Kämil ýaşlar kemala gelýär

25-12-23

Ýaşlaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, ylymly-bilimli we terbiýeli, ýokary düşünjeli adamlar bolup ýetişmegi üçin ýurdumyzda ähli mümkinçilikler döredilýär. Döredijilikli halal zähmet, adam, jemgyýet, döwlet sazlaşygyny emele getirýär. Ýaş raýatlaryň hukuklarynyň durmuşa geçirilmegi, ýurdumyzyň döwlet we jemgyýetçilik durmuşyna doly hukukly gatnaşmagy üçin oňaýly şertleri döredýär. Olarda ruhy-ahlak gymmatlyklaryny, sagdyn durmuş ýörelgelerini kemala getirmäge, watansöýüjilige, ynsanperwerlige, zähmete bolan söýgini terbiýeleýär.

Gazanylýan üstünliklerde mähriban halkymyzyň, aýratyn-da, ýaşlaryň hyzmaty uly. Eziz Watanymyz bilimler ýurdudyr. Ýurdumyzda ýaşlarymyzyň köpugurly bilim almaklary, ylmy gözlegler bilen meşgullanmaklary, döredijilikli zähmet çekmekleri üçin ähli şertler döredilendir.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy ýurdumyzda ýaş raýatlaryň bähbitlerini goraýan jemgyýetçilik birleşigi bolup durýar. Döwlet edaralary bilen bilelikde bu gurama ýaşlar babatynda birnäçe wezipeleri çözmäge gatnaşýar. Ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini ornaşdyrmaga, ylym we tehnologiýalar babatda täze usullary we innowasion tehnologiýalary ulanmak bilen, ylmy-barlag taslamalaryny ýerine ýetirmek boýunça ýaşlaryň halkara ylmy hyzmatdaşlygyny ösdürmäge hem-de bu hyzmatdaşlygyň ugurlaryny giňeltmäge çalyşýar. Bu guramanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Bütindünýä ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzalygyna kabul edilmegi ýaşlarymyzyň halkara derejesinde üstünlikleri gazanmaklary üçin ähmiýetlidir. Türkmenistanyň ýaşlar guramasy bilen daşary ýurtlaryň ýaşlarynyň arasynda dürli ugurlar boýunça tejribe alyşmagyna ähmiýet berilýär.

Täze taryhy zamanada Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen, «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň kabul edilmegi-de ýaş nesillerimiz üçin täze mümkinçilikleri we ýeňillikleri döretdi. Şeýle giň mümkinçiliklerden ruhlanýan kämil türkmen ýaşlary bildirilýän belent ynamy ödemek üçin tutanýerli we yhlasly zähmet çekip, ylym-bilim, sport, medeniýet we sungat ugurlarynda gazanýan ajaýyp üstünlikleri bilen Watanymyzyň halkara abraýyna, şan-şöhratyna mynasyp goşant goşýarlar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň bagtyýar ýaşlary hormatly Prezidentimiziň her bir öňe sürýän başlangyçlaryny tüýs ýürekden goldap, halal zähmetleri bilen ýurdumyzyň ösüşine öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar.

Belent maksatlary baýdak edinen bagtyýar ýaşlar bu gün edebiýatda, sungatda, medeniýetde, oba hojalygynda, ylymda, tehnikada, sportda, saglygy goraýyşda, bilim we terbiýeçilik işlerinde, şeýle hem hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda alnyp barylýan içeri we daşary syýasaty, durmuşa geçirilýän beýik özgertmeleri wagyz-nesihat etmekde işjeňlik görkezýärler. Türkmen ýaşlary dünýä we halkara ýaryşlarynda ýurdumyzyň abraý-mertebesini belende göterýärler. Ýakynda, paýtagtymyzda geçirilen Kuraş boýunça XIV dünýä çempionatynda türkmen türgenleriniň gazanan üstünlikleri hem munuň aýdyň güwäsidir.

Hormatly Prezidentimiziň Karary esasynda, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahatyň, sergileriň we dabaralaryň ýokary derejede, guramaçylykly geçirilmegine taýýarlykly barýarys. Bu halkara ylmy-amaly maslahat we sergi bagtyýar ýaşlaryň buýsançly köňüllerini has-da galkyndyrar we röwşen geljege bolan ynamlaryny ýokarlandyrar.

