Mukaddeslige eýlenen ebedi ýörelge

28-05-22

Mukaddeslik hakynda söz açylanda, eziz Arkadagymyzyň “Enä tagzym – mukaddeslige tagzym”  atly ajaýyp eseriniň many bossany kalbyňa dolýar. Ajaýyp eseriň ilkinji senaly setirleri “Sözden başlanýan ägirtlik” diýen ajaýyp jümlelerden başlanýar. Ägirtlik “ene” diýlen jümlede jemlenilen. Eziz Arkadagymyzyň pähim-parasatly we öňdengörüjilikli durmuş syýasatynyň amala aşyrylmagynyň netijesinde, ýurdumyzda eneleriň arzuwy hasyl bolýar. Olar perzentleriniň bagtyýarlygyna  guwanyp, durmuşyň hözirini görüp ýaşaýarlar.

“Wagtyň mizanynda «ulalmak» düýpli maksady – «gowy adam» bolmak islegini aňladýar” diýip, eziz Arkadagymyz “Enä tagzym – mukaddeslige tagzym”  atly gymmatly eseriniň ilkinji sahypalarynda belleýär. Şunuň özi mynasyp nesilleriň kemala gelmeginde eneleriň ornuny has beýgeldýär. Olaryň esasy umydy bolsa, perzendiniň uly adam,  il-güne gerekli adam bolmagynda jemlenilýär. 

Zenanlaryň mertebesi, arzuwlary, yhlasy olaryň maşgala mukaddesligine goýýan ebedi sarpasynyň beýanydyr. Ýürekleri buýsançdan doly türkmen zenanlary Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň ertiniň has abadan bolmagy hakynda aladalanýan mynasyp nesilleri terbiýeläp ýetişdirmegiň esasy daýanjy hasap edilýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhammedow Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlaryna eýerip ata-babalarymyzyň iň asylly adamkärçilik ýörelgelerine ygrarly nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekde zenan maşgalalaryň ornuna uly baha berýär. Şonuň özi zenanlaryň jemgyýetiň ösüşine has jogapkärli çemeleşip, Watanymyzyň geljegi hakynda has düýpli aladalanmagyny esasy ýörelge hökmünde öňe çykarýar. Ata-babalarymyzyň baý ruhy-ahlak mirasyna, gözellik hakyndaky garaýyşlaryna eýerýän ýaş türkmenistanlylaryň kemala gelmeginde zenanlar jemgyýetde möhüm orny eýeleýärler. Belent mertebeli Prezidentimiziň zenanlara goýýan sarpasy, bu ajaýyp eserine siňdiren çuňňur paýhasly pikirleri olar üçin, egsilmez ruhy binýat bolup durýar. Hormatly Prezidentimize  zenanlaryň alkyşy bimöçber uly, olar özleriniň ata-babalarymyzyň milli terbiýeçilik ulgamynyň gymmatly hazynasynyň durmuş ýörelgeleriniň geljege ýetirilmegi hakyndaky aladalary bilen, özleriniň türkmen zenany diýen mertebä buýsanjyny aýan edýärler.

Enelere bagyşlanan ajaýyp eserinde “Ene toprak, ata Watan, bular mukaddeslik. Il-halkymyzyň ynamynda enäniň yhlasy bilen mährine eýlenip bişirilýän barmak yzly mele çörek, saçak, tamdyr, duz-tagam mukaddeslik hasap edilýär. Enä hormat goýşumyz ýaly,  bu mukaddesliklere hem hormat goýýarys” diýýän Gahryman Arkadagymyz halkymyzyň bu mukaddeslikler bilen baglanyşykly yrym-ynançlarynyň hem durmuşdaky ornunyň ähmiýetini has-da beýgeldýär. 

Tamdyr we hamyrmaýa, çörek bilen baglanyşykly yrym-ynançlar  durmuşymyza ykjam ornaşyp gidipdir. Ýaňy eline iňňe alyp, gaýamagy, keşde çekmegi ýa-da kiçijik halyçany ýüwürdip, haly dokamagy öwrenýän gyzjagaz özüniň ilkinji işini “Ot ýaly bolaýyn!” diýip, tamdyryň oduna oklap goýberýär. Gyzjagazlaryň hünär babatdaky ilkinji özbaşdak synanyşygynyň alamaty bolan kiçijik mata böleginiň ýüzüne gaýalan nagyşjagaz ýa-da çitilip, darak kakylyp synag üçin ýüwürdilen halyçajyk “Suw ýaly bolaýyn” diýip akar suwa hem akdyrylyp goýberilýär. Gyzjagaz özüniň ot ýaly dogumly, suw ýaly öndümli boljakdygyna ynanýar. Ilkinji synanyşykdan soň, gyzjagaza hakyky keşdeçi ýa-da halyçy hökmünde  aýratyn bir iş başlanylyp berilýär. Ol hem özüniň ilkinji eden işini obanyň iň ökde, eli çeper ýaşuly zenanyna sowgat berýär. Ýa-da ilkinji synanyşygyň netijesine baha berer ýaly, ol iň ýakynlaryňdan bolan ýaşuly  zenana sowgat berilýär.

Aglak çaga tamdyryň daşyndan aýlanylýar. Halk içinde ol şondan soň köşeşip, aglaklygyny goýýar diýen ynam bar.

Tamdyr arassa ýer saýlanyp salynýar. Tamdyryň töweregi hem päkize bolmaly. Şonuň üçin tamdyra  salynýan odunlyk hem seljerilip salynýar. Sebäbi meýdandan ýygnalan dürli ösümlikleriň  odunlyk galyndylary üýşürilip, tamdyrtowulyk edilende, çöregiň tagamy üýtgeşik burk urýar.

