Başarjaň ýaşlar — Watanymyzyň şu güni hem geljegi

20-12-23

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň milli bilim ulgamynyň ähli basgançaklaryny, şol sanda ýokary bilim ulgamyny kämilleşdirmek boýunça başyny başlan asylly işleri hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Bu ugurdaky tagallalar, ilkinji nobatda, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklary üçin ýokary hünärli, başarjaň işgärleri kemala getirmäge gönükdirilendir. Şunda geljekki inžener-tehnologlardyr, mehanikleri taýýarlamaga ýöriteleşen Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutyna hem möhüm orun degişli.

Bilşimiz ýaly, «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilen 2023-nji ýyl ýurdumyzyň ýaşlarynyň durmuşynda, umuman, bilim ulgamynda taryhy wakalara örän baý ýyllaryň biri boldy. Ministrler Kabinetiniň 30-njy noýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde şu ýylyň ahyrynda paýtagtymyzda Ýaşlaryň dabaraly maslahatynyň we sergisiniň guraljakdygy barada habar berilmegi hemmeleri örän begendirdi. Şonda hormatly Prezidentimiz bu foruma ýokary derejede taýýarlyk görmek barada anyk tabşyryklary berdi. Häzirki wagtda bolsa Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň dabaraly jemlenmesine öwrüljek foruma güýçli depginde taýýarlyk görülýär. Mälim bolşy ýaly, bu dabarada ýylyň dowamynda ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda geçirilen halkara sport ýaryşlarynda, mekdep okuwçylarynyň ders olimpiadalarynda, talyplaryň bäsleşiklerinde ýeňiji bolanlaryň, ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda zähmet çekip, ýurdumyzyň ösüşine mynasyp goşant goşan ýaşlarymyzyň gazanan üstünlikleriniň jemi jemlener.

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň zehinli ýaşlary hem ýylyň dowamynda milli we halkara derejede geçirilen bäsleşiklerde, sport ýaryşlarynda mynasyp netijeleri görkezdiler. Munuň özi ýaşlarymyzyň diňe bir öz saýlan hünärleri boýunça ýokary derejede bilim alman, eýsem, sagdyn durmuş ýörelgelerini hemra edinip, sport bilen hem işjeň meşgullanýandyklaryny aýdyň görkezýär.

Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanda ýaş raýatlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny, döwlet kepilliklerini üpjün etmäge we olary goldamaga, ýaşlaryň jemgyýetde mynasyp ornuny tapmagyna gönükdirilen syýasy, durmuş-ykdysady, medeni, guramaçylyk, hukuk çärelerini özünde jemleýän döwlet syýasaty amala aşyrylýar. «Bilimli nesil — kuwwatly Watan» diýen şygary dabaralandyrýan ýurdumyzda bilim ulgamyny has-da kämilleşdirmek, giň gözýetimli, innowasion tehnologiýalardan oňat baş çykarýan, başarjaň hünärmenleri taýýarlamak ugrunda uly möçberli işler alnyp barylýar. Iri senagat, ulag-aragatnaşyk desgalary, ýaşaýyş jaýlary bilen bir hatarda, dünýä ülňülerine laýyk gelýän, döwrebap tehniki serişdeler bilen enjamlaşdyrylan ýüzlerçe çagalar baglary, orta we ýokary okuw mekdepleri, sport desgalary, medeniýet öýleri, kitaphanalar, teatrlar, muzeýler gurlup ulanmaga berilýär. Bu işleriň maddy-tehniki binýadyny kämilleşdirmek bilen birlikde degişli kanunlar, maksatnamalardyr konsepsiýalar kabul edilýär. Şunda döwlet Baştutanymyzyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynda ýaşlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň üpjün edilmeginde hem-de kämil şahsyýetler hökmünde kemala gelmeginde döwlet goldawynyň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşine gol çekmegi uly ähmiýete eýedir. Kanunyň taslamasy taýýarlananda, Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň sebitlerinde ýaşlar bilen duşuşyp, olaryň pikirlerini, tekliplerini diňländigi aýratyn bellärliklidir.

Gazanylýan şeýle guwandyryjy üstünlikler ýurdumyzda ýaşlary goldamak, höweslendirmek, olaryň öz ukyp-başarnyklaryny, zehinlerini açyp görkezmekleri üçin döredilýän giň mümkinçilikleriň, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen ýaşlaryna bildirýän uly ynamynyň ajaýyp miweleridir.

Aýlar DÄDEBAÝEWA,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň 5-nji ýyl talyby.

16828e9089dae2.jpeg
GADYMY TÜRKMEN TOPRAGY – ADAMZADYŇ GYMMATLY HAZYNASY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan baý ruhy hem-de taryhy-medeni mirasy, milli däpleri aýawly saklamak, giňden wagyz etmek ýörelgesi türkmen halkyny dünýäniň beýleki ýurtlarynyň halklary bilen ruhy taýdan has-da jebisleşdirýär. Taryhçylaryň bellemeklerine görä, türkmen topragynda bina edilen köpsanly ýadygärlikler adamzadyň gymmatly hazynasydyr.


16828e872d720e.jpeg
AKYLDAR ŞAHYRYŇ ŞYGRYÝET MIRASY

Magtymguly Pyragynyň şygryýeti egsilmeýän derýa, ruhy teşnelikden gandyrýan güzer kimin ynsanyýeti agzybirlige, päklige, halallyga çagyrýar. Hut şonuň üçin-de söz ussadynyň her bir setiri durmuş şamçyragy bolup kalplara ornaýar. Magtymguly Pyragy sözüň egsilmez güýji we gudraty bilen şygryýet äleminde ady Arşa galyp, milli derejä göterilen akyldar şahyrdyr. Dana şahyrymyzyň paýhasa ýugrulan döredijiliginde nesil terbiýesine degişli şygyrlara uly orun degişlidir.


16828e79d0aab4.jpeg
BAŞ KANUNYMYZ HEM-DE ÝAŞYL BAÝDAGYMYZ TÜRKMEN HALKYNYŇ RUHY BITEWILIGINIŇ NYŞANLARYDYR

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň hukuk ulgamynda amala aşyrýan özgertmeleri diňe bir öz raýatlarymyzy buýsandyrmak bilen çäklenmän, eýsem  dünýä bileleşigi tarapyndan hem gyzgyn goldanylýar. Ata Watanymyzda kanunyň abraýyny has-da belende göterýär, onuň rüstemligini ykrar edýär.


16828e4589b060.jpeg
ROWAÇLYGYŇ HEM AGZYBIRLIGIŇ SAZLAŞYGY

Täze Galkynyşyň batly gadamlary bilen bagtyýarlyk nuruny boldan eçilýän ýurdumyzda belentden parlaýan Ýaşyl Tugumyzyň astynda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýokary depginlerini we giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegini, bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegini, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara derejesindäki abraýynyň barha artmagyny yzygiderli üpjün etmekde ýurdumyzda hereket edýän hukuk namalaryna esasy orun degişlidir.


16828e2f1b58f9.jpeg
DÖWLETLILIGIŇ HEM ASUDALYGYŇ NYŞANLARY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň her bir güni toý-baýramlara, ýatdan çykmajak pursatlara, taryhy wakalara beslenýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň jemgyýetçilik gurluşynyň köpasyrlyk tejribesine esaslanýan, halkymyzyň milli ýörelgelerini özünde jemleýän berk binýatdyr.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.