Halkara derejesindäki ylmy-amaly maslahatlara ýaşlaryň gatnaşyp, öz alyp barýan ylmy işleri boýunça çykyş etmekleri ýaş alymlaryň täze ylmy we inženerçilik pikirleriniň, senagat-innowasion we maglumat-tehnologiki işläp taýýarlamalarynyň milli ykdysadyýetimize giňden ornaşdyrylmagyny üpjün edýär, ylymda halypa-şägirtlik ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna giň mümkinçilik döredýär.

Hormatly Prezidentimiziň innowasiýalar arkaly ýaşlara bilim-ylym öwretmek işlerini has-da kämilleşdirmek üçin döredýän mümkinçilikleri giň gerime eýe bolýar. Sözüň doly manysynda ýurdumyzyň bilim binýadynyň belentlikleri ata Watanymyzy ösüşlere besleýär. Döwrebap özgerişlere beslenýän Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen bilim ulgamynda eýelenýän sepgitler, gazanylýan üstünlikler ýurdumyzy ösüşiň täze belentliklerine çykarýar. Bu bolsa ýaşlaryň üstünlik gazanmaklaryna oňat täsir edýär. Ynha, şu ýylyň 27-nji dekabrynda Aşgabat şäherindäki Söwda-senagat edarasynyň binasynda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahatda, sergilerde belent üstünlikler giňişleýin beýan ediler. Bu bolsa ata Watanymyzyň geljeginiň has-da ösüşli we röwşen boljakdygyny aýdyň beýan edýär.

Türkmen ýaşlaryna ylym-bilim öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, beýik işleri üstünliklere beslensin!

Wepa ÇARYÝEW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Ulaglar fakultetiniň Howa hereketiniň dolandyrylyşy hünäriniň 5-nji ýyl talyby.

16828e9089dae2.jpeg
GADYMY TÜRKMEN TOPRAGY – ADAMZADYŇ GYMMATLY HAZYNASY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan baý ruhy hem-de taryhy-medeni mirasy, milli däpleri aýawly saklamak, giňden wagyz etmek ýörelgesi türkmen halkyny dünýäniň beýleki ýurtlarynyň halklary bilen ruhy taýdan has-da jebisleşdirýär. Taryhçylaryň bellemeklerine görä, türkmen topragynda bina edilen köpsanly ýadygärlikler adamzadyň gymmatly hazynasydyr.


16828e872d720e.jpeg
AKYLDAR ŞAHYRYŇ ŞYGRYÝET MIRASY

Magtymguly Pyragynyň şygryýeti egsilmeýän derýa, ruhy teşnelikden gandyrýan güzer kimin ynsanyýeti agzybirlige, päklige, halallyga çagyrýar. Hut şonuň üçin-de söz ussadynyň her bir setiri durmuş şamçyragy bolup kalplara ornaýar. Magtymguly Pyragy sözüň egsilmez güýji we gudraty bilen şygryýet äleminde ady Arşa galyp, milli derejä göterilen akyldar şahyrdyr. Dana şahyrymyzyň paýhasa ýugrulan döredijiliginde nesil terbiýesine degişli şygyrlara uly orun degişlidir.


16828e79d0aab4.jpeg
BAŞ KANUNYMYZ HEM-DE ÝAŞYL BAÝDAGYMYZ TÜRKMEN HALKYNYŇ RUHY BITEWILIGINIŇ NYŞANLARYDYR

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň hukuk ulgamynda amala aşyrýan özgertmeleri diňe bir öz raýatlarymyzy buýsandyrmak bilen çäklenmän, eýsem  dünýä bileleşigi tarapyndan hem gyzgyn goldanylýar. Ata Watanymyzda kanunyň abraýyny has-da belende göterýär, onuň rüstemligini ykrar edýär.


16828e4589b060.jpeg
ROWAÇLYGYŇ HEM AGZYBIRLIGIŇ SAZLAŞYGY

Täze Galkynyşyň batly gadamlary bilen bagtyýarlyk nuruny boldan eçilýän ýurdumyzda belentden parlaýan Ýaşyl Tugumyzyň astynda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýokary depginlerini we giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegini, bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegini, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara derejesindäki abraýynyň barha artmagyny yzygiderli üpjün etmekde ýurdumyzda hereket edýän hukuk namalaryna esasy orun degişlidir.


16828e2f1b58f9.jpeg
DÖWLETLILIGIŇ HEM ASUDALYGYŇ NYŞANLARY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň her bir güni toý-baýramlara, ýatdan çykmajak pursatlara, taryhy wakalara beslenýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň jemgyýetçilik gurluşynyň köpasyrlyk tejribesine esaslanýan, halkymyzyň milli ýörelgelerini özünde jemleýän berk binýatdyr.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.