Türkmeniň beýik şahyry, akyldary Magtymguly Pyragy

08-01-24

Bellibir senelerde geçen günleriň wakalaryna göz aýlap, şol döwrüň taryhyň nazaryýetinde nähili yz galdyrandygyna syn bermek, täze menzillere ýelken açmak däp bolup galypdyr. Ine, taryha giren 2023-nji ýylyň möhüm wakalaryna göz aýlanymyzda-da, bu gysga döwürde ýurdumyzyň taryhynda öçmez yz galdyran üstünlikleriň gazanylandygyny buýsanç bilen belleýäris. Hökmürowan wagt örän tiz geçýär, täze ýyl üçin maksatlarymyzyň näderejede durmuşa geçendigine doly göz aýlap ýetişmänkäk, eýýäm ýene bir täze ýyl, täze arzuw-maksatlara badalga berenimizi hem duýman galýarys. Edil çasly akýan çeşmeleriň okgunly öňe ilerleýşi, ula goýberilen ýüwrük bedewleriň pellehana tarap misli ganat baglap uçuşlary ýaly, biz ýene döredijilikli ösüşleriň binýadyny tutýarys, täze maksatlara badalga berip, wagty netijeli ulanmaga çalyşýarys. Bu, elbetde, durmuş abadançylygyndan, ýurt asudalygyndan nyşan.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her täze ýyly döwrebap atlandyrmak üçin ýylyň şygary yglan edilýär. Täze, 2024-nji ýyl Gahryman Arkadagymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýen kämil goşgusynyň adyny baýdak edinip geldi. Hormatly Prezidentimiz 29-njy dekabrda geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň Mejlisiniň teklibi bilen, 2024-nji ýylyň nyşanyny tassyklady. Nesip bolsa, ak arzuwlar, beýik maksatlar bilen garşy alnan bu ýyl hem agzybir halkymyz, eziz Diýarymyz üçin täze üstünlikleriň ýyly bolar.

Ynsan kalbynyň gözelliklerine beslenip, zehin bilen syntgylanýan döredijilik eserleri bir halkyň däl-de, umumadamzat gymmatlygyna öwrülip, asyrlary aşýar, nesillerden nesillere geçýär. Türkmen halkynyň kitabyny bahasyz gymmatlyga deňäp, iň arzyly ýerde apalap-gorap saklan, şygyrlaryny saza salyp, dillerde sena edinen, beýik pähim-paýhaslary bilen nesilleri terbiýelän, öz halkynyň dili bolup sözlän akyldar şahyryny bu gün dünýä tanaýar. Geçen ýylyň maý aýynda Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi munuň aýdyň mysalydyr. TÜRKSOÝ guramasynyň medeniýet ministrleriniň hemişelik geňeşiniň 39-njy mejlisinde 2024-nji ýyly «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ýyly» diýip yglan etmek hakyndaky çözgüdi beýik söz ussadynyň döredijiligine, parahatçylygy, dostlugy, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny giňden wasp eden eserlerine goýulýan belent sarpadan nyşandyr. ÝUNESKO-nyň Şanly seneler sanawynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk baýramçylygynyň orun almagy türkmen halkynyň beýik şahyrynyň dünýä edebiýatyna uly goşant goşan beýik akyldar hökmünde sarpalanýandygyny görkezýär.

Türkmeniň beýik şahyry, akyldary Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň halkara derejede ebedileşdirilmegi, eserleriniň dürli dillere terjime edilmegi parasatly pikirleriň, ynsanperwer garaýyşlaryň, gymmatly pelsepeleriň hiç haçan könelmän, almaz daşy ýaly ýalkym saçýandygynyň hakykatyny dabaralandyrýar. Aşgabat şäheriniň görnükli ýerinde, Köpetdagyň dag gerişleriniň eteginde akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň hormatyna medeni-seýilgäh toplumynyň gurulmagy türkmen halkynyň beýik şahyryna sarpasynyň bir nyşanydyr.

Milli Liderimiziň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly ajaýyp goşgusynda türkmen halkynyň dili bolup sözlän şahyryň döredijiliginiň nesiller üçin gymmaty teswirlenýär. Goşgynyň her bendiniň içinden Magtymguly Pyragynyň döredijiligindäki çuňňur pikir-garaýyşlar, şygyr setirleriniň many-mazmuny eriş-argaç bolup geçýär. Bu bolsa Gahryman Arkadagymyzyň akyldar şahyryň döredijiligini tanyşdyrmakda hem ýaýbaňlandyrmakda uly hyzmatynyň bardygyny, onuň hakyky magtymgulyşynasdygyny aýdyň görkezýär. Şonuň üçin akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň baýram ediljek ýylynyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyrylmagynda türkmeniň beýik buýsanjy, milli gymmatlyk diýip hasaplaýan garaýyşlary şöhlelenýär.

Ynsan söýgüsinde tutuş älem-jahany güllediji güýç bar. Ol diňe göze görünýän barlygy gülletmän, eýsem ynsan göwünlerini, ruhuny hem gülledip bilýär. Söýgüde üýtgeşik döredijilik güýji, ruhy bar. Beýik ýürekli ynsanlar beýik söýgi bilen döredijiligiň çürbaşyna çykyp bilýärler.

