Animasiya grafika dizaýny, hereketli dizaýn
21-04-23
Hereketli dizaýn häzirki wagtda media, reklama, dizaýn pudaklarynyň aýrylmaz bir bölegidir. Bu gunki esasy temamyz bolsa, geljegiň möhüm hünäri diýip boljak şol hereketli dizaýn barada bolar.
Hereketli dizayn (Motion design) — adyndan hem belli bolşy ýaly, grafikanyň hereket etmek hadysasy. Ýagny grafikanyň boşluk we wagt esasynda hereket edip başlamagy, grafikany täze multimedia derejesine çykardy we oňa hereketli dizaýn ýada hereketli grafika dizaýny diyip at berildi. Şu ýerde animasiya bilen hereketli dizaýnyň tapawudyny belläp geçmek möhüm. Animasiya diyip, koplenç halatda, bellibir personažy bolan we şol esasynda gürrüñ̌ berilýän hekaýanyň grafiki hereketine aýdylýar. Hereketli dizaýn diýip, abstrakt we merkezi nokadynda bir personažbolmadyk grafikalaryň hereketlerine aýdylýar.
XX asyryň ortalaryna çenli grafika öz funksiýasyny we estetikasyny hereketsiz, ýagny durnukly görnüşde ýerine ýetirýärdi. 1960-njy ýyllarda animator Jon Uitniniň geçiren synagynyň netijesinde, grafikalar kompýuter arkaly hereketlendirilip başlanýar we ol täze wizual dil hökmunde kabul edilýär. Ondan soň grafika diýip boljak ähli zady: her dürli şekilleri, ýazgylary, 2D-3D modelleri, foto suratlary, hatda reňkleri hem hereketlendirip başladylar. Şol wagt hem Jon Uitni öz synagyndan çykan netije barada «herekete audio ýaly elementleri goşmak, ony has täsirli eder» diýip aýdýar.
Jon Uitniniň şol synagyndan soňra grafika öňküsinden has üýtgesik şekil alyp başlady, wizual effektleriň, animasiýalaryň we käbir kino tehnikalaryň esasynda ýerine ýetirilyän hereketli dizaýnyň tomaşaça ýetirýän täsiri hem artdy. Hereketli dizaýn adaty grafikadan maglumaty has düşnükli, ýeňil ýetirip, şol birwagtyň özünde gyzykly, özune çekiji etdi. Netijede bolsa, hereketli dizaýn häzirki zaman kinolaryň titrlerinden başlap, wideo klipleriň, teleýaýlymlaryň we gepleşikleriň, kompýuter oýunlaryň, reklamalaryň, web sahypalaryň, wideo arkaly tanyşdyrylyşlaryň we ýene-de birnäçe dürli dürli interaktiw tehnologiýalaryň aýrylmaz bölegine öwrüldi.
Käbir wideolarda ýerine ýetirilýän hereketler nähili ýeňil, ýönekeý ýaly görünýänem bolsa, hereketli dizaýnda asyl mesele hiç kimiň başarmaýan, aýratyn täsirli effekti däldigine ünsüňizi çekesim gelýär. Hereketli dizaýn özüniň köküni grafik dizaýnyňwe hereketli surat, ýagny kino dünýäsinden alyp gaýdanlygy sebäpli, şolaryň binýatlyk aýratynlyklaryna esaslanýar. Bu diýmek, hereketli dizaýny özüne çekiji edýän zat onuň çylşyrymlylygy däl-de, öran inçe, sünnälenip dokalýan ritminde. Şol sünnälenip taýýarlanan ritm hem netijede biziň gözümize hereketiň ajaýyp lezzetini berýär.
Umuman, häzirki wagtda hereketli dizaýna Türkmenistanyň media we dizaýn pudagynda talap uly. Garaz, wideo we dizaýn hünäri bilen gyzyklanýan ýaşlara geljekde has hem gerekli hünär boljak hereketli dizaýny öwrenip başlamagy maslahat berýärin. Her bir hünärde bolşy ýaly, onuňhem tehniki tarapyny, ýagny programmasyny öwrenmek kyn däl. Emma sözüň doly manysynda hereketli dizaýnçy bolmak üçin yhlas, zähmet we wagt gerek bolýar. Ritm duýgurlygy ýokary bolan we hereketiň berýän gyzygyndan lezzet alýanlar bolsa, has çalt öwrenyärler.
Iň möhüm zat hem hereketli dizaýnyň döredijilik hünäri bolmagydyr. Ondaky giň mümkinçilikler dizaýnçynyň hiç haçan içini gysdyrmaýar, hatda hereketli dizaýnyň berjek estetikasy dizaýnçyny döredijilik tarapdan kämilleşdirip bilyär.
Taýýarlan Şemşat BAÝRAMOWA,
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň Kompýuter ylymlary we maglumat tehnologiýalary fakultetiniň Animasiýa we grafika dizaýn hünäriniň talyby.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
GARAŞSYZLYK - KALBYMYZYŇ AÝDYMY
Eziz Watanymyz Türkmenistan baky Bitaraplygyň, bagtyýarlygyň we beýik ösüşleriň mekany hökmünde şanly seneleriň, taryhy wakalaryň röwşen nuruna beslenip, täze belentliklere tarap ynamly öňe barýar. Halkymyzyň milli buýsanjy, asudalygynyň hem-de berkararlygynyň synmaz binasy bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýuny garşylamaga ýurdumyzyň ähli künjeginde uludan taýýarlyk görülýär.
GARAŞSYZLYK – KÖŇÜLLERIŇ BUÝSANJY
Häzirki ajaýyp döwrümizde bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda dowam edýär, beýik işler halkymyzy buýsandyrýar. Ylym-bilimde döredilýän giň mümkinçilikler, täze bilim ojaklary bilim işgärlerini has-da döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar.
BAGTYÝAR GELJEGE YNAMLY GADAM
Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistan dünýä kartasynda özüniň parahatçylyk söýüji daşary syýasaty, güýçli ykdysadyýeti we berk jemgyýetçilik agzybirligi bilen tanalýan kuwwatly döwlete öwrüldi. Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk dabaraly baýramyna barýan ýolumyz - bu beýik gurluşyklaryň, ylym-bilimiň ösüşiniň, jemgyýetçilik-syýasy özgerişleriň taryhydyr.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.