Tamdyra, saçaga, çörege mukaddeslik hökmünde garaýan il-halkymyzda ene hüwdüsiniň gudratyna hem hiç bir zat deňelmeýär. Eziz Arkadagymyzyň eneler hakyndaky çuň manyly eserinde: “Hüwdüde aýratyn uly ýakymlylyk, mähir bar. Dünýäde iň kämil döredilen eser hem bu ene hüwdüsidir. Sebäbi onda ýürek  arzuwlary ýaşaýar. Ýüregiňi goýup döredilen sungat eseri bolsa, nusgalyk esere öwrülýär” diýip beýan edýär.

Hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň dürli ugurlarynda alnyp barylýan taýsyz uly ähmiýetli işleriň asylky manysy maşgala hakdaky çuňňur alada bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Maşgala bolsa eneleriň dünýäsine ýagty çaýýan gymmatlykdyr. Garaşsyz, eziz Diýarymyzda adam baradaky alada esasy alada bolup, munuň özi maşgala gymmatlygyna goýulýan hormat, sarpa bilen utgaşýar. Her bir ynsan üçinem bagtyýarlygyň çeşmesi  maşgalada agzybirligiň, rysgalyň, döwletiň höküm sürmeginden başlanýar.   

Häzirki ösen zamanyň iň möhüm wezipesi bolan sagdyn jemgyýeti kemala getirmeklik ilki bilen sagdyn maşgalany döretmeklik maksadyndan ugur alýar. Sagdyn maşgala – ertirki gün sagdyn jemgyýet. Maşgala abadan, bolelin, parahat ýaşanda tutuş jemgyýetiň durmuşy özgerýär.

Türkmençilikde adama baha bermezden öňürti onuň maşgalasynyň nähilidigi soralýar. Bir maşgalada dowam edip gelýän asylly ýörelgeleri ýene nesiller aýlanyp dowam etdirmeklik her bir ynsan üçin borç bolup durýar. Maşgala adatlary, edähetleri näçe göwnejaý, maksadalaýyk dowam etdirilse, şeýle maşgalalar hemişe köpçüligiň sylag-mertebesine mynasyp bolýarlar. Şeýlelikde olar tutuş jemgyýetde asylly ýörelgeleri ertirki nesillere ýetirmegiň ajaýyp göreldesini görkezýärler.

Häzirki döwürde biz milli gymmatlyklarymyzyň dünýä derejesine çykýan zamanynda ýaşaýarys. Arkadagly Serdarymyzyň aladasy bilen türkmen milli däp-dessurlary, edep kada-kanunlary, edahetleri, şeýle-de   sungatymyz bilen birlikde milli lybaslarymyz has baýlaşdyrylýar. Bu bolsa, milli ruhy ýörelgeleriň, däp-dessurlaryň  özboluşly  many aýratynlygyny, onuň adamsöýüjilik ýörelgeleri bilen umumylygyny açyp görkezmäge giň mümkinçilik berýär.  Eziz Arkadagymyzyň “Enä tagzym – mukaddeslige tagzym” atly ajaýyp eserinde bu barada şeýle dürdäne setirler bar: “Halkymyzyň ata-babadan bäri dowam edip gelýän däp-dessurlarynda maşgala saýlamak edähetiniň inçeligi hem geljekki nesilleri barasyndaky aladanyň nyşany”. 

Eseri many bossany kalbymyza mukaddeslik bolup ornan  ýörelgeleriň edebiligini aýan edýär. Çünki eziz Arkadagymyzyň ajaýyp kitabynda ündelýän çuň mazmunly ýörelgeler ýüregiň aramyna öwrülip, ýakymly mukam bolup owazlanýar. Göý, il-ulsumyza ajaýyp eserleri serpaý edýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, başy dik bolsun! Watanymyzyň at-abraýy has beýgelsin!  

Ogulbaýram HATJYÝEWA,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň mugallymy.

169b7957ac0225.jpeg
Türkmenistan Serbiýada geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Serbiýa Respublikasynyň Belgrad şäherinde geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine Türkmenistanyň ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.


1698ac322c0d63.jpeg
BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ilçileri bilen duşuşyk geçirildi

2026-njy ýylyň 9-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Türkmenistandaky Ilçileri bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.  


MILLI ÝÖRELGELER DOWAMAT-DOWAM

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda halkymyzyň şöhratly taryhyny we baý medeni mirasyny aýawly saklamak hem-de bütin dünýäde giňden wagyz etmek wezipesi üns merkezinde durýar.


BEDEW BATLY ROWAÇ ÝYL

Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz bedew bady bilen öňe barýar. 2026-njy «Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at myradyň mekany» ýylyna uly ynam, belent ruh bilen gadam basdyk. Türkmen halkymyzyň uçar ganaty bolan behişdi bedewlerimiziň şöhratly taryhymyzdan şu günimize çenli gelip ýeten şan-şöhraty egsilmezdir.


TÜRKMEN TOPRAGY DERMANLYK ÖSÜMLIKLERE BAÝ TOPRAK

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasy, egsilmez yhlasy bilen ýurdumyzda halkymyzyň eşretli ýaşaýşyna gönükdirilen giň gerimli özgertmeler, asylly başlangyçlar, tutumly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini wagyz etmek bilen bagly wezipäniň täze çemeleşmeleri talap edýändigi mälimdir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.