, göwünlerimize ganat, arzuw-niýetlerimize belent bat berdi. Ilkinji günlerinden ösüş-özgerişlere, taryhy wakalara beslenen Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylymyzyň ganatly şygary bizi öňküden-de ruhubelent zähmet çekmäge, üstünlikleri gazanmaga ruhlandyrdy. Bu günki gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ýaşlar üçin mynasyp geljegi gurmak, olaryň bilim derejelerini yzygiderli ýokarlandyrmak babatda berýän tabşyryklaryndan ugur alyp, işleri döwrebap şertlerde guramak örän ähmiýetlidir. Hut şu nukdaýnazardan hem inženerçilik ugurly ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyp ýaşlaryň sanly işläp taýýarlamalaryny önümçilige ornaşdyrmagy gazanmak, robot tehnologiýalaryny öwretmek işini döwrebap görnüşde guramak, önümçiliklerde we durmuşyň dürli ugurlarynda adama ýeňillik döredip biljek emeli aňyň mümkinçiliklerini giňden ulanmak arkaly işläp taýýarlamalara ýaşlaryň gatnaşmagyny üpjün etmek, nanotehnologiýanyň mümkinçiliklerini giňden öwrenmäge çekmek döwrüň talabydyr, öňümizde durýan möhüm wezipelerdir.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlarynyň maddy-enjamlaýyn binýady has-da pugtalandyrylýar. Döwrebap tehnologiýalardan baş çykarmak ýaşlarymyzyň jogapkärli wezipesine öwrüldi. Bu meselede ýurdumyzyň bilim ulgamy has-da kämilleşdirildi. Häzirki döwrüň ýaşlary daşary ýurt dillerinde erkin gürlemegi başarýarlar. Munuň özi ýurdumyzyň at-abraýyny has-da belende galdyrmakda ýaşlaryň ornunyň aýratyndygyny ýene bir gezek subut edýär. Ösüp gelýän ýaşlary milli ýörelgelerimize eýerip terbiýelemek, olaryň ynsanperwerlik we watansöýüjilik duýgularyny ösdürmek, ata Watanymyza wepaly edip ýetişdirmek esasy maksadymyzdyr.

Häzirki ajaýyp döwrümizde döwletimiz ýaşlaryň beden we ruhy taýdan sagdyn ösmegi, olaryň innowasion ösüşlerden oňat baş çykarmaklary üçin döwrebap hünärleri ele almaga, sanly tehnologiýalary we serişdeleri özleşdirmäge ýardam berýän ähli amatly şertleri döredýär. Hususan-da, ýaşlar ylmyň gazananlaryny özleşdirmäge işjeň gatnaşýarlar. Talyp ýaşlarymyz, mekdep okuwçylarymyz halkara bäsleşiklerine gatnaşyp, uly üstünlikleri gazanýarlar. Munuň özi Diýarymyzda ýaşlaryň okamagy, bilim almagy, hünär öwrenmegi üçin ähli mümkinçilikleriň döredilýändigini aýdyň görkezýär.

Türkmenistanda bilim ulgamyny ösen döwrüň talaplaryna laýyk kämilleşdirmek ugrunda giň gerimli özgertmeler maksatnamasy toplumlaýyn durmuşa geçirilýär. Soňky ýyllarda iň täze, döwrebap kompýuter tehnologiýalary, multimedia ulgamlary bilen üpjün edilen orta, ýörite orta hünär we ýokary okuw mekdepleriniň, ylmy-barlag merkezleriniň giň ulgamy döredildi. Durmuşa geçirilýän innowasion özgertmeleriň barşynda bilim ulgamynda giň mümkinçilikler açyldy. Munuň özi bu ulgama ylmy-tehniki täzelikleriň ornaşdyrylmagy bilen onuň has-da rowaçlanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Mähriban Watanymyzyň gülläp ösmeginde ýaşlaryň uly güýç bolup durýandygyny Gahryman Arkadagymyz hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyz yzygiderli nygtaýarlar.

Hormatly Prezidentimiz: «Ýaş nesiller — jemgyýetiň geljegi» diýýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyz täze ýylyň öňüsyrasynda biz — ýaşlara we bütin halkymyza peşgeş eden «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda geçen ýyl bitirilen işleriň jemini jemledi, öňümizde duran beýik maksatlary açyp görkezdi. Ýurdumyzy hemmetaraplaýyn gülledip ösdürýän, dünýäde türkmen döwletiniň at-abraýyny belende göterýän Milli Liderimize we hormatly Prezidentimize alkyşlarymyz çäksizdir.

Hojanar HOJANAROW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Mehanika-tehnologik fakultetiniň talyby.

16828e9089dae2.jpeg
GADYMY TÜRKMEN TOPRAGY – ADAMZADYŇ GYMMATLY HAZYNASY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan baý ruhy hem-de taryhy-medeni mirasy, milli däpleri aýawly saklamak, giňden wagyz etmek ýörelgesi türkmen halkyny dünýäniň beýleki ýurtlarynyň halklary bilen ruhy taýdan has-da jebisleşdirýär. Taryhçylaryň bellemeklerine görä, türkmen topragynda bina edilen köpsanly ýadygärlikler adamzadyň gymmatly hazynasydyr.


16828e872d720e.jpeg
AKYLDAR ŞAHYRYŇ ŞYGRYÝET MIRASY

Magtymguly Pyragynyň şygryýeti egsilmeýän derýa, ruhy teşnelikden gandyrýan güzer kimin ynsanyýeti agzybirlige, päklige, halallyga çagyrýar. Hut şonuň üçin-de söz ussadynyň her bir setiri durmuş şamçyragy bolup kalplara ornaýar. Magtymguly Pyragy sözüň egsilmez güýji we gudraty bilen şygryýet äleminde ady Arşa galyp, milli derejä göterilen akyldar şahyrdyr. Dana şahyrymyzyň paýhasa ýugrulan döredijiliginde nesil terbiýesine degişli şygyrlara uly orun degişlidir.


16828e79d0aab4.jpeg
BAŞ KANUNYMYZ HEM-DE ÝAŞYL BAÝDAGYMYZ TÜRKMEN HALKYNYŇ RUHY BITEWILIGINIŇ NYŞANLARYDYR

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň hukuk ulgamynda amala aşyrýan özgertmeleri diňe bir öz raýatlarymyzy buýsandyrmak bilen çäklenmän, eýsem  dünýä bileleşigi tarapyndan hem gyzgyn goldanylýar. Ata Watanymyzda kanunyň abraýyny has-da belende göterýär, onuň rüstemligini ykrar edýär.


16828e4589b060.jpeg
ROWAÇLYGYŇ HEM AGZYBIRLIGIŇ SAZLAŞYGY

Täze Galkynyşyň batly gadamlary bilen bagtyýarlyk nuruny boldan eçilýän ýurdumyzda belentden parlaýan Ýaşyl Tugumyzyň astynda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýokary depginlerini we giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegini, bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegini, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara derejesindäki abraýynyň barha artmagyny yzygiderli üpjün etmekde ýurdumyzda hereket edýän hukuk namalaryna esasy orun degişlidir.


16828e2f1b58f9.jpeg
DÖWLETLILIGIŇ HEM ASUDALYGYŇ NYŞANLARY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň her bir güni toý-baýramlara, ýatdan çykmajak pursatlara, taryhy wakalara beslenýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň jemgyýetçilik gurluşynyň köpasyrlyk tejribesine esaslanýan, halkymyzyň milli ýörelgelerini özünde jemleýän berk binýatdyr.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.