Ýürek joşa gelmez, til hem sözlemez,
Her ýürekde yşkdan köz hem bolmasa

— diýen akyldar şahyrymyz her bir işe söýgi-yşk bilen kökerilmegi ündäpdir. Täze ýylyň şygary halkyň ruhuny baýlaşdyrmak, olary beýik maksatlara gönükdirmek, jemgyýetde ylmy-düşünjäni ösdürmek babatda edilýän aladalaryň binýatlaýyn häsiýetini şöhlelendirýär. Bu aladalar öz netijesini hem berýär. Munuň şeýledigine bolsa, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň mähriban halkymyza Täze ýyl gutlagyny diňlänimizde hem ýene bir gezek göz ýetirdik. Şol ösüş-özgerişleriň arassa akabasyna goşulyp, eziz Diýarymyzyň gülläp ösmeginiň hatyrasyna döredijilikli zähmet çekmek her birimiz üçin belent borçdur. Bu günki üstünlikler ertirlere ynam-umyt, ylham-ganat berýär. Ýetilen sepgitler bolsa ýagty geljek üçin täze gözýetimleri açýar.

Öňde kesgitlenen wezipeleriň ählisi hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, birkemsiz ýerine ýetiriler. Tämiz niýetleri baýdak edinip, asylly maksatlara badalga berip, aýgytly hereketler bilen, bellenilen işleriň anyk möhletlerde ýerine ýetirilmegi bolsa täze maksatlara badalga berýär. Şeýle bolanda, her bir geçen gün, geçen ýyl berk binýatly basgançaklara öwrülip, täze belentliklere göterýär. Nesip bolsa, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary bilen gelen täze, 2024-nji ýyl hem ösüşiň ozalky tapgyrlarynda başy başlanan asylly işleriň mynasyp dowam etdirilýän hem-de köpugurly täze belentlikleriň nazarlanýan, giň mümkinçilikleriň açylýan döwri bolup taryhymyza girer.

Musajelil ORAZOW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Sanly tehnologiýalar we kiberhowpsuzlyk fakultetiniň Önümçiligiň we tehnologiýa prosesleriniň awtomatlaşdyrylyşy hünäriň 1-nji ýyl talyby.

16828e9089dae2.jpeg
GADYMY TÜRKMEN TOPRAGY – ADAMZADYŇ GYMMATLY HAZYNASY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan baý ruhy hem-de taryhy-medeni mirasy, milli däpleri aýawly saklamak, giňden wagyz etmek ýörelgesi türkmen halkyny dünýäniň beýleki ýurtlarynyň halklary bilen ruhy taýdan has-da jebisleşdirýär. Taryhçylaryň bellemeklerine görä, türkmen topragynda bina edilen köpsanly ýadygärlikler adamzadyň gymmatly hazynasydyr.


16828e872d720e.jpeg
AKYLDAR ŞAHYRYŇ ŞYGRYÝET MIRASY

Magtymguly Pyragynyň şygryýeti egsilmeýän derýa, ruhy teşnelikden gandyrýan güzer kimin ynsanyýeti agzybirlige, päklige, halallyga çagyrýar. Hut şonuň üçin-de söz ussadynyň her bir setiri durmuş şamçyragy bolup kalplara ornaýar. Magtymguly Pyragy sözüň egsilmez güýji we gudraty bilen şygryýet äleminde ady Arşa galyp, milli derejä göterilen akyldar şahyrdyr. Dana şahyrymyzyň paýhasa ýugrulan döredijiliginde nesil terbiýesine degişli şygyrlara uly orun degişlidir.


16828e79d0aab4.jpeg
BAŞ KANUNYMYZ HEM-DE ÝAŞYL BAÝDAGYMYZ TÜRKMEN HALKYNYŇ RUHY BITEWILIGINIŇ NYŞANLARYDYR

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň hukuk ulgamynda amala aşyrýan özgertmeleri diňe bir öz raýatlarymyzy buýsandyrmak bilen çäklenmän, eýsem  dünýä bileleşigi tarapyndan hem gyzgyn goldanylýar. Ata Watanymyzda kanunyň abraýyny has-da belende göterýär, onuň rüstemligini ykrar edýär.


16828e4589b060.jpeg
ROWAÇLYGYŇ HEM AGZYBIRLIGIŇ SAZLAŞYGY

Täze Galkynyşyň batly gadamlary bilen bagtyýarlyk nuruny boldan eçilýän ýurdumyzda belentden parlaýan Ýaşyl Tugumyzyň astynda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýokary depginlerini we giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegini, bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegini, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara derejesindäki abraýynyň barha artmagyny yzygiderli üpjün etmekde ýurdumyzda hereket edýän hukuk namalaryna esasy orun degişlidir.


16828e2f1b58f9.jpeg
DÖWLETLILIGIŇ HEM ASUDALYGYŇ NYŞANLARY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň her bir güni toý-baýramlara, ýatdan çykmajak pursatlara, taryhy wakalara beslenýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň jemgyýetçilik gurluşynyň köpasyrlyk tejribesine esaslanýan, halkymyzyň milli ýörelgelerini özünde jemleýän berk binýatdyr.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.