Gurban baýramy – hoşmeýillilik we ýagşylyk baýramy

14-06-24

Şan-şöhraty äleme meşhur bolan gadymy hem müdimi türkmen halkynyň hoşniýetlilik, ynsanperwerlik, sahawatlylyk ýaly guýmagursak asylly ýörelgelerinden ugur alyp, merdana ata-babalarymyzyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýan özboluşly ruhy-ahlak gymmatlyklaryny aýawly saklamak, milli däp-dessurlarymyzy yzygiderli ösdürmek, raýatlarymyzyň bagtyýar durmuşda ömür sürmegini has-da ýokary derejelere çykarmak eziz Arkadagymyzyň döwlet syýasatynyň baş ugrudyr.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe täze many–mazmuna eýe bolan mukaddes Gurban baýramy halkymyzy täze üstünliklere, beýik ösüşlere ruhlandyrýar. Eziz Diýarymyzyň ähli künjeginde Gurban baýramy ajaýyp millilik ýörelgelerimize laýyklykda hiňňildikler dikilip, medeniýet we sungat işgärleriniň saz-söhbetli çykyşlary guralyp, döwlet derejesinde we ruhubelentlikde giňden bellenilýär. Bagtyýar maşgala ojaklarynda täze-tämiz lybaslar geýlip, bereketli saçaklar giňden ýazylyp, il-ýurt abadançylygynyň, sag-salamatlylygyň, rysgal-döwletliligiň dowamat-dowam bolmagynyň hatyrasyna gurbanlyk sadakalary berlip, ýagşy doga-dilegler edilýär.

Gadymdan gelýän bu baýram adamlaryň köňlüni päkläp, ýagşylyga çagyrýar. Gurban baýramy – ozaly bilen, maşgala baýramy, her öýde gadyrly  myhmanlar üçin datly tagamlar taýýarlanylýar. Bu hoşmeýilliligiň we mähribanlygyň baýramy, adamlary birleşdirýän baýram.

Bu baýramçylygyň terbiýeçilik ähmiýeti uly bolup adamlary ynsanperwerlige, birek-biregi sylamaklyga, gowy gatnaşykda bolmaklyga, mätäje kömek etmeklige ündeýär. Ýyl dowamynda iş bilen meşgul bolan adamlara dogan-garyndaşlary ýatlamak, dost-ýarlar bilen baryş-geliş etmek, myhmançylyga barmak uly huzur bagyş edýär. Adamlaryň şeýle gowy gatnaşykda bolmagy parahatçylygyň girewidir.

Gurban baýramy ähli musulman halklarynyň mukaddes baýramydyr. Ata- babalarymyz bu baýrama aýratyn uly ähmiýet beripdirler hem-de ony giňden belläp geçipdirler. Musulman dünýäsiniň esasy baýramçylyklarynyň biri bolan Gurban baýramy hijri-kamary ýyl hasaby boýunça Oraza tutmak ybadaty tamamlanandan soň, 71-nji günde başlanýar. Türkmen topragynda gadymdan bäri aýratyn sarpalanýan bu mukaddes baýramçylygyň milli senenamamyzyň ähmiýetli seneleriniň sanawyna girizilmegi bilen, ata-babalarymyzyň ajaýyp däpleri mynasyp dowam etdirilýär.

Gurbanlyk baýramçylygy sözüň doly manysynda, ynsan kalbyny tämizleýär, adamlary birek-birege mähriban edýär, agzybirlige çagyrýar. Bu baýram ynsanlary birek-birege has ýakynlaşdyrýar, dostlaşdyrýar, jebisleşdirýär.

Gurban baýramy ata-babalarymyzyň iň mukaddes däpleriniň berjaý edilýän baýramlarynyň biri bolup, onda ynsana hormat goýmak, özgelere ak ýürekli garamak, ejizleri goldamak, hal-ahwalyny soramak, olara howandarlyk etmek, ýeri gelende mertligi, ýagşylygy we haýyr sahawatlylygy başarmak ýaly ajaýyp häsiýetler jemlenýär. Gurban baýramy günlerinde-de köňüller päklenip, milli däplerimiz çuňňur mana eýe bolýar.

Berkarar döwletimizde yglan edilen 2024-nji ýylda – «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda agzybir halkymyz Gurban baýramyny toý şatlygyna beslär. Döwletli ojaklarda bereketli saçaklaryň başynda edilen söhbetlerde, arzuw-dileglerde, okalýan aýatdyr töwirlerde ýurdumyzy agzybirlige, jebislige besleýän hormatly Prezidentimize alkyşlar aýdylar.  Hormatly Prezidentimizi, tutuş halkymyzy Gurban baýramy bilen gutlaýarys!

Goý, mübärek Gurban baýramy günlerinde halkymyzyň agzybirligi, abadançylygy, eziz Diýarymyzyň berkararlygy, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň ähli tutumlarynyň rowaçlygy üçin ediljek doga-dilegler, ýagşy umyt-arzuwlar gudraty güýçli beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun! Mukaddes Gurban baýramyňyz gutly, gurbanlyk sadakalaryňyz kabul bolsun, eziz ildeşler!

 Baýmyrat ANNAKLYÇEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Tehniki hyzmatyň guralyşy we tehnologiýasy hünäriniň 1-nji ýyl talyby.
 

16944f07098f54.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tanä we ýurduň ähli halkyna Katar Döwletiniň Milli güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16944ef745f328.jpeg
Aşgabat Jarnamasy — parahatçylygyň, ynanyşmagyň we bitaraplygyň ählumumy arhitekturasy

12-nji dekabrda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilen halkara forumyň jemleri boýunça kabul edilen Aşgabat Jarnamasy XXI asyrda halkara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň ýollaryny kesgitleýän strategik resminamadyr.


BITARAPLYK — PARAHATÇYLYGYŇ HEM-DE DURNUKLY ÖSÜŞIŇ ÖZENI

Bitaraplyk ata Watanymyzyň parahatçylyk, agzybirlik, asudalyk hakyndaky soňlanmajak bagt aýdymydyr. Bitaraplyk türkmen ykbalynyň, durmuşynyň gül bolup açylmagydyr. Onuň ynsan ömrüne berýän bagty, bagtyýarlygy egsilmezdir. Aziýanyň merjen şäheri, ajaýyp paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň giň we owadan köçeleriniň biri hem  “Bitarap Türkmenistan şaýoly” bolup durýar.


«HEMIŞELIK BITARAPLYK PARAHATÇYLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ ÝOLUDYR»

Bitarap Watynymyzyň erkinligi, asudalygy, berkararlygy we ata-babalarymyzyň arzuwlan eýýamy bu günki gün  Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda rowana ýollarda uly üstünliklere beslenýär. Halkara parhatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyz dünýäniň birnäçe döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary alyp barýar.


«BAR ZADYŇ SAKASY SAGLYK»

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her bir güni şanly senelere, toý-baýramlara beslenýän Türkmenistan döwletimizde her bir günimiz uly üstünliklere beslenýär. Türkmenistanda däl, eýsem, bütin dünýäde uly goldawa eýe bolýandygyny äşgär etdi. «Saglyk» Döwlet maksatnamasy ýurdumyzda saglygy goraýşy kämilleşdirmek babatda özgertmeleriň aýgytly tapgyryna geçmäge badalga berdi.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.