Türkmen halkynyň maddy-ruhy medeniýetini öwrenen alym.

28-05-22

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary bilen häzirki bagtyýar zamanamyzda merdana halkymyzyň baý maddy-ruhy medeniýetiniň öwrenilmegine, dikeldilmegine, goralyp saklanylmagyna uly üns berilýär. Soňky ýyllarda bu ugurda köp işleri bitiren alymlarymyzyň ylmy mirasynyň sarpalanýandygy, wagyz edilýändigi-de diýseň begendirýär.

Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitabynda şeýle belleýär: “Ylymsyz durmuşyň manysy bolmaz. Ylym yzygiderli öwrenilýän we özleşdirilýän baýlykdyr. Adamlar asyrlaryň dowamynda ylym öwrenip, äpet uly ylym daragtyny kemala getiripdirler”. Şeýle parasatly sözlerden görnüşi ýaly, ylym ynsan durmuşynyň manysy, adamzadyň baýlygy bolup durýar.

Türkmen halkynyň taryhyny, etnografiýasyny çuňňur öwrenen zehinli alymlarymyzyň biri-de taryh ylymlarynyň doktory, professor Annadurdy Orazowdyr (1931-1998ý). Alym 1931-nji ýylda Mary şäherinde dünýä inýär. Ol ilki Mary şäherindäki mugallymçylyk mekdebinde okaýar, soňra Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň taryh fakultetine okuwa girýär. Baryp talyplyk ýyllaryndan başlap ekerançylygyň we maldarçylygyň gadymy ýörelgelerini, däp-dessurlary boýunça etnografiýa maglumatlaryny içgin öwrenip başlaýar.

1955-nji ýylda Annadurdy Orazow Moskwanyň M.Lomonosow adyndaky döwlet uniwersitetiniň taryh bölümine etnografiýa ugry boýunça aspirantura girýär we üstünlikli tamamlaýar. Şol döwürden başlap ylym älemine ymykly gadam basýar. Alym 1962-nji ýylda G.Ý.Markowyň ýolbaşçylygynda “XIX asyryň ahyry -     XX asyryň başynda Balkan sebitiniň türkmenleri” temadan kandidatlyk, 1985-nji ýylda  “XIX asyryň ahyry - XX asyryň başynda türkmenleriň maldarçylyk hojalygy” atly tema boýunça doktorlyk dissertasiýasyny üstünlikli goraýar.

1967-1997-nji ýyllarda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň taryh institutynyň etnografiýa bölümine ýolbaşçylyk edýär. Alymyň başlangyjy bilen hem-de jogapkär redaktor bolmagynda türkmen etnografiýasynyň dürli ugurlaryna degişli temalary öz içine alýan maglumatlaryň esasynda 8 sany ylmy makalalar ýygyndysy çap edilýär. Şeýle-de alymyň 60-dan gowrak ylmy makalasy we habarlary, 3 sany kitaby neşir edildi.

Alym ylmy gözleglerinde Balkan sebitiniň ilatynyň etnografik aýratynlyklary şeýle hem Türkmenistanyň Günorta we Gündogar künjeklerinde, has takygy Sumbar we Çendir jülgelerinde, Ahal welaýatynyň dürli etraplarynda ýaşaýan gadymy ilatyň hojalyk ýörediş aýratynlyklaryny içgin öwrenýär. Mundan başga-da A.Orazowyň ylmy işlerinde ekerançylyk we maldarçylyk hojalyklary bilen bagly nakyllardyr atalar sözleri öz beýanyny tapypdyr. 

Etnograf alym  A.Orazowyň saldamly işleriniň biri  “XIX-XX asyryň başlarynda türkmenlerde maldarçylyk” (Скотоводство у туркмен в XIX – начале XX в)  atly kitaby 1995-nji ýylda Aşgabatda çapdan çykdy. Bu uly göwrümli iş “Tebigy şertleri we hojalygy”, “Türkmenleriň maldarçylyk hojalygynyň taryhyndan”, “Maldarçylyk tipologiýasynyň meseleleri”, “Öý mallarynyň sany we olar bilen baglanyşykly halk adalgalary”, “XIX-XX asyryň başlarynda maldarçylyk hojalygynyň düzüminiň öwrenilişi”, “Ekerançylaryň-maldarlaryň oturymlylyga geçiş meseleleri” ýaly baplardan ybarat. Bu kitapda  XIX-XX asyryň başlarynda türkmenleriň maldarçylyk hojalygy baradaky maglumatlar çap edilýär.

Alymyň “Türkmenleriň ekerançylyk we maldarçylyk bilen baglanyşykly däp-dessurlary, adatlary we baýramçylyklary” atly makalasy 1993-nji ýylda neşir edilen “Türkmenistanyň Etnografiýasy” (“Этнография Туркменистана”) kitabynda çap boldy. Makalada oba hojalyk işleri, suwarymly ýerlerde hasyl ýetişdirmek we ýaýla durmuş ýörelgeleri bilen bagly toý dabaralary, köpçülikleýin çäreler, şeýle hem halkymyzyň ruhy dünýäsini gözelleşdiren gadymy däp-dessurlar barada ähmiýetli maglumatlar baýan edilýär.

Arkadagly Serdarymyz türkmen halkynyň milli mirasyna, edebiýatyna, ylmyna, sungatyna, medeniýetine, ata-babalarymyzdan gelýän däp-dessurlaryna we ýörelgelerine uly hormat goýýar. Şondan ugur alyp biz talyp ýaşlar hem medeni mirasymyzy ösdürmekde we ony dünýä ýaýmakda öz zähmetimizi gaýgyrmaly däldiris.

Mahfuza ATAJANOWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Taryh fakultetiniň 5-nji ýyl talyby.

169b7957ac0225.jpeg
Türkmenistan Serbiýada geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Serbiýa Respublikasynyň Belgrad şäherinde geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine Türkmenistanyň ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.


1698ac322c0d63.jpeg
BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ilçileri bilen duşuşyk geçirildi

2026-njy ýylyň 9-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Türkmenistandaky Ilçileri bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.  


MILLI ÝÖRELGELER DOWAMAT-DOWAM

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda halkymyzyň şöhratly taryhyny we baý medeni mirasyny aýawly saklamak hem-de bütin dünýäde giňden wagyz etmek wezipesi üns merkezinde durýar.


BEDEW BATLY ROWAÇ ÝYL

Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz bedew bady bilen öňe barýar. 2026-njy «Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at myradyň mekany» ýylyna uly ynam, belent ruh bilen gadam basdyk. Türkmen halkymyzyň uçar ganaty bolan behişdi bedewlerimiziň şöhratly taryhymyzdan şu günimize çenli gelip ýeten şan-şöhraty egsilmezdir.


TÜRKMEN TOPRAGY DERMANLYK ÖSÜMLIKLERE BAÝ TOPRAK

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasy, egsilmez yhlasy bilen ýurdumyzda halkymyzyň eşretli ýaşaýşyna gönükdirilen giň gerimli özgertmeler, asylly başlangyçlar, tutumly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini wagyz etmek bilen bagly wezipäniň täze çemeleşmeleri talap edýändigi mälimdir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.