Bilimli ýaşlar — Watanyň daýanjy we berkararlygyň binýady

24-12-23

Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ösüp gelýän ýaş nesilleri milli ruhda terbiýelemek, olara döwrebap usulda bilim bermek, ylmy gözleglere ugrukdyrmak, saýlap alan hünäriniň hakyky eýeleri bolup ýetişmeklerini üpjün etmek döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlendi. Bu asylly işe örän jogapkärli çemeleşýän bilim işgärleriniň alyp barýan işlerini bellemek gerek. Şu nukdaýnazardan, ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyny kämilleşdirmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Şonuň esasynda, häzirki wagtda dünýäniň ylmy-innowasion, ruhy-medeni babatda öňdebaryjy tejribeleri giňden öwrenilýär we ösen talaplara laýyklykda okuw maksatnamalary işlenilip düzülýär hem-de okuw kitaplary, gollanmalary taýýarlanylýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwrebap hünärmenleri, şol sanda daşary ýurt dillerini suwara bilýän dürli ugurlardan ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak esasy ugurlaryň biridir. Hormatly Prezidentimiziň: «Bilimleri, ylmyň dürli ugurlaryny özleşdirmek, il-ýurda mynasyp gulluk etmek beýik mertebedir. Ylym we bilim adama durmuş ýolunda üstünlik, abraý, sylag-hormat getirýän gymmatlykdyr, biziň şöhratly geçmişimizdir, bagtyýar şu günümizdir hem-de nurana geljegimizdir» diýen parasatly sözlerinden ugur alyp, häzirki döwürde ylym-bilim ulgamyny kämilleşdirmekde täze maglumat tehnologiýalaryny ulanmak zerurdyr. Sanly bilim ulgamyny durmuşa ornaşdyrmak bilen bilimiň hilini ýokarlandyrmaga, dürli ylmy-amaly maslahatlary geçirmäge giň mümkinçilikler döredilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde ylymly-bilimli, watansöýüji, ynsanperwer, ýurduň ösüşine mynasyp goşant goşýan kämil nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek hem-de ýaşlarda ruhy-ahlak gymmatlyklaryny kemala getirmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek maksady bilen dürli çäreler, okuw maslahatlary geçirilýär. Bu okuw maslahatlaryna ýokary okuw mekdeplerinden zehinli talyplar gatnaşýarlar.

Ýüz ýyllyklaryň dowamynda halkymyz tarapyndan döredilen terbiýe mekdebiniň özeninde milli ruhy gymmatlyklar, watansöýüjilik ýaly asylly ýörelgeler bar. Bu günki günde ýaşlary terbiýelemek, jemgyýete wepaly,zähmetsöýer, döwrüň ösen innowasion enjamlaryndan, sanly ulgamdan ussatlyk bilen baş çykarýan ylymly-bilimli, ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösüşlerine mynasyp goşant goşýan kämil nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek häzirki döwrüň möhüm meselesi bolup durýar. Bu günki ýaş nesiller biziň geljegimizdir, belent maksatlary durmuşa geçirjek geljekki hünärmenlerdir. Geljekde döwletimiziň ösüşleri, jemgyýetimiziň sagdynlygy şu günki ýaşlara berýän terbiýämize bagly bolup durýar. Şonuň üçin hem hormatly Prezidentimiz nesil terbiýesini döwlet syýasatynyň möhüm ugry hökmünde öňe çykaryp, ýaş raýatlarymyza aýratyn üns berýär. Häzirki ajaýyp döwrümizde bagtyýar ýaşlar özleri üçin döredilýän giň mümkinçiliklere düşünýärler, üns aladany ýakyndan duýýarlar. Ýaş nesliň terbiýe meselesiniň nähili wajypdygyny hormatly Prezidentimiz şeýle belleýär: «Ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemek, olaryň ýokary hilli bilim almagy, döredijilik we sport bilen meşgullanmagy, ukyp-başarnyklaryny doly ýüze çykarmagy üçin ähli şertleri döretmeli».

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň syýasy jemgyýetçilik durmuşynda amala aşyrylýan özgertmelere, dürli jemgyýetçilik çärelerine ýaş nesilleriň işjeň gatnaşdyrylmagy, telekeçilik işlerine giňden çekilmegi döwrebap terbiýäniň esasy ugurlary hökmünde häsiýetlendirilýär. Şeýle hem ýaşlaryň arasynda hünär bäsleşiklerini, sport ýaryşlaryny guramak bilen bagly işleriň giňden alnyp barylmagy aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Bu çärelere gatnaşýan bagtyýar ýaşlarda ýurdumyzyň syýasy jemgyýetçilik durmuşyna gyzyklanmany, ylym-bilim öwrenmäge höwesi görmek bolýar. Munuň özi ýaşlaryň dünýägaraýşynyň ösmegine, sagdyn, kämil, bilimli hünärmenler bolup ýetişmeklerine oňat ýardam edýär.

Häzirki ajaýyp döwrümizde ýaş nesil watançylyk ruhunda terbiýelenýär. Olaryň ýokary hilli bilim almagy, döredijilik we sport bilen meşgullanmagy, ukyp başarnyklaryny ýüze çykarmagy üçin ähli şertler döredilýär. Bagtyýar ýaşlaryň ylym-bilim öwrenmeklerine giň mümkinçilikleri döredýän hormatly Prezidentimiziň jany sag bolsun, beýik işleri rowaçlyklara beslensin!

Süleýman DÖWLETGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň 3-nji ýyl talyby.

Halyla mugallym Merjen SEÝIDOWA,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň  Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy.

16828e9089dae2.jpeg
GADYMY TÜRKMEN TOPRAGY – ADAMZADYŇ GYMMATLY HAZYNASY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan baý ruhy hem-de taryhy-medeni mirasy, milli däpleri aýawly saklamak, giňden wagyz etmek ýörelgesi türkmen halkyny dünýäniň beýleki ýurtlarynyň halklary bilen ruhy taýdan has-da jebisleşdirýär. Taryhçylaryň bellemeklerine görä, türkmen topragynda bina edilen köpsanly ýadygärlikler adamzadyň gymmatly hazynasydyr.


16828e872d720e.jpeg
AKYLDAR ŞAHYRYŇ ŞYGRYÝET MIRASY

Magtymguly Pyragynyň şygryýeti egsilmeýän derýa, ruhy teşnelikden gandyrýan güzer kimin ynsanyýeti agzybirlige, päklige, halallyga çagyrýar. Hut şonuň üçin-de söz ussadynyň her bir setiri durmuş şamçyragy bolup kalplara ornaýar. Magtymguly Pyragy sözüň egsilmez güýji we gudraty bilen şygryýet äleminde ady Arşa galyp, milli derejä göterilen akyldar şahyrdyr. Dana şahyrymyzyň paýhasa ýugrulan döredijiliginde nesil terbiýesine degişli şygyrlara uly orun degişlidir.


16828e79d0aab4.jpeg
BAŞ KANUNYMYZ HEM-DE ÝAŞYL BAÝDAGYMYZ TÜRKMEN HALKYNYŇ RUHY BITEWILIGINIŇ NYŞANLARYDYR

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň hukuk ulgamynda amala aşyrýan özgertmeleri diňe bir öz raýatlarymyzy buýsandyrmak bilen çäklenmän, eýsem  dünýä bileleşigi tarapyndan hem gyzgyn goldanylýar. Ata Watanymyzda kanunyň abraýyny has-da belende göterýär, onuň rüstemligini ykrar edýär.


16828e4589b060.jpeg
ROWAÇLYGYŇ HEM AGZYBIRLIGIŇ SAZLAŞYGY

Täze Galkynyşyň batly gadamlary bilen bagtyýarlyk nuruny boldan eçilýän ýurdumyzda belentden parlaýan Ýaşyl Tugumyzyň astynda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýokary depginlerini we giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegini, bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegini, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara derejesindäki abraýynyň barha artmagyny yzygiderli üpjün etmekde ýurdumyzda hereket edýän hukuk namalaryna esasy orun degişlidir.


16828e2f1b58f9.jpeg
DÖWLETLILIGIŇ HEM ASUDALYGYŇ NYŞANLARY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň her bir güni toý-baýramlara, ýatdan çykmajak pursatlara, taryhy wakalara beslenýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň jemgyýetçilik gurluşynyň köpasyrlyk tejribesine esaslanýan, halkymyzyň milli ýörelgelerini özünde jemleýän berk binýatdyr